Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň halkyna mähirli gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.
Gudraty Güýçli Allatagaladan, jenap Prezident, Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, türkmenistanlylara bolsa abadançylyk, rowaçlyk dileýärin!
Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
Hamad bin Isa Al Halifa,
Bahreýniň Patyşasy.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Türki Döwletleriň Guramasynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyny Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Goý, gadymdan bäri türki halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkidýän bu sahawatly baýram tutuş adamzada parahatçylyk we durnuklylyk getirsin!
Mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize biziň guramamyzda türki dünýäniň ýurtlaryny goldaýandygyňyz üçin hoşallyk bildirýärin.
Çuňňur hormatlamak bilen,
Kubanyçbek Omuraliýew,
Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyny sahawatly Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Goý, dost-doganlyga, özara düşünişmäge çagyrýan bu nurana baýram türki dünýäniň halklaryna we tutuş adamzada parahatçylyk hem-de bagt getirsin!
Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,
Sultan Raýew,
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary.