Ï Ogulgerek Berdimuhamedowanyň adyna gelen hat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ogulgerek Berdimuhamedowanyň adyna gelen hat

view-icon 1952

Türkmenistanyň Halk

Maslahatynyň Başlygynyň

maşgalasy

hanym Ogulgerek Berdimuhamedowa

Gadyrly Ogulgerek!

Sizi mübärek Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Gurban baýramy birek-birege goldaw bermegi we raýdaşlygy, agzybirligi özünde jemleýär. Bu baýramyň ähli adamzada jebislik, asudalyk we rowaçlyk getirmegini arzuw edýärin. Pursatdan peýdalanyp, şu baýram günlerinde Size we Siziň maşgalaňyza hem-de türkmen halkyna iň hoşniýetli arzuwlarymy beýan edýärin.

Emine Ärdogan,

Türkiýe Respublikasynyň
Prezidentiniň maşgalasy.