Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

view-icon 2950

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Gahryman Arkadagymyz Özbegistanyň Baştutanyny Prezident saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi hem-de onda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady. Munuň özi Prezident Şawkat Mirziýoýewiň durmuşa geçirýän syýasy ugrunyň hem-de onuň baştutanlygynda ýurtda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ählihalk goldawyna eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Söhbetdeşligiň dowamynda strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak häsiýetine eýedigi kanagatlanma bilen bellenildi. Halkara giňişlikde hem türkmen-özbek dialogynyň netijeli ösdürilýändigi aýdyldy. Ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklar okgunly depgine eýedir. Energetika, ulag-logistika, oba hojalyk ulgamlarynda we beýleki pudaklarda, medeni-ynsanperwer ugurda gatnaşyklar giňeldilýär. Parlamentara hem-de sebitara hyzmatdaşlyk işjeň häsiýete eýedir.

Gahryman Arkadagymyz Prezident Şawkat Mirziýoýewiň netijeli türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmäge we ony giňeltmäge goşýan uly şahsy goşandyny belläp, Özbegistanyň Baştutanyny saýlawlarda gazanan ýeňşi bilen ýene-de bir gezek gutlady we oňa berk jan saglyk, ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew gutlaglar hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, Özbegistanda Türkmenistan bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna tüýs ýürekden buýsanylýandygyny nygtady. Häzirki wagtda bilelikdäki yzygiderli tagallalar esasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň geljekde-de okgunly ösdüriljekdigine hem-de çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirip, iki ýurduň doganlyk halklaryna abadançylyk, ösüş arzuw etdiler.