Ï Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar

view-icon 2931

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi mukaddes Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu şatlykly waka mynasybetli Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly we doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk arzuw edýärin.

Bu mukaddes baýramyň belent gymmatlyklary esasynda ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk, doganlyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirýärin.

Hormatlamak bilen,

Emomali Rahmon,

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Ýagşylygyň, adamkärçiligiň, deňligiň we doganlygyň nyşany bolan mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy iberýärin.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işiňizde üstünlikleri, ýurduňyzyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Ilham Aliýew,

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Palestina Döwletiniň we halkynyň adyndan, şeýle-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi we Siziň üstüňiz bilen Türkmenistanyň Hökümetini, doganlyk halkyny nurana Gurban baýramy bilen gutlaýaryn.

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, üstünlik, türkmen halkyna we ähli musulman ymmatyna bolsa rowaçlyk, bereket dileýärin.

Baýramyňyz gutly bolsun!

Mahmud Abbas,

Palestina Döwletiniň Prezidenti.