Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşdy

view-icon 2024

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyry hem-de Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy.

Wagt tapyp kabul edendigi hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, türkiýeli myhmanlar Türkmenistanda bolmaga we ýurduň durmuşynda möhüm orun eýeleýän dabaralara gatnaşmaga şatdyklaryny aýdyp, Gahryman Arkadagymyzy yslam dünýäsinde mukaddes saýylýan mübärek Gurban baýramy bilen gutladylar. Şeýle hem olar Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Gahryman Arkadagymyza aýdan mähirli sözlerini, hoşniýetli gutlaglaryny ýetirdiler.

Milli Liderimiz çakylygy kabul edip, täze şäheriň açylyş dabarasyna we onuň çäklerinde geçirilýän medeni çärelere gatnaşmaga gelendikleri üçin Mehmet Fatih Kajyra we Rifat Hisarjyklyogluna minnetdarlyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine özüniň iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkiýeli myhmanlar soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň durmuşyň ähli ugurlarynda gazanýan üstünliklerine guwanýandyklaryny nygtadylar.

Gahryman Arkadagymyz soňky ýyllarda ýurdumyzda giň gerimli maksatnamalaryň amala aşyrylýandygyny, täze, döwrebap şäherleriň, şäherçeleriň, obalaryň, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralarynyň, önümçilik kärhanalarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilýändigini belledi. “Akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheriniň açylmagy halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmagyň ýolundaky möhüm ädimleriň biridir diýip Milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Munuň özi adam hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenendigini görkezýär.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň özara ynanyşmak we açyklyk häsiýetine eýedigi bellenildi. Bu bolsa halkara giňişlikde syýasy babatda hereketleri utgaşdyrmak, öňe sürülýän başlangyçlara özara goldaw bermek üçin zerur şert bolup durýar.

Iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Daşary söwda gatnaşyklarynda Türkiýe Türkmenistanyň esasy we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň ösdürilmegine türk kompaniýalarynyň uly goşandynyň bardygy bellenildi. Bu barada aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň öňdebaryjy türk kompaniýalary bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda önümçilik hem-de hyzmat ediş desgalarynyň gurluşygynyň amala aşyryljakdygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu ugurda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleriniň açylýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Milli Liderimiz we Türkiýe Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalary birek-biregi mukaddes Gurban baýramy mynasybetli ýene-de bir gezek gutladylar hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.