Ï Türkmenistanyň Prezidenti Welosipedçileriň halkara birleşiginiň wise-prezidentini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Welosipedçileriň halkara birleşiginiň wise-prezidentini kabul etdi

view-icon 3055
Türkmenistanyň Prezidenti Welosipedçileriň halkara birleşiginiň wise-prezidentini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Welosipedçileriň halkara birleşiginiň wise-prezidenti, Aziýa welosport konfederasiýasynyň prezidenti Osama Al Şafary kabul etdi.

Wagt tapyp kabul edendigi we türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, myhman Welosipedçileriň halkara birleşiginiň welosiped sportunyň ösdürilmegine uly goşant goşýan ýurdumyz bilen däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan sport ulgamynda uly üstünlikleri gazanýar we ilaty sagdyn durmuş ýörelgelerine işjeň çekmekde dünýä bileleşigine nusgalyk görelde görkezýär.

Döwlet Baştutanymyz myhmany mübärekläp hem-de hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, şu gezekki saparyň çäklerinde welosiped sporty boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, ýurdumyzda welosiped sportunyň ösdürilişi bilen tanyşmak üçin mümkinçilikleriň dörediljekdigine ynam bildirdi we geçiriljek gepleşiklerde üstünlikleri arzuw etdi.

Hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň soňky ýyllarda uly meşhurlyga eýe bolandygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanda bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, ynsan ömrüniň dowamlylygynyň artdyrylmagyna möhüm üns berilýär. Häzirki zaman bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, köpugurly stadionlar, sport mekdepleri yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda welosiped sportunyň ösdürilmegine we onuň raýatlarymyzyň arasynda giňden wagyz edilmegine aýratyn üns berilýändigini aýtdy. Bu ugurda ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri geçirmek asylly däbe öwrüldi.

Häzirki döwürde sport diplomatiýasy halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar we ol halklaryň ynanyşmak, birek-birege düşünişmek ýagdaýynyň emele gelmegine ýardam berýär. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2018-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamany kabul edendigini belläp, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Milli Olimpiýa komiteti we sport federasiýalary, Halkara Olimpiýa Komiteti hem-de beýleki sport düzümleri bilen ýakyn gatnaşyklary saklaýandygyna ünsi çekdi. Türkmenistanda sportuň dürli görnüşleri boýunça iri halkara ýaryşlar geçirilýär, türkmen türgenleri halkara bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

Döwlet Baştutanymyz 2017-nji ýylda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi tarapyndan Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilendigini kanagatlanma bilen nygtady. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan sportuň ähli görnüşleri boýunça iri halkara ýaryşlary geçirmäge ukyplydyr we Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesindäki ajaýyp ýapyk Welotrek binasyny ulanmagyň mümkinçiliklerine garamaga taýýardyr.

Öz gezeginde, Welosipedçileriň halkara birleşiginiň wise-prezidenti, Aziýa welosport konfederasiýasynyň prezidenti Osama Al Şafar Türkmenistanyň iri sport ýaryşlaryny birkemsiz guramakda tejribe toplandygyny, munuň bolsa ýurtda dünýä ýaryşlaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmekde ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigini nygtady.

Duşuşygyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz we myhman özara düşünişmegiň ýokary derejesine eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Osama Al Şafaryň Türkmenistanyň Mejlisi bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Federal Milli Geňeşiniň arasyndaky parlamentara dostluk toparynyň emirlikler böleginiň başlygy bolup durýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň BAE bilen iki döwletiň halklarynyň abadançylygynyň bähbidini esasy ugur edinýän dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we myhman netijeli hyzmatdaşlygyň işjeň dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk hem-de uly üstünlikleri arzuw etdiler.