Ï Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentini gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentini gutlady

view-icon 4000

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Filippinler Respublikasynyň Prezidenti Ferdinand Romualdes Markosa hem-de ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Filippinler Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de bilelikdäki tagallalar arkaly iki halkyň bähbidine döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ferdinand Romualdes Markosa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Filippinler Respublikasynyň halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.