Ï Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

view-icon 2237

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti Sauli Niýnistýo Finlýandiýanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Sauli Niýnistýo berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Finlýandiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňegidişlik, gülläp ösüş arzuw etdi.