Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Siz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi hem-de onuň dünýä giňişligindäki bähbitlerini goramak üçin köp işleri bitirýän tejribeli, parasatly, öňdengörüjilikli döwlet işgäri hökmünde ildeşleriňiziň arasynda we halkara jemgyýetçilikde uly abraýa eýesiňiz.
Köp babatda Siziň şahsy tagallalaryňyz netijesinde, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykaryldy. Dostlukly halklarymyzyň, şeýle hem sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň bähbidine netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürjekdigimize berk ynanýaryn.
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk we üstünlik arzuw edýärin!
Hormatlamak bilen,
Wladimir Putin,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly jenap Başlyk!
Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!
Siziň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde işlän döwrüňizde Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky syýasy özara ynanyşmak dialogy yzygiderli pugtalandyryldy, köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bolsa ýokary depginler bilen ösdürildi. Bularyň hemmesi ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagy üçin berk binýady goýdy. Şu ýylyň ýanwar aýynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaýa döwlet saparyny üstünlikli amala aşyrdy. Saparyň dowamynda hytaý-türkmen gatnaşyklary hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykaryldy. Iki tarap “Bitewi ykbal bileleşigi” başlangyjyny durmuşa geçirmek we uly kuwwata eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy okgunly ilerletmek barada ylalaşyk gazandylar.
Men Siziň bilen dostlugyma ýokary baha berýärin we Siziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine mundan beýläk-de ýardam berjekdigiňize ynanýaryn.
Size berk jan saglyk we rowaçlyk arzuw edýärin.
Si Szinpin,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.
***
Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Gadyrly doganym!
Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky taryha uzaýan dostluk we doganlyk gatnaşyklaryň has-da giňeldilýändigi mende kanagatlanma duýgusyny döredýär. Netijeli hyzmatdaşlygymyzyň geljekde-de dürli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, doganlyk Türkmenistanyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işleriňizde üstünlikleri arzuw edýärin.
Rejep Taýyp Ärdogan,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Gadyrly doganym!
Siziň Alyhezretiňiz, Sizi doglan günüňiz bilen gutlamaga we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn!
Biz Sizi häzirki döwrüň beýik döwlet we syýasy işgäri, milletiň hakyky Lideri, şeýle hem dostlukly türkmen halkynyň edermen, asylly ogly hökmünde tanaýarys we Size hormat goýýarys. Ýurduň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek, Garaşsyz türkmen döwletliliginiň esaslaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak boýunça Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler, durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen ägirt uly işler Siziň adyňyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Biz ýakyn dostlar we goňşular hökmünde soňky ýyllarda halkara giňişlikde uly abraý gazanan Siziň Bitarap ýurduňyzyň ýeten sepgitlerine çäksiz guwanýarys. Siziň başyny başlan uzak möhletleýin strategiýalaryňyzyň we ösüş maksatnamalaryňyzyň hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýändigi, özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginiň bolsa hil taýdan täze derejä çykarylandygy aýratyn bellärliklidir.
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Berk syýasy erkimiz we bilelikdäki tagallalarymyz netijesinde, özara hormat goýmak, ynanyşmak, goldaw bermek ruhundaky özbek-türkmen strategik hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ähli ileri tutulýan ugurlar boýunça netijeli giňeldiljekdigine we doganlyk halklarymyzyň umumy ösüşine, rowaçlygyna hyzmat etjekdigine ynanýaryn.
Gadyrly doganym, Sizi ýene-de bir gezek durmuşyňyzdaky bu şatlykly we ýatdan çykmajak gün bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat, maşgala abadançylygyny, hormatly we jogapkärli işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, durnukly ösüş arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Şawkat Mirziýoýew,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Doglan günüňiz mynasybetli gutlaglarymy kabul ediň!
Siziň baý durmuş tejribäňiz, köptaraply bilimiňiz we guramaçylyk zehiniňiz halkyňyzyň giň goldawyna, ynamyna daýanmak bilen, Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşine we abadançylygyna hemmetaraplaýyn ýardam berýär.
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, bu baýramçylyk gününde Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, dostlukly Türkmenistanyň bähbidine alyp barýan işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin!
Hormatlamak bilen,
Aleksandr Lukaşenko,
Belarus Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn we Size ähli ýagşylyklary arzuw edýärin. Türkmenistana baştutanlyk eden döwrüňizde Siz üstüňize jogapkärli wezipäni aldyňyz we parasatly syýasatyňyz bilen döwletlilik däpleriniň ösdürilmegini, ýurduňyzyň durmuş-ykdysady ösüşini, onuň halkara abraýynyň has-da belende galmagyny gazanmagy başardyňyz.
Azerbaýjany we Türkmenistany halklarymyzyň erk-isleginden gelip çykýan dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Bu ygtybarly binýatda ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine, ähli ulgamlardaky hyzmatdaşlygymyzyň çuňlaşdyrylmagyna goşan saldamly goşandyňyza ýokary baha berýärin we Siziň bilen duşuşyklarymyzy, pikir alyşmalarymyzy hemişe ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Azerbaýjan-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy has-da berkitmek boýunça tagallalaryňyzy üstünlikli dowam etdirjekdigiňize berk ynanýaryn.
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Sizi ýene-de bir gezek doglan günüňiz bilen gutlaýaryn we Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkynyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan döwlet işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin!
Hormatlamak bilen,
Ilham Aliýew,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Gadyrly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Gadyrly dostum we doganym, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk we dostlukly Türkmenistanyň bähbidine jogapkärli işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin! Siziň köpýyllyk netijeli döwlet işiňiz doganlyk Türkmenistanda we onuň çäklerinden has alyslarda-da Size uly abraý getirdi.
Täjik-türkmen dostluk, köpugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna goşan saldamly goşandyňyza, hemişelik ünsüňize ýokary baha berýärin. Häzirki günde bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde, Täjigistanyň we Türkmenistanyň arasyndaky döwletara gatnaşyklar çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk görnüşindäki ösüşiň hil taýdan täze tapgyryna çykaryldy.
Mümkinçilikden peýdalanyp, bu ugurdaky bilelikdäki işi, ýokary we iň ýokary derejelerde ynanyşykly syýasy dialogy mundan beýläk-de dowam etdirmegi maksat edinýändigimizi ýene-de bir gezek tassyklaýaryn. Öňde boljak duşuşyklarymyzyň dowamynda iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň mazmunyny täze, anyk netijeler bilen baýlaşdyrjakdygymyza berk ynanýaryn.
Çuňňur hormatlamak bilen,
Emomali Rahmon,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Häzirki Türkmenistanyň syýasy we durmuş-ykdysady ulgamlardaky üstünlikleri, onuň halkara jemgyýetçilikdäki ýokary abraýy Siziň ýurduňyzyň bähbidine alyp baran köpýyllyk işiňiziň we öňdengörüjilikli parasatly syýasatyňyzyň netijesidir.
Gyrgyz Respublikasynda Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýärler. Bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde, halklarymyzyň röwşen geljeginiň we abadançylygynyň bähbidine öňde goýan ähli maksatlarymyza ýetjekdigimize berk ynanýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Sizi islendik amatly wagtda Gyrgyz Respublikasyna resmi sapar bilen gelmäge çagyrýaryn.
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, uzak ömür we döwlet işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk, abadançylyk arzuw edýärin!
Iň gowy arzuwlar bilen,
Sadyr Žaparow,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!
Siz Türkmenistanyň wepaly ogly, zehinli, tejribeli, syýasatçy, abraýly döwlet işgäri hökmünde ýurduňyza ýadawsyz hyzmat edýärsiňiz, onuň hemmetaraplaýyn durnukly ösdürilmegi we halkyňyzyň rowaçlygynyň pugtalandyrylmagy ugrunda güýç kuwwatyňyzy gaýgyrmaýarsyňyz. Türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady, ruhy-medeni ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe gitmeginiň ygtybarly binýady güýçli Milli Lider — Siz tarapyndan, Siziň jogapkärli çözgütleri kabul etmek we olary durmuşa geçirmek başarnygyňyz netijesinde üpjün edildi.
Çuňňur hormatlanylýan Arkadag, Tatarystan Respublikasynyň dosty, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, Türkmenistanyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de netijeli işlemegiňiz üçin egsilmez güýç-kuwwat arzuw edýärin!
Size we Siziň ýakynlaryňyza tüýs ýürekden bagtyýarlyk baradaky arzuwlar bilen,
Rustam Minnihanow,
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany, “Russiýa — yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň başlygy.
***
Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan we hut öz adymdan Sizi doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Dostluk we strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan rus-türkmen gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşan ähmiýetli şahsy goşandyňyzy bellemek isleýärin. Söwda-ykdysady, maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlygymyz okgunly ösdürilýär. Energetika, senagat we ulag infrastukturasy boýunça bilelikdäki taslamalarymyzy durmuşa geçirmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Bilelikdäki täze başlangyçlaryň ilerledilmeginiň rus-türkmen özara gatnaşyklaryny giňeltmek üçin amatly şertleri döretjekdigine ynanýaryn.
Şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistana amala aşyran saparymy hem-de Siziň bilen ynanyşykly we açyk ýagdaýda geçen duşuşygymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Netijeli gatnaşyklarymyzy dowam etdirmäge şatdyrys.
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Size berk jan saglyk, rowaçlyk we jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.
Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,
Mihail Mişustin,
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy.
***
Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!
Türkmenistanyň täze taryhy Siziň adyňyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Halkynyň rowaçlygy üçin janyny aýamaýan hakyky Lider hökmünde Size uly hormat goýýarlar. Siziň ruhy güýjüňiz, synmaz erkiňiz, dogruçyllygyňyz, parasatlylygyňyz, Watanyňyza bolan söýgiňiz ýurduňyzda we onuň çäkleriniň daşynda Size uly abraý getirdi. Saady Şirazynyň aýdyşy ýaly, edermenlik goluň güýjünde we gylyç tutmak başarnygynda däl-de, özüňe erk edip bilmekde hem-de adalatly bolmakdadyr. Siziň döwletiň bähbitlerine gulluk etmegiňiz, däp-dessurlaryňyza ygrarlylygyňyz ýurduňyzyň durmuş-ykdysady taýdan ynamly ösmeginiň durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna, halkyňyzyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär. Häzirki günde Türkmenistan halkara giňişlikde abraýly we ähmiýetli orny eýeleýär. Bu Siziň bitiren hyzmatlaryňyzyň netijesidir.
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşinde rus-türkmen gatnaşyklarynyň esasyny düzýän dostlugyň we strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýärler. Parlament ugry boýunça bilelikdäki işimiziň netijelerine tüýs ýürekden guwanýaryn. Ýönekeý bolmadyk häzirki wagtda munuň özi aýratyn gymmatlydyr.
Türkmenistanyň Mejlisi bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine üýtgewsiz gyzyklanma bildirýäris. Ýurduňyzda bolup geçen möhüm döwlet özgertmelerini nazara almak bilen, parlamentara hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn şertnama-hukuk binýadynyň täzelenilmegine umyt edýäris. Öz tarapymyzdan muňa işjeň ýardam etmäge taýýardyrys.
Gadyrly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, köp ýyllardan bäri Sizi hoşgylaw adam we öňde goýan maksatlaryna hemişe ýetýän güýçli Lider hökmünde tanaýaryn. Siziň ýiti zehiniňize, zähmetsöýerligiňize, öňde goýlan her bir wezipä döredijilikli çemeleşýändigiňize hormat goýýaryn. Mundan beýläk-de şeýle bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýärin.
2022-nji ýylyň maý aýynda myhmansöýer türkmen topragynda bolan wagtymy, Siziň bilen duşuşyklarymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn we özara ynanyşmak gatnaşyklarymyza ýokary baha berýärin.
Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk arzuw edýärin. Goý, Size hemişe rowaçlyk ýar bolsun! Halkyňyzyň ynamy we goldawy bolsa doganlyk Türkmenistanyň bähbidine täze üstünlikler üçin berk binýat bolup hyzmat etsin! Size we Siziň ýakynlaryňyza abadançylyk arzuw edýärin.
Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Walentina Matwiýenko,
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy.
***
Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Şu ýyl Siziň doglan günüňiz biz, musulmanlar üçin mukaddes we nurana baýram bolan Gurban baýramyna gabat geldi.
Sizi bu wakalar bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn hem-de Size — abraýly, parasatly syýasy işgäre, Türkmenistanyň üstünlikli ösüşine uly şahsy goşant goşan, öz halkynyň ykrar edilen Liderine berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat, ähli başlangyçlaryňyzda mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, mukaddes Gurban baýramynyň sahawaty Size täze asylly başlangyçlaryňyz üçin güýç-kuwwat bersin! Size we Siziň ýakynlaryňyza bagtyýarlyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.
Mintimer Şaýmiýew,
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Doglan günüňiz mynasybetli mähirli gutlaglarymy we Size belent sarpa goýýandygym baradaky tüýs ýürekden ynandyrmalarymy kabul ediň! Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat we köpugurly işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.
Astrahan oblastyna berýän ünsüňiz, durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalary işjeň goldaýandygyňyz we netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyňyz üçin Size çuňňur hoşallygymy beýan edýärin. Astrahan oblasty bilen Türkmenistany baglanyşdyrýan köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara goldaw bermek we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklarymyzyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn.
Sizi ýene-de bir gezek gutlamaga hem-de rowaçlyk, abadançylyk, Türkmenistanyň bähbidine ähli başlangyçlaryňyzyň üstünliklere beslenmegini arzuw etmäge rugsat ediň!
Igor Babuşkin,
Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory.
***
Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Ähli tatarystanlylaryň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Sizi mukaddes Gurban baýramy bilen gutlaýaryn. Yslamyň ýokary ahlak gymmatlyklaryny alamatlandyrýan bu nurana günlerde Size, Siziň ýakynlaryňyza berk jan saglyk, rowaçlyk, ähli asylly işleriňizde, başlangyçlaryňyzda üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, Beýik Biribar Siziň ähliňize çäksiz rehmetini we mähir-muhabbetini eçilsin, ruhy şatlyk bersin, musulman ymmatynyň asylly hem-de sogap işleri bolsa dünýämizdäki abadançylygy we parahatçylygy has-da artdyrsyn!
Rustam Minnihanow,
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany, “Russiýa — yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň başlygy.
***
Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Goý, bu mukaddes baýram adamzady belent ahlak gymmatlyklaryna ruhlandyrsyn we Allatagalanyň rehmetine eýe bolmaga ýardam bersin!
Bu mukaddes baýramyň Gazagystanyň we Türkmenistanyň halklarynyň arasyndaky dostlugyň, hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hemişe ýardam berjekdigine ynanýaryn.
Şeýle hem doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Şu ýyl Siziň doglan günüňiz bu nurana baýram bilen gabat geldi.
Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan ykdysady, durmuş we beýleki ulgamlarda uly üstünlikleri gazandy. Goý, Türkmenistanyň doganlyk halkynyň rowaçlygy we jebisligi mundan beýläk-de pugtalansyn!
Şu mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, uzak ömür, işiňizde üstünlik, Siziň maşgalaňyza bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin!
Iň gowy arzuwlar bilen,
Nursultan Nazarbaýew,
Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyny mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Goý, dostlugy, doganlygy we özara düşünişmegi alamatlandyrýan bu nurana baýram biziň ýurtlarymyza, türki dünýäniň halklaryna we ähli adamzada parahatçylyk, bagtyýarlyk getirsin!
Size belent hormat goýmak bilen,
Sultan Raýew,
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary.
***
Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly türkmen halkynyň Gahryman Arkadagy!
Hormatly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy!
Siziň “Ýaşlar şäheri” diýip atlandyrýan döwlet ähmiýetli täze Arkadag şäheriniň açylmagy bilen Sizi tüýs ýürekden gutlamaga rugsat ediň! Bu ägirt uly taslamany täsin “akylly” şäheri Siz bary-ýogy dört ýylyň içinde gurduňyz! Muňa ynanar ýaly däl! Bu şanly waka Türkmenistanyň taryhynda hemişelik galar. Siziň ýurduňyz Ýewropa döwletlerinden gelýän biziň ählimizde uly buýsanç döredýär.
Men öz täze şygrymy Siziň doglan günüňize we Arkadag şäherine bagyşladym. Bu goşgy bilen Sizi tanyşdyrmaga rugsat ediň!
DOGLAN GÜNÜŇ BILEN!
Doglan günüň bilen,
Gahryman Arkadag!
Doglan günüň bilen, Arkadag şäheri!
Doglan günüň bilen, ak şäher!
Sen — ýaşlygyň şäheri.
Sen — ýaşlaryň şäheri.
Sen — şu günüň şäheri.
Näçe tagallalar hem aladalar,
Näçe jedeller we çuňňur pikirler,
Ukusyz geçendir niçe gijeler.
Sen bakysyň!
Sen biziň geljegimizi gurýaň,
Sen biziň durmuşymyzy döredýäň.
Seniň Arkadagyň gurandyr seni,
Seniň Arkadagyň saňa şan berdi,
Arkadag arzuwy wysala ýetdi.
Seniň Arkadagyň we sen —
Siz hemişe bilesiňiz,
Siz ebedi ýakynsyňyz!
Doglan günüň bilen,
Gahryman Arkadag!
Doglan günüň bilen, «akylly» şäher!
Biz Siziň günüňizi baýram edýäris!
Goý, Alla öz penasynda saklasyn!
Size bagt we rowaçlyklar ýar bolsun!
Arkadaga şöhrat bolsun!
Çuňňur hormatlamak hem-de Wenadan iň gowy arzuwlar bilen,
Neda Berger,
Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy.