Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmua, Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modä hem-de ýurduň ähli halkyna Hindistan Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
«Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasynda ýyllaryň dowamynda emele gelen gatnaşyklara ýokary baha berýäris» diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we köpugurly hyzmatdaşlygyň geljekde hem iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Draupadi Murmua hem-de Premýer-ministr Narendra Modä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Hindistan Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.