Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

view-icon 2342

Şu gün Mekge şäherinde haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygynda saparda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Özbek Lideri Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür we işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderini sanly çözgütler we iň täze tehnologiýalar ornaşdyrylan “akylly” Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylmagy bilen gutlady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy mähirli gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi. Gahryman Arkadagymyz açyklygy, ynanyşmak ýagdaýy bilen tapawutlanýan döwletara gatnaşyklara ýokary baha berdi. Munuň özi özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde möhüm ähmiýete eýedir.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistany we Özbegistany halkara syýasatyň esasy meselelerine çemeleşmeleriň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi birleşdirýär. Munuň özi halkara giňişlikde özara tagallalary utgaşdyrmak üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär. Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda söhbetdeşler söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, energetika, ulag-kommunikasiýa we oba hojalyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, sebitara gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassykladylar.

Nygtalyşy ýaly, türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmekde netijeli parlamentara gatnaşyklar uly ähmiýete eýedir. Medeniýet, ylym, bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Munuň özi halklarymyzyň ýakynlaşmagy, köpasyrlyk dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň pugtalandyrylmagy üçin köpri bolup hyzmat edýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewiň uly şahsy goşandyny nygtap, soňky ýyllarda doganlyk Özbegistanda ýurdy ösüşiň täze basgançagyna çykaran ägirt uly durmuş-ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylandygyny belledi. Özbegistan köp ulgamlarda uly üstünlikler gazandy, halkara giňişlikde onuň abraýy barha artýar, halkyň abadançylygy yzygiderli ýokarlanýar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we dostlukly döwletiň Baştutanyna şu ýylyň 9-njy iýulynda geçiriljek Prezident saýlawlarynda üstünlik arzuw etdi.

Özbek Lideri hoşniýetli sözleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Özbegistanyň Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara sarpa goýýandygyny nygtady we ony mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigini tassyklady.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-biregi mukaddes Gurban baýramy bilen gutladylar hem-de berk jan saglyk, bagtyýarlyk, iki ýurduň halklaryna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.