Ï BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) Türkmenistanda sanly ýeriň kadastryny döretmäge ýardam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) Türkmenistanda sanly ýeriň kadastryny döretmäge ýardam edýär

view-icon 3923
BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) Türkmenistanda sanly ýeriň kadastryny döretmäge ýardam edýär

Döwrebap ýer ýazgylarynyň döredilmegi döwletiň ýeriniň goruny dogry hasaba almagy üçin iňňän möhüm ähmiýete eýedir. Bu iş kanun çykaryjy, guramaçylyk, tehniki we ylmy meseleleriň ýerine ýetirilmegini öz içine alýar, çünki olaryň çözgüdi halkara hyzmatdaşlyga ýardam edýär.

Sanly ýer ýazgysyny döretmekde Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýer gorlary gullugy Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlyk edýär.

«Sanly ýer kadastrynyň döredilmegine goldaw» atly tehniki kömek taslamasynyň çäginde FAO-nyň sebit bölüminiň hünärmenler topary şu hepdede Türkmenistanda birnäçe çäre geçirýär. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi, milli toparyň işleri we iş meýilnamasy Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginde bolan duşuşyklarda türkmen hünärmenleri bilen ara alnyp maslahatlaşyldy.

28-29-njy noýabrda FAO-nyň bilermenleri taslama gatnaşýanlar üçin okuw geçirdi. Okuwda Global hemra nawigasiýa ulgam tehnologiýalarynyň esaslaryna we olaryň geodeziýada we kadastrda ulanylyşyna, geodeziýada ulanylýan koordinatlara we emeli hemra kadastr we geodeziýa işlerini amala aşyrmagyň esasy usullaryna garalyp geçildi. Taslamanyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän synag meýdançasyna baryp görmek FAO tarapyndan üpjün edilen geodeziýa hemra nawigasiýa enjamlarynyň meýdan synagy boýunça sapak geçirmäge mümkinçilik berdi. Bu bolsa sanly ýer ýazgysyny döretmek üçin öz ýeriňi takyk kesgitlemäge we ölçemäge mümkinçilik berýär.

FAO-nyň bilermenleriniň ýurdumyza saparynyň maksatnamasynda S.A.Nyýazow adyndaky türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary üçin leksiýa we Türkmenistanyň Adalat ministrliginde hyzmatdaşlyk mowzugynda ýere bolan hukuklary, şeýle hem ýer kadastrlaryny bellige almak we degişli kanunlara goşmaça namalary taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşyklar-da göz öňünde tutulýar.

1-nji dekabrda Oba hojalyk ministrliginde boljak FAO-nyň saparynyň jemleýji duşuşyklarynda bilermenleriň milli hyzmatdaşlar bilen alyp baran işleriniň netijeleri jemlener. Türkmenistanda ýer gorlarynyň durnukly dolandyrylmagy üçin häzirki zaman elektron kadastr we programma üpjünçiligini döretmek üçin ýol kartasyny taýýarlamak meselesi-de ara alnyp maslahatlaşylar.