Ï Türkmenistan özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýär

view-icon 3123

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ykdysady ösüşi we durmuş abadançylygyny üpjün etmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalardyr taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 29-njy maýda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmegiň meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna seredildi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Galla oragynyň guramaçylykly geçirilmegi üçin däne ýygýan kombaýnlar, bugdaý daşajak awtoulaglar we galla kabul ediş bölümleri taýýar edildi. Ýeralmadan, sogandan, beýleki gök-bakja ekinlerinden bol hasyl almak hem-de bu önümler bilen ýurdumyzyň bazarlaryny bolelin üpjün etmek maksady bilen, bu ýazlyk ekinlere ideg işleri geçirilýär. Pile taýýarlamak boýunça meýilnamany ýerine ýetirmek üçin ähli zerur tagallalar edilýär. Daşoguz welaýatynda şaly ekişi ýokary depginlerde dowam edýär.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juny kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda himiýa senagatynyň hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryň biridigi, koreý hyzmatdaşlarynyň himiýa senagatyny ösdürmek, hususan-da, fosfor, ammiak hem-de karbamid dökünlerini öndürmek boýunça taslamalary düzmek we olary gurmak boýunça tekliplerine Türkmenistanyň garamaga taýýardygy bellenildi. Mundan başga-da, ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleri nazara almak bilen, koreý kompaniýalarynyň şäher gurluşygynda, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda ýokary tehnologiýalary ulanmak boýunça toplan öňdebaryjy tejribesiniň biziň ýurdumyzda uly gyzyklanma döredýändigi nygtaldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jong Won-ju bilen geçiren duşuşygynda hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

29-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça ýörite wekili Jon Kerri bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Döwlet Baştutanymyz we ABŞ-nyň Prezidentiniň ýörite wekili howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ulgamynda iki döwletiň garaýyşlaryndan ugur alyp, möhüm ekologik meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek strategiýasyny durmuşa geçirýän ýurdumyz nebitgaz, energetika, ulag we beýleki pudaklarda ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy ýokary tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagyny ugur edinýär. Türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýa üçin howanyň üýtgemegi boýunça tehnologiýalaryň sebit merkeziniň açylmagy meýilleşdirilýär. Ol howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we onuň ýetirýän täsirlerini azaltmak boýunça netijeli hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat eder.

1-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna berlen “EcoPorts” güwänamalaryny gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiz abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysyny ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze binasynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady we degişli güwänamalary gowşurandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Munuň özi ekologiýa babatda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň hyzmatdaşlygynyň anyk netijelere gönükdirilendiginiň subutnamasydyr. Halkara syýasat we howpsuzlyk aýratyn üns çekilen mesele boldy. Şunuň bilen baglylykda, ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde, özara ynanyşmagy pugtalandyrmakda we netijeli dialogy ilerletmekde syýasy-diplomatik mehanizmlere aýratyn ähmiýet berilýändigi nygtaldy. Söhbetdeşligiň barşynda ileri tutulýan ugurlarda, hususan-da, üstaşyr ulag ulgamynda, demokratik institutlaryň işini kämilleşdirmek, adam hukuklaryny we azatlyklaryny, gender deňligini üpjün etmek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň täze edara binasynyň açylyş dabarasyna ÝHHG-niň Baş sekretary, bu guramanyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, ýurdumyzdaky daşary ýurt ilçihanalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Aşgabat şäher häkimliginiň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda Bitarap Türkmenistanyň döwrüň möhüm meseleleri boýunça halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge pugta ygrarlydygy bellenildi. Ählumumy parahatçylygyň üpjün edilmegi, durnuklylygyň we howpsuzlygyň esaslarynyň pugtalandyrylmagy, BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegi şol meseleleriň hataryndadyr.

ÝHHG-niň Baş sekretary hanym Helga Şmidiň Türkmenistanyň Mejlisinde, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory bilen geçiren duşuşyklarynda halkara guramalar, şol sanda ÝHHG bilen ýola goýlan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek, daşary ýurtlar, iri halkara düzümler, şol sanda Bütindünýä Söwda Guramasy bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek, Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek, birža söwdasyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Şeýle-de ýurdumyzyň ýüpekçileriniň pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habar aýdyldy.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli 24 — 29-njy iýunda ýurdumyzda geçiriljek Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligine görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi. Mejlisiň barşynda daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işler barada hem hasabat berildi. Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Aralýaka sebitiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda tokaý-gorag zolaklaryny döretmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda bu sebitlerde tokaý zolaklarynyň dörediljek ýerlerini, ekiljek bag nahallarynyň görnüşlerini kesgitlemek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça giň möçberli taslamany durmuşa geçirmegiň barşy barada habar berildi. Bu taslamanyň birinji tapgyrynda Ahal — Balkan ugry boýunça ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisi çekildi. Bu işler ýurdumyzyň energogurluşykçylary tarapyndan amala aşyryldy. Häzirki wagtda Balkan — Daşoguz we Ahal — Mary ugurlary boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijileriniň hem-de ugurdaş podstansiýalaryň gurluşyk işleri ýokary depginlerde dowam etdirilýär. Bu desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenilen möhletlerde tamamlanmagy üçin ähli zerur çäreler görülýär.

Şeýle-de mejlisde türkmenistanly ýaşlaryň daşary ýurtlaryň ýaşlary bilen ykdysady, medeni, ylym-bilim, sport we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň işlenilip taýýarlanylýandygy barada hasabat berildi. Ýaşlar parlamentarizmini ösdürmek, ýaşlary Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge çekmek, olaryň halkara meýletinçilik taslamalaryna we maksatnamalara gatnaşmagyny höweslendirmek, ýaşlar telekeçiligi ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek, Türkmenistanyň taryhyny, medeniýetini, häzirki zaman gazananlaryny dünýä derejesinde wagyz etmek boýunça bäsleşikleri guramak hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mejlisde gol çeken Kararlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni barada Ähtnamany işläp düzmek boýunça iş topary, Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça Türkmenistanyň pudagara topary döredildi, şeýle hem Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG tarapyndan 2018-nji ýylda esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni mynasybetli 3-nji iýunda ýurdumyzda däp bolan köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirildi. Paýtagtymyzdaky köpçülikleýin welosipedli ýörişiň kerweniniň öňüni hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çekdi.

Welosipedli ýöriş Çandybil şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň kesişýän ýerindäki “Welosiped” binasyndan badalga alyp, oňa gatnaşyjylar paýtagtymyzyň gözel şaýollary boýunça Ruhyýet köşgüne çenli aralygy welosipedli geçdiler. Ýörişiň geçýän ugry boýunça döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren joşgunly çykyşlary oňa gatnaşyjylaryň ruhuny belende göterdi. Şol gün tutuş ýurdumyz boýunça dürli sport, bedenterbiýe-sagaldyş çäreleri ýaýbaňlandyryldy.

3-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türk tarapynyň çakylygy boýunça Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanan Prezidenti hökmünde wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy.

Dabaranyň öň ýanynda bolan söhbetdeşlikde döwlet Baştutanymyz türk Liderini nobatdaky Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanmagy bilen gutlady we ýokary döwlet wezipesine resmi taýdan girişmegi mynasybetli iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan doganlyk döwletiň Baştutanyna Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny hem ýetirdi.

30-31-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran iki günlük iş sapary geçen hepdäniň möhüm wakalarynyň hatarynda boldy.

Tähran şäherindäki “Saadabad” toplumynyň “Jumhuri” köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň EYR-nyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda yzygiderli ösdürilýän türkmen-eýran gatnaşyklarynyň meseleleriniň tutuş toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Geçirilen gepleşikler iki ýurduň däp bolan dostluga esaslanýan halkara dialoga berk ygrarlydygyny görkezdi. Duşuşygyň jemleri boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy, ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi. Şolaryň hatarynda elektroenergetika, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnamalar, daşary syýasat edaralarynyň, gümrük düzümleriniň arasynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen Maksatnamalar bar. Şeýle hem Bilelikdäki Jarnama kabul edilip, onda iki goňşy döwletiň netijeli hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýändigi tassyklanylýar.

Saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň Başlygy Sadek Amoli Larijani, Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammed Bager Galibaf we Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýi bilen duşuşdy. Duşuşyklaryň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ähli ileri tutulýan ugurlar boýunça ösdürmek, türkmen-eýran gatnaşyklaryny häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän täze derejä çykarmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň “Mapna Group” senagat toplumyna baryp, bu ýerde guralan sergi bilen tanyşdy. Sergide enjamlaryň dürli görnüşleri, “akylly” öýleriň, demir ýol düzümleriň şekil taslamalary, awtomobiller we beýlekiler görkezildi. Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalarynyň eýranly kärdeşleri bilen geçiren duşuşyklarynda dürli pudaklar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ulag, ýangyç-energetika, elektroenergetika, oba we suw hojalygy, ýol we şäher gurluşygy, maliýe-bank ulgamy, gümrük edaralarynyň ugry boýunça özara gatnaşyklaryň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

3-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz ulanylmagy meýilleşdirilýän döwrebap elektrobuslar we elektromobiller, täze şäherde ulag serişdeleriniň ugurlarynyň çyzgylary, birnäçe ulag düzüminiň desgalarynyň ýerleşdirilişi we meýilnamasy bilen tanyşdy, elektromobilleriň birini synagdan geçirip, onuň tehniki häsiýetnamasyna ünsi çekdi. Degişli ýolbaşçylara elektrobuslaryň we elektromobilleriň tehniki häsiýetnamalaryny göz öňünde tutup, olaryň ulanylyş aýratynlyklary, ekologiýa, rahatlyk taýdan amatlylygyny kesgitlemek boýunça işleri geçirmek tabşyryldy.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisinde Polşa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rafal Poborskiden ynanç haty kabul edildi. Diplomat Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň içeri hem-de daşary syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi we işi bilen tanyşdyryldy. Halkara parlament guramalarynyň çäklerinde parlamentara gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

1-nji iýunda Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni dabaraly bellenilip geçildi. Bu sene çagalaryň hukuklaryna we bähbitlerine dünýä bileleşigi bilen raýdaşlygyň nyşany hökmünde ýurdumyzyň resmi baýramçylyklarynyň sanawyna girizildi. Hormatly Prezidentimiziň ýaşajyk türkmenistanlylara iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr. Şoňa görä-de, Diýarymyzda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys.

Şol gün paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde dabaraly çäre geçirilip, onuň barşynda bu ýerde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan, jemgyýetçilik guramalaryndan sowgatlar gowşuryldy. Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Çagalar — biziň geljegimiz” şygary astynda jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň guramagynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde baýramçylyk konsertleri, teatr sahnalary, sergiler, bäsleşikler, sport-sagaldyş çäreleri geçirildi.

Çagalary goramagyň halkara gününiň ertesi Gökderede we ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerleşýän çagalar sagaldyş merkezleri tomusky dynç alyş möwsüminde ilkinji ýaşajyk myhmanlary kabul etdiler. Dynç alyş möwsüminde ýokary amatlyklary bolan döwrebap sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde geçiriljek köp sanly gezelençler, bäsleşikler, konsertler, teatr we sirk toparlarynyň çykyşlary, sport ýaryşlary, gyzyklanmalara görä dürli bilim sapaklary bilen çagalaryň ýadynda galar.

Şu ýylyň 23-nji iýulynda boljak Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew adyndaky şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlaryny guramaçylykly geçirmek üçin degişli saýlaw topary döredildi. Ýerleşýän çägi boýunça döredilen 5 saýlaw okrugyndan 5 Geňeş agzasy saýlanar.

Türkmenistanda il sylagly ýaşulularyň ak patasy bilen galla oragyna girişildi. Galla oragyna Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynyň ekerançylary girişdiler, olaryň bu asylly işine 9-njy iýunda Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň daýhanlary hem goşular. Şu ýyl ýurdumyzyň ekerançylarynyň öňünde bugdaý ekilen 690 müň gektar ýerden 1 million 400 müň tonna hasyl ýygnamak wezipesi durýar.

Geçen hepdede Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň ikinji maslahatynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan gelip çykýan ýörelgeler, öňdebaryjy halkara tejribeler, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň teklipleri esasynda taýýarlanylan kanunçylyk namalarynyň birnäçesine seredildi.

Şeýlelikde, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen hepdesinde bolup geçen wakalar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini ýokarlandyrmaga, köpugurly halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň ýene-de bir aýdyň nyşany boldy.