Ï Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2023-nji ýyl
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2023-nji ýyl: Saglygy goraýyş we sport ulgamy

view-icon 6656

Saglygy goraýyş we sport ulgamy döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynyň möhüm ugurlarydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ulgamlaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

Türkmenistanda ilatyň saglygyny goramak köpugurly wezipe bolmak bilen, ol diňe bir dürli keselleriň öňüni almak, olary irki döwürlerde anyklamak we netijeli bejermek bilen çäklenmän, eýsem, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ilaty köpçülikleýin bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaga işjeň çekmek wezipelerini hem öz içine alýar.

Strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamy dünýä standartlarynyň derejesine çykaryldy. Ýurdumyzda halka hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşleri giňeldildi we hili ep-esli ýokarlandyryldy. Munuň özi ugurdaş düzümleriň yzygiderli ösdürilmegi hem-de döwrebaplaşdyrylmagy esasynda mümkin boldy. Olaryň üsti häzirki zaman, Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilen bejeriş-anyklaýyş, ylmy-kliniki merkezleri bilen yzygiderli ýetirilip durulýar.

2023-nji ýylyň fewralynda hormatly Prezidentimiz ýöriteleşdirilen lukmançylyk desgalarynyň 3-sini gurmak barada Kararlara gol çekdi. Olar Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi, Stomatologiýa merkezi we Halkara pediatriýa merkezidir. Geçen ýylyň mart aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bu desgalaryň düýbüni tutmak dabaralary boldy.

Täze bejeriş usullarynyň ornaşdyrylmagy, hassalara dünýä lukmançylygynyň gazananlarynyň ähli hyzmatlarynyň diýen ýaly hödürlenilmegi ýokary hünär derejeli lukmanlary taýýarlamak wezipesini hem göz öňünde tutýar. Türkmen hünärmenleri hünär derejelerini ýokarlandyrmak üçin Ýewropanyň we dünýäniň beýleki döwletleriniň lukmançylyk merkezlerine yzygiderli iberilýär.

Ähli ulgamlarda bolşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamynda hem sanly tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Göni wideoaragatnaşyk ulgamy keselleri anyklamak, bejermek we öňüni almak boýunça daşary ýurtly hünärmenler bilen tejribe alyşmaga mümkinçilik döredýär. «Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny esasynda döredilen Türkmenistanyň lukmanlarynyň jemgyýetçilik guramasy ilatyň saglygyny goramak boýunça alnyp barylýan işleri dünýä standartlaryna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Geçen ýylyň 1-nji iýulynda bu iri guramanyň goldaw bermeginde geçirilen halkara ylmy maslahatyň Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň desgalarynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli guralan möhüm çäreleriň biri bolandygyny bellemek gerek. Foruma ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň edaralarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, daşary ýurtly myhmanlar — kompaniýalaryň wekilleri, Germaniýanyň, Russiýanyň, Belarusuň, Türkiýäniň, Eýranyň we beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy hassahanalarynyň, institutlarynyň professorlary, hünärmenleri gatnaşdylar.

Ýeri gelende bellesek, kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesini alan Arkadag şäheri jemgyýetçilik saglygyny goramak, öňdebaryjy usullary we tehnologiýalary üstünlikli ornaşdyrmak babatda görülýän düýpli çäreleriň aýdyň görkezijisi boldy. «Geljegiň şäheri» diýlip ykrar edilen Arkadag şäheriniň durmuş infrastrukturasynyň hatarynda 350 orunlyk köpugurly hassahana, 150 orunlyk onkologiýa merkezi, 150 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, «Tiz kömek» merkezi, saglyk öýi bar. Bu şäheriň ähli ugurlar boýunça halkara standartlara laýyk gelýän köpugurly hassahanasyna Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «KTQ International GmbH» kompaniýasynyň şahadatnamasynyň, şeýle hem Niderlandlar Patyşalygynyň «Philips Medical Systems» kompaniýasynyň güwänamalarynyň gowşurylandygyny bellemek gerek.

«Akylly» şäherde bilim ulgamyna hem uly üns berlipdir. Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi ýaşlara saýlap alan hünärini öwrenmäge we ele almaga giň mümkinçilikleri döredýär. Ilatyň saglygyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmek üçin şertleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen, Arkadag şäherinde köpugurly sport toplumy, sport merkezi, 10 müň orunlyk stadion guruldy. «Akylly» şäherde mümkinçiligi çäkli adamlar üçin hem ähli zerur şertleriň göz öňünde tutulandygyny bellemek möhümdir. Durmuş ugurly syýasaty alyp barýan döwletimiz olara hemmetaraplaýyn goldaw berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ene-atasyndan jyda düşen we aýratyn durmuş goldawyna mätäç bolan ýaşajyk raýatlarymyz baradaky aladany baş maksat edinip, giň gerimli işleri amala aşyrýar. Gaznanyň ştab-kwartirasy Arkadag şäheriniň çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň edara binasynda ýerleşýär. Haýyr-sahawat gaznasyndan paýtagtymyzdaky hem-de welaýatlardaky hassahanalarda dürli operasiýalary geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän ýaş türkmenistanlylaryň bejergi işleriniň çykdajylaryny tölemek we olara saglygy goraýyş maksatly zerur serişdeleri satyn almak üçin pul serişdeleri yzygiderli bölünip berilýär. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç çagalaryň hossarlarynyň ýüz tutmagy bilen, ýurdumyz boýunça jemi 260 sany operasiýa geçirildi. Şol sanda ýürek-damar ulgamynyň bozulmalaryny we daýanç-hereket ediş ulgamynyň kesellerini bejermek üçin operasiýalar ýerine ýetirildi, şeýle-de beýleki bejeriş-anyklaýyş işleri alnyp baryldy. Ýurdumyzyň welaýatlaryndaky hassahanalaryň çagalar bölümlerine «Tiz kömek» awtoulaglary berildi.

Mätäje goldaw bermek halkymyza mahsus esasy aýratynlyklaryň biridir. Gadymdan gelýän asylly däplerimiz ene-atasyndan jyda düşen çagalary aýratyn üns-alada bilen gurşap almagy ündeýär. Ata-babalarymyz milli ýörelgelerimize esaslanýan bu däplere üýtgewsiz eýerip gelipdir. Çylşyrymly durmuş ýagdaýyna düşen daşary ýurtly çagalar hem ünsden düşürilmeýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde Türkiýe Respublikasynyň, Owganystanyň ýertitreme, Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitiniň suw almagy zerarly ejir çeken çagalaryna, Ukrainanyň we Palestinanyň çagalaryna ynsanperwerlik kömegi berildi.

Ýurdumyzda “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamynda kanunçylyk namalarynyň, milli we döwlet maksatnamalarynyň tutuş toplumy kabul edildi. Olar döwrüň talaplaryna we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maslahatlaryna laýyklykda yzygiderli täzelenilýär. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa»; «Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama»; “2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýa”; «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» hem-de «Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Strategiýa» bar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny gazanmak, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň aprel aýynda gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanda ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnama», ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy, şeýle hem Milli maksatnamany amala aşyrmak boýunça pudagara utgaşdyryjy topar döredildi.

Ýurdumyzyň ösen şypahana-sagaldyş merkezleriniň ulgamy Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň saglyklaryny dikeltmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Täze, döwrebap şypahanalaryň gurulmagy we ýurdumyzyň meşhur sagaldyş merkezleriniň durkunyň täzelenilmegi netijesinde, bu ulgamyň infrastrukturasynyň üsti yzygiderli ýetirilýär. Keşbi tanalmaz derejede özgeren, durky düýpli täzelenen şypahanalar diňe bir dünýäniň belli bejeriş-öňüni alyş merkezleri bilen deňleşmek bilen çäklenmän, eýsem, enjamlaşdyrylyşy we hödürleýän hyzmatlarynyň gerimi boýunça olardan öňe hem saýlanýar. Ahal welaýatyndaky «Arçman», «Ýyly suw» we «Bagabat», Balkan welaýatyndaky «Mollagara», «Awaza» şypahanalary, Daşoguz welaýatyndaky «Daşoguz» şypahanasy, Lebap welaýatyndaky «Farap», Mary welaýatyndaky «Baýramaly», Aşgabat şäherindäki «Berzeňňi» şypahanalary tutuş ýylyň dowamynda saglygyny dikeldýänleriň köp sanlysyny kabul edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň 2023-nji ýylyň oktýabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda goşmaça binalar toplumy gurlar hem-de ozal bar bolan «A» we «B» binalarynyň durky täzelener. Deňziň kenarynda ýerleşýän köpugurly dynç alyş toplumy bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem innowasion sagaldyş infrastrukturasy işjeň kemala gelýär. Giň gerimli taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň esasy maksady bu ajaýyp künjegiň ägirt uly sagaldyş mümkinçiliklerinden peýdalanmakdan ybaratdyr.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan türkmen işewürleri hem dermanhana ulgamynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýarlar. 2023-nji ýylda Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde we Mary welaýatynyň edara ediş merkezi Mary şäherinde täze hususy dermanhanalar açyldy.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatdaky oňyn tejribesi dünýä bileleşiginiň, iri halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, ÝUNISEF-niň we beýlekileriň giň ykrarnamasyna eýe boldy.

2023-nji ýylyň martynda Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow guramanyň ähli agzalary üçin elýeterli bolan ýokanç kesellere garşy göreşmek boýunça Bitewi maglumat we usulyýet bankyny döretmegiň zerurdygyny aýratyn nygtady. Bu ugurda bilelikde işlemek üçin ilkinji ädim hökmünde geçen ýylyň 8-9-njy dekabrynda Aşgabatda türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmaga köp sanly diplomatlar, Goşulyşmazlyk Hereketine agza döwletleriň 30-a golaýyndan lukmançylyk edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň we BMG-niň beýleki düzümleriniň wekilleri çagyryldy. 2023-nji ýylyň ähmiýetli wakalarynyň birine öwrülen bu giň gerimli forumyň gün tertibine möhüm meseleleriň giň toplumy girizildi. Maslahatda koronawirus pandemiýasy we ondan soňky döwürde gazanylan tejribä esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň gurallaryny işläp taýýarlamaga aýratyn üns berildi.

Türkmenistan iri halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynyň meseleleri boýunça netijeli gatnaşyklary yzygiderli ýola goýmak esasynda aýry-aýry ýurtlar bilen hem hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Şonuň esasynda bolsa dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk edaralary, ylmy-barlag merkezleri bilen ýakyn gatnaşyklar ýola goýuldy. Däp bolan Türkmen-german lukmançylyk forumy munuň aýdyň güwäsidir. Sanly ulgam arkaly guralýan foruma GFR-iň öňdebaryjy klinikalarynyň professorlary we lukmanlary, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary, paýtagtymyzyň ylmy-kliniki merkezleriniň, welaýat saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşýarlar.

2023-nji ýylyň dekabrynda nobatdaky XI forum geçirildi. Ony guramak baradaky ylalaşyk türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Germaniýa amala aşyran saparynyň dowamynda gazanyldy. Türkmen-german lukmançylyk forumy iki ýurduň lukmanlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge, Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary, enjamlary ornaşdyrmak, ylmy işgärleri we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamaga ýardam berýär.

Geçen ýylyň 10 — 12-nji oktýabrynda Aşgabatda ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we onuň çäklerindäki ylmy maslahat saglygy goraýyş ulgamynyň soňky gazananlaryny aýdyňlygy bilen şöhlelendirdi. Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan we her ýyl geçirilýän bu giň gerimli gözden geçirilişe derman serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny we sarp ediş serişdelerini, tebigy kosmetiki önümleriň köp sanly görnüşlerini, çaga iýmitini öndürýän, dürli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň 150-den gowragy gatnaşdy.

Serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň XV jildiniň tanyşdyrylyşy boldy. Kitap ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda çapdan çykdy. Türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikler baradaky bu ylmy-ensiklopedik eser dünýä dilleriniň köpüsinde neşir edilip, millionlarça daşary ýurt okyjylaryna elýeterli boldy hem-de lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi.

Utgaşykly görnüşde geçirilen ylmy maslahatyň barşynda ilatyň saglygyny goramak, türkmenistanlylary sagdyn durmuş ýörelgesine, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek boýunça alnyp barylýan köpugurly işler beýan edildi. Forumyň işi Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň iri edaralarynda geçirilen 15 bölümçede dowam etdi. Maslahatda, hususan-da, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna milli saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň we hemmetaraplaýyn ösdürmegiň mümkinçilikleri bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.

Halkara serginiň we maslahatyň çäklerinde sanly ulgam arkaly geçirilen ýaş alymlaryň «Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» atly halkara bäsleşiginiň jeminiň jemlenendigini hem bellemek gerek. Bäsleşige Azerbaýjandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gruziýadan, Hytaýdan, Malaýziýadan, Özbegistandan, Russiýadan, Täjigistandan, Türkiýeden we Wýetnamdan ýaş alymlardyr hünärmenler möhüm ugurlar boýunça ylmy işlerini, taslamalaryny hödürlediler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permanlaryna laýyklykda hem-de tabşyrygy boýunça saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda tapawutlanan işgärleri, saglygy goraýyş, ynsanperwerlik, haýyr-sahawat işleriniň ösüşine uly goşant goşan adamlary Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli döwlet Baştutanymyzyň adyndan paýtagtymyzyň we welaýatlaryň lukmançylyk edaralaryna “Toyota Camry” awtoulaglarynyň 60-dan gowragy sowgat berildi. Şeýle-de 8-9-njy oktýabrda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde “Türkmenistan — bagtyýar, sagdyn we ruhubelent ýaşlaryň ýurdy” şygary astynda bedenterbiýe-sport, sagdynlyk çäreleri hem geçirildi.

Şol günler paýtagtymyzda geçirilen “Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy” atly halkara ylmy maslahat dünýä jemgyýetçiliginde uly seslenme döretdi. Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleri hem-de Ylymlar akademiýasy tarapyndan bilelikde utgaşykly görnüşde guralan forum halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, dünýä ylmynda Awisenna ady bilen meşhur bolan X-XI asyrlaryň beýik alymynyň, akyldarynyň we lukmanynyň baý, köptaraply mirasyny wagyz etmäge gönükdirildi.

Geçen ýylyň noýabrynda BSGG-niň Ýewropa sebit edarasy tarapyndan düzülen Ýewropanyň tehniki maslahat beriş bilermenler toparynyň güwänamasynyň gowşurylmagy ilatyň saglygyny goramak ulgamynda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýany boldy. Bu güwänama Türkmenistanyň immunizasiýa arkaly wirusly gepatitiň B görnüşine garşy göreş babatda sebitleýin maksatly görkezijileri ýerine ýetirendigini tassyklaýar. Onuň tutuş Ýewropa sebitinde jemgyýetçilik saglygyna abanýan howp hökmünde wirusly gepatitleri aradan aýyrmak boýunça maksatlary ýerine ýetirmekde uly ähmiýeti bardyr. Bu waka mynasybetli Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Hökümet agzalarynyň, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň, BMG-niň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda «Arkadagyň ýola goýan saglyk sahawaty — bagtyýar durmuşyň gözbaşy» atly maslahat geçirildi.

Saglygy goraýyş ulgamynda gazanan üstünlikleri mynasybetli ýurdumyza birnäçe güwänamalaryň gowşurylmagy halkara ähmiýetli wajyp waka boldy. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň Hökümetiniň hemmeler üçin ýokary hilli dermanlara elýeterliligi, lukmançylyk hyzmatlarynyň yzygiderliligini we hilini üpjün etmek arkaly saglygy goraýşyň hyzmatlarynyň ählumumy gurşawynyň ýolunda ösüşi çaltlandyrmak boýunça möhüm tagallalary üçin» atly güwänamany; Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäherindäki Gauting Supramilli Referens barlaghanasy tarapyndan Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Merkezleşdirilen barlaghanasynyň molekulýar barlaglarynyň hiline daşarky baha beriş işleriniň üstünlikli geçirilendigini tassyklaýan üç sany güwänamany; Morfologiýa merkeziniň düzümindäki Merkezi kazyýet lukmançylyk edarasynyň kazyýet-himiýa barlaghanasyna berlen Halkara akkreditasiýa güwänamasyny görkezmek bolar.

Täze güwänamalaryň we şahadatnamalaryň berilmegi milli saglygy goraýyş ulgamynyň abraýynyň barha belende galýandygynyň hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak boýunça alnyp barylýan nusgalyk işe ýokary baha berilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy. Olary gowşurmak dabarasy 2023-nji ýylyň dekabrynda guralan halkara ylmy-amaly maslahatyň we köpugurly serginiň çäklerinde geçirildi. Bu forum Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerini jemlän özboluşly çärä öwrüldi.

Ähli ugurlarda uly üstünlikleri gazanan we aýratyn tapawutlanan ýaş nesliň wekillerine döwlet sylaglary gowşuryldy. Olar halkara derejeli bilim, sport ýaryşlarynda, olimpiadalarda köp sanly ýeňişleri gazanyp, Watanymyzyň Döwlet baýdagyny belentde parlatdylar.

Ýeri gelende bellesek, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, bedenterbiýäniň we sportuň wagyz edilmegi jemgyýetiň hem-de döwletiň bähbidine ýaşlaryň mümkinçiliklerini has doly derejede durmuşa geçirmäge gönükdirilen ýaşlar syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Işjeň dynç almak üçin ýörite zolaklaryň, sport meýdançalarynyň döredilmegi ýaşaýyş jaý toplumlarynyň taslamalaryna bildirilýän üýtgewsiz talap bolup durýar. Munuň özi ilatyň, ozaly bilen, ýaş nesliň saglygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Bilim we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň gurluşygynda sport desgalarynyň göz öňünde tutulmagy üýtgewsiz şertdir. Olaryň düzümine häzirki zaman sport zallary, futbol, basketbol, woleýbol meýdançalarydyr ýüzülýän howuzlar, tennis meýdançalary we beýlekiler girýär. Umumybilim berýän, hünär-tehniki we ýokary okuw mekdepleriniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda, welaýatlarda her ýyl geçirilýän köpçülikleýin sport ýaryşlary ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegine uly itergi berýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde BMG-niň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň Türkmenistandaky wekilhanalary bilen bilelikde maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda “Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasyny” amala aşyrmak, şeýle hem bedenterbiýe we sport arkaly parahatçylygy, gender deňligini ilerletmäge ýaşlaryň gatnaşmagynyň gurallaryny pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de BMG-niň Ilat gaznasynyň arasyndaky iş meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreler üstünlikli geçirildi.

Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 3-nji iýunyň “Bütindünýä welosiped güni” diýlip yglan edilmegi, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň sporty ösdürmekdäki, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ilerletmekdäki üstünlikleriniň halkara bileleşigiň ýokary bahasyna eýe bolýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Däp bolşy ýaly, 2023-nji ýylda hem Bütindünýä welosiped güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi bolmak bilen, sport bilen meşgullanmaga uly üns berýär. Şeýle-de türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berip, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýar.

Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy ýurdumyzyň sport diplomatiýasynyň ýene-de bir ajaýyp üstünligi boldy. Mälim bolşy ýaly, bu komitet sportuň ornuny giňeltmek we ony döwlet syýasatynyň düzümine girizmek maksady bilen, 1978-nji ýylda döredildi.

Döwrebap sport infrastrukturasyny kemala getirmegiň çäklerinde ähli ýerlerde dürli sport desgalary — stadionlar, aýlawlar, awtodromlar, tennis meýdançalary, howuzlar, köpugurly toplumlar guruldy we gurulmagy dowam edýär. Aşgabatda sportuň Olimpiýa görnüşleri boýunça häzirki zaman toplumlaryny özünde jemleýän, Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy türkmen sportuny täze derejä çykarmaga şert döretdi. Hut şol ýerde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üstünlikli geçirildi. Ol milli sportumyzyň taryhynda täze ajaýyp sahypany açdy. Bu waka Türkmenistanyň iri ýaryşlary ýokary derejede guramaga we geçirmäge ukyply ýurtlaryň hataryna girýändigini, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň bähbidine durmuşa geçirilýän sport diplomatiýasynyň üstünliklere beslenýändigini görkezdi.

Geçen ýylyň iýun aýynda paýtagtymyz 12 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň toparlaýyn ýaryşynyň ikinji gezek geçirilen ýeri boldy. Onda alty ýurduň — Türkmenistanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň ýaş türgenleri bäsleşdiler. Bularyň ählisi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Diýarymyzda sporty ösdürmäge, hemmetaraplaýyn sagdyn ýaş nesli terbiýelemäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär.

2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň paýtagty Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamagyň çäklerinde türgenlerimiz sportuň 9 görnüşi boýunça GDA döwletlerinde, Türkiýede, Polşada, Litwada, Kuweýtde, Birleşen Arap Emirliklerinde, Gruziýada, Bosniýa we Gersegowinada, Ýaponiýada geçirilen halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna gatnaşdylar. Türgenlerimiziň halkara ýaryşlarda gazanýan ýeňişleri we üstünlikleri Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyzyň dünýä derejesindäki sport döwleti hökmünde abraýynyň has-da belende galmagyny şertlendirýär.

Dört yklymdan — Aziýanyň, Afrikanyň, Ýewropanyň, Günorta we Demirgazyk Amerikanyň 45 döwletinden 181 türgeniň gatnaşmagynda 23 — 28-nji noýabrda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde geçirilen Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionaty ýurdumyzyň we dünýäniň sport taryhynda geçen ýylyň möhüm ähmiýetli wakasy boldy. Halkara kuraş assosiasiýasy bilen bilelikde dünýä derejesindäki ýaryşyň geçirilmegi Aşgabadyň ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülendigine şaýatlyk edýär. Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen çempionat Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň ajaýyp ýeňşi bilen tamamlandy. Türkmen türgenleri 15 agram derejesinde çykyş edip, jemi 15 medal gazandylar. Şolaryň 5-si altyn, 6-sy kümüş, 4-si bürünç medallardyr. Bu ýaryşyň üstünliklere beslenmegi Watanymyzyň iri halkara sport ýaryşlaryny mynasyp derejede kabul etmäge ukyply sport döwleti hökmündäki abraýyny nobatdaky gezek tassyklap, ähli ildeşlerimiziň buýsanjyny has-da artdyrdy.

Milli sportumyzy ösdürmäge uly goşant goşan, iri halkara ýaryşlarda baýrakly orunlary eýelän türgenleri sarpalamak çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Geçen ýylyň 7-nji aprelinde we 25-nji maýynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda abraýly halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş eden türgenlerimizi sylaglamak dabaralary geçirildi. Olara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan, şeýle hem Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen halkara forumyň çäklerinde Kuraş boýunça dünýä çempionatynda ýokary netijeleri gazanan türgenleri, şeýle-de ýaşlary sport bilen meşgullanmaga çekmek ugrundaky tagallalara şahsy goşandyny goşan tälimçileri nobatdaky gezek sylaglamak dabarasy geçirildi. Türgenlere hem-de ýurdumyzyň tälimçi-mugallymlaryna sowgat hökmünde 2023-nji ýylda öndürilen 2 sany «Toyota Camry V6» we 5 sany «Toyota Fortuner SR5» kysymly awtoulagyň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. 2023-nji ýylda döredilen, şol ýylyň özünde-de futbol boýunça Türkmenistanyň çempiony we ýurdumyzyň Kubogynyň eýesi bolan «Arkadag» futbol toparyna «MAN RR3 19.440 EEV» kysymly awtobusyň açary gowşuryldy.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türgenler we tälimçiler bilen bir hatarda, dürli ugurlarda zähmet çekip, aýratyn tapawutlanan ýaş hünärmenlere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy milli sport ulgamynda gazanylan üstünliklere berilýän ýokary bahanyň aýdyň güwäsidir.

2023-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary jemi 423 sport çäresine, şol sanda 192 sany halkara ýaryşa gatnaşyp, 812 medal (232 altyn, 237 kümüş we 343 bürünç) gazandylar. 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, bu görkeziji 199 göterim ýokarydyr.

Küşt boýunça milli ýygyndy toparymyzyň türgeni Saparmyrat Atabaýew 2023-nji ýylyň 5 — 9-njy dekabrynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen “Rokirowka — 2023” atly küşt festiwalynda altyn medala mynasyp bolup, grossmeýster derejesini almak üçin bildirilýän ähli talaplary ýerine ýetirdi. Bu ýeňişler watansöýüjiligiň, tutanýerliligiň hem-de hakyky ussatlygyň nusgasyny görkezmek bilen, türgenlerimiziň eziz Watanymyzyň sport abraýyny mynasyp goraýandyklaryny aýdyň şöhlelendirýär.

Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleri bolan Arkadag şäherinde 2023-nji ýylda futbol toparynyň döredilmegi ýurdumyzyň sport durmuşynda möhüm ähmiýetli waka boldy. Eýýäm ilkinji ýyldan “Arkadag” futbol toparynyň Türkmenistanyň çempionatynda üstünlikli çykyş etmegi, şeýle hem Türkmenistanyň Kubogyna eýe bolmagy onuň geljeginiň uludygyny görkezýär.

30-njy dekabrda Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow köpugurly sport toplumyna baryp, futbol toparynyň türgenleri we ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz futbol toparynyň oýunçylaryny gazanylan üstünlik bilen gutlap, olaryň türkmen sportunyň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galmagyna mundan beýläk-de mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi hem-de “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da täze ýeňişleri gazanmaklaryny arzuw etdi.

Şeýlelikde, saglygy goraýyş we sport ulgamynda 2023-nji ýylyň şular ýaly ähmiýetli wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy şol syýasatyň baş maksadydyr.