Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Türkmenistana baryp görmäge çakylygyňyz we Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň wekillerini mähirli kabul edendigiňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Aşgabatda myhmanlara ýörite taýýarlanylan çuň mazmunly meýilnama üçin aýratyn hoşallygymy aýdyp, ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini bellemek isleýärin.
Siz bilen ýene-de duşuşmak we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny içgin ara alyp maslahatlaşmak meniň üçin uly şatlyk hem-de hormatdyr. Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy hökmünde bellenilen ugurlara laýyklykda, işleriň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirilmegini maksat edinýärin. Türkmenistanyň parlamentiniň we Hökümetiniň wekilleri bilen ýokary derejede geçirilen duşuşyklar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara özara gyzyklanmany hem-de ony giňeltmäge taýýarlygy ýene bir gezek subut etdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň paýtagtynda bolan wagtym ýatdan çykmajak waka öwrülen meşhur ahalteke bedewlerini synlamaga döredilen mümkinçilik üçin Size aýratyn hoşallyk bildirýärin.
Size berk jan saglyk, abadançylyk, Türkmenistanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.
Li Dal GON,
Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy.