Ï Türkmenistanyň wekiliýeti AHHG-nyň müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekiliýeti AHHG-nyň müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy

view-icon 3694
Türkmenistanyň wekiliýeti AHHG-nyň müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy

2023-nji ýylyň 5-nji iýunynda Duşenbe şäherinde Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň (AHHG) Müdiriýetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň DIM-i habar berýär.

Çärä gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary A.O.Ýazmyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli türkmen wekiliýeti Täjigistana sapar bilen geldi.

Nobatdaky mejlise şonuň ýaly-da, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli wekiliýetleri, AHHG-ny esaslandyryjy-döwletleriň beýleki resmi wekilleri, AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzalary, şeýle-de AHHG-nyň düzüm birlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Müdiriýetiň agzalaryna Täjigistanyň başlyklyk eden döwründe AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň alyp baran işleri, Aral deňziniň sebitindäki ýurtlara kömek bermek boýunça hereketleriň 4-nji Meýilnamasynyň (PBAM-4) taslamalarynyň durmuşa geçirilişi, AHHG-nyň guramaçylyk gurluşynyň we şertnama-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi boýunça Iş toparynyň alyp baran işleriniň netijeleri barada, AHHG-nyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýubileý çäreleriniň guramaçylygy we geçirilişi, 2023-nji ýylyň 14-15-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilen AHHG-nyň esaslandyryjy-döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine görülýän taýýarlyklar we beýleki derwaýys ugurlar boýunça giňişleýin maglumat berdi.

Şeýle-de çykyş edenler AHHG-nyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglary alyşdylar we geçen döwür içinde bu sebitleýin düzümiň gazanan sepgitlerine seredip geçdiler.

AHHG-nyň Müdiriýetiniň mejlisi Müdiriýetiň birnäçe çözgütlerine gol çekmek dabarasy bilen tamamlandy.

Täjigistana iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti 2023-nji ýylyň 5-7-nji iýuny aralygynda Duşenbede AHHG-nyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek «Merkezi Aziýa: güýçli sebitleýin institut arkaly durnukly geljege tarap» atly Halkara maslahatyň işine hem gatnaşar.