Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.
Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna hem-de tutuş musulman ymmatyna bolsa abadançylyk, ösüş we rowaçlyk dileg edýärin.
Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Siziň doganyňyz,
Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri
Salman ben Abdelaziz AL SAUD,
Saud Arabystanynyň Patyşasy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Mübärek Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.
Gudraty Güýçli Allatagaladan biziň ählimize ösüş we abadançylyk dileg edýärin.
Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Muhammed ben Salman ben
Abdelaziz AL SAUD,
Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy,
Ministrler Kabinetiniň Başlygy.