Ï Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

view-icon 2537

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä hem-de Premýer-ministriň wezipesini ýerine ýetiriji Anwar-ul-Hak Kakara ýurduň Belujistan we Haýber-Pahtunhwa welaýatlaryndaky metjitlerde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere getiren partlamalar zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip hatda bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.