Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
“Saýlawlaryň netijeleri Siziň ýurduň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasy ugruňyzyň goldaw tapýandygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar. Türkmenistan Özbegistan bilen wagtyň synagyndan geçen, berk dostluga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýär” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi we bilelikdäki netijeli işe, şeýle hem döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny tassyklady.
Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk, döwlet Baştutany wezipesindäki jogapkärli işinde üstünlikleri, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.