Ï Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara

view-icon 2031

Hormatly sergä gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu serginiň iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly sergä gatnaşyjylar!
Mähriban adamlar!

Türkmenistan öz ykdysady kuwwatyny ynamly artdyryp, halk hojalyk toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Dürli ugurlarda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler bolsa ýurdumyzyň maýa goýum mümkinçilikleriniň, daşary ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, has özüne çekiji bolmagyna şertleri döredýär. Munuň özi geljegi uly türkmen bazarynda öz ornuny pugtalandyrmaga, şeýle hem täze ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga çalyşýan daşary ýurtly hyzmatdaşlarda, şol sanda türkiýeli işewürlerde aýratyn gyzyklanma döredýär.

Türkmen-türk gatnaşyklary gadymyýetden gözbaş alýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygymyza uly orun berilýär. Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň ýokary derejeli wekiliýetleriniň gatnaşmagynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-türk hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň, Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň, onuň çäklerinde işewürlik maslahatynyň geçirilmegi iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşýandygyna şaýatlyk edýär. Bu çäreler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna, ýeten sepgitlerine baha bermek, ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, özara bähbitleri kesgitlemek we hereketleriň geljekki ugurlaryny bellemek, täze taslamalara badalga bermek üçin örän oňat mümkinçilikdir.

Hormatly sergä gatnaşyjylar!
Gadyrly dostlar!

Häzirki wagtda Türkiýe Respublikasy biziň ýurdumyzyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Türkiýäniň kompaniýalary türkmen hyzmatdaşlary bilen ysnyşykly iş alyp baryp, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bilelikdäki birnäçe taslamalary üstünlikli amala aşyrýarlar we işewürlik ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy giňeldýärler. Şu günki açylýan sergi hem Türkiýäniň önüm öndürijileriniň giň mümkinçiliklerini görkezmek bilen, ýokary tehnologiýalary, innowasion işläp taýýarlamalary, öňdebaryjy tejribeleri alyşmak üçin netijeli meýdança öwrüler. Türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ägirt uly ylmy-tehniki we senagat mümkinçiliklerini aýdyň görkezýän bu köpugurly sergi iki ýurduň işewürler toparlarynyň hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga ýardam eder. Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde, haryt dolanyşygyny artdyrmakda, türk kompaniýalary hem-de maýadarlary bilen işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde, milli ykdysadyýetimize maýa goýumlary giňden çekmekde bu serginiň hem-de onuň çäklerinde geçiriljek işewürlik maslahatynyň ähmiýetiniň uly boljakdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly sergä gatnaşyjylar!

Sizi Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen we türk halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny, ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.