Ï Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar

view-icon 2608

Onuň Alyhezreti,
Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy we Gurban baýramy mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Ençeme asyrlaryň dowamynda bu nurana baýram çuňňur ahlak we ruhy many-mazmuna eýe bolup gelýär, adamlaryň jebisligine hyzmat edýär, hoşniýetlilige, adalatlylyga, rehim-şepagatlylyga, päklige, hemmelere aýawly we mähirli garamaga çagyrýar. Köpasyrlyk däplere eýermek bilen, bütin dünýäniň musulmanlary özara düşünişmegi, hoşniýetliligi, milletara ylalaşygy saklamaga mynasyp goşant goşýarlar.

Şu sahawatly günde, çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size we Türkmenistanyň ähli halkyna berk jan saglyk, bagt, abadançylyk arzuw edýärin!

Igor BABUŞKIN,
Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory.

***

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi hem-de Türkmenistanyň halkyny şanly waka — Arkadag şäheriniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmenistanda binagärlik hem-de tehnologik çözgüdi babatda täsin täze şäher gurmak baradaky Siziň başlangyjyňyz ýokary derejede ösen döwlet hökmünde ýurduňyzyň geljegine strategik garaýşyňyzyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Arkadag şäheri gadymy döwürlerden bäri türkmen halkyna mahsus bolan iň gowy şähergurluşyk ýörelgelerini hem-de şäherleşmegiň öňdebaryjy meýillerini özünde utgaşdyrmak bilen, Türkmenistanyň täze belentliklere batly gadamyny, onuň senagat taýdan okgunly ösýän, kuwwatly ylmy we tehniki mümkinçiliklere eýe bolan, durmuş ugurly ykdysadyýetli, innowasion çözgütleri giňden ornaşdyrýan häzirki zaman döwletleriniň hataryna ynamly goşulyşmagyny alamatlandyrýar.

Ajaýyp we buýsançly Arkadag adyny göterýän täze şäheriň müňlerçe adam üçin hemmetaraplaýyn amatly şertleriň döredilen ýeri bolmak bilen çäklenmän, ylmyň we tehnikanyň, bilimiň, sportuň, giň halkara işewürlik hyzmatdaşlygynyň, ýaşlaryň döredijilik başlangyçlarynyň hem merkezine öwrüljekdigine ynanýaryn.

Täze şähere, onuň ähli ýaşaýjylaryna tüýs ýürekden abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin. Goý, ol meniň Watanymyň — geljege ynamly garaýan Türkmenistanyň ösüşiniň täze tapgyrynyň aýdyň nyşanyna, onuň bagtyýarlygynyň beýanyna öwrülsin!

Hormatlamak bilen,

Oleg KONONENKO,
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany,
instruktor, synagçy-kosmonawt, 
“Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň kosmonawtlar 
toparynyň serkerdesi.