Ï Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

view-icon 4454

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife ýurduň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Hormatly Prezidentimiz döwletara gatnaşyklaryň häzirki ösüşine ýokary baha berip, iki ýurduň doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi, şeýle hem bu gatnaşyklary iki halkyň bähbidine täze sepgitlere ýetirmäge taýýardygyny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Arif Alwä hem-de Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarife tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Pakistan Yslam Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.