Ï Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti ýurdumyza sapar bilen geldi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti ýurdumyza sapar bilen geldi

view-icon 3164
Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti ýurdumyza sapar bilen geldi

Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türk böleginiň başlygy Jewdet Ýylmaz ýurdumyza sapar bilen geldi.

Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidentiniň bu saparynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň içinde ilkinji bolup ata Watanymyz Türkmenistandan başlamagy iki doganlyk ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykýandygynyň nobatdaky beýanydyr.

Wise-prezident Jewdet Ýylmazyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet paýtagtymyzda türkmen kärdeşleri bilen geçirjek duşuşyklary Türkmenistan hem-deTürkiýäniň arasyndaky özara bähbitlilige, deňhukuklylyga esaslanýan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berer.

Şeýle hem saparyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçiriler.