Ï Obasenagat toplumy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2023-nji ýyl: Obasenagat toplumy

view-icon 3471

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçen 2023-nji ýyl hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bäsdeşlige ukyply obasenagat toplumyny kemala getirmegi, azyk howpsuzlygyny üpjün etmegi we ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagy maksat edinýän döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini ýene bir gezek aýdyň görkezdi.

Oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilerine hemmetaraplaýyn goldaw bermegi ugur edinýän oýlanyşykly strategiýa bu toplumyň okgunly ösmegini şertlendirýär. Şunda oba hojalygynyň düzümleýin döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün etmek, pudagyň düşewüntliligini artdyrmak, oba ýerlerinde täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, dürli hojalyk düzümleriniň arasynda bäsdeşlige ukyply gurşawy döretmek, ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, oba hojalyk ylmyny hem-de seçgiçiligi ösdürmek, innowasiýalary, iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary, dolandyryşyň, bazar gatnaşyklarynyň öňdebaryjy usullaryny giňden ornaşdyrmak, oba ýerlerinde durmuş meselelerini netijeli çözmek esasy ugurlaryň hatarynda durýar.

Oba hojalyk pudagyny dolandyrmagyň netijeli ulgamyny döretmek ýurdumyzda durmuşa geçirilýän syýasatyň möhüm ugrudyr. Obasenagat toplumyny düýpli özgertmek we kämilleşdirmek arkaly onuň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bölünmegi arkaly, onuň binýadynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligini döretmek hakynda Permana gol çekdi.

Oba hojalyk özgertmelerini tapgyrlaýyn esasda durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan ulgamlaýyn çäreler, ykdysady, salgyt we hukuk gurallarynyň netijeli ulanylmagy diňe bir hil taýdan däl, eýsem, mukdar taýdan hem oňyn görkezijileriň gazanylmagyna şert döretdi. Soňky ýyllarda bu pudak durnukly ösmegini dowam etdirýär. Oba hojalyk toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagyna häzirki zaman usulynda çemeleşilýändigini «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» hem tassyklaýar. Pudagy ösdürmekde Oba milli maksatnamasyna-da aýratyn orun degişlidir. Oňa laýyklykda, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda azyk, guşçulyk, et we süýt önümçilik kärhanalarynyň senagat kuwwatlyklaryny artdyrmak üçin şertler döredilýär.

Azyk bolçulygyny üpjün etmekde uly üstünlikleriň gazanylandygyny geçen ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 15 ýyllygy mynasybetli guralan sergi hem aýdyň görkezdi. Hususy önüm öndürijiler oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmelere uly goşantlaryny goşmak bilen, täze agrotehnologiýalary, suw tygşytlaýjy ulgamlary, ylmyň soňky gazananlaryny we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrýarlar, ekologik taýdan arassa gök önümleri, miweleri ýetişdirýärler. Telekeçiler ýyladyşhanalarda gök-bakja ekinlerini, hususan-da, ýurdumyzyň eksport edýän azyk harytlarynyň arasynda uly paýy bolan pomidorlary ýetişdirmekde baý tejribe topladylar. Sergi pawilýonlarynda görkezilen ekologik taýdan arassa önümler munuň aýdyň güwäsi boldy. Bu ulgamyň iri kärhanalarynyň sergide görkezen süýji-köke we çörek önümleriniň köpdürli görnüşleri guwandyryjydyr. Süýjüleriň, şokoladlaryň, kökeleriň, waflileriň we beýleki datly önümleriň dürli görnüşleri diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, onuň çäginden daşarda hem uly islegden peýdalanýar.

Mälim bolşy ýaly, obasenagat toplumynyň ösdürilmegi köp babatda ýer-suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna baglydyr. Ýurdumyzda ekerançylyk ýerlerini suwarmak, gidrodesgalary gurmak we ulanmaga bermek meselelerinde ägirt uly tejribe toplandy. Suwdan peýdalanmagyň öňdebaryjy we ykdysady taýdan amatly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrylýar. Gurak howaly gurşawdaky oba hojalygy suw hojalyk taslamalaryny durmuşa geçirmekde gazanylan üstünlikleriň hasabyna özüniň oňyn netijesini berýär. Garagum sährasynda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň döredilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Bu innowasion taslama dünýäniň suw serişdelerini we daşky gurşawy aýawly saklamak bilen bagly ählumumy meseleleri çözmek işine ýurdumyzyň işjeň gatnaşýandygyny subut edýär. Onuň durmuşa geçirilmegi diňe bir ýurdumyzyň oba hem-de suw hojalygyny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin täze mümkinçilikleri we gözýetimleri açmak bilen çäklenmän, eýsem, tutuş sebitiň ekologik ýagdaýyna hem oňyn täsirini ýetirer.

Döwletimiziň tebigaty goramak syýasatynda Milli tokaý maksatnamasyna-da möhüm orun degişlidir. Onuň amala aşyrylmagyna ýurdumyzyň ähli ilaty işjeň gatnaşýar. Seýilgähleriň, seýilbaglaryň hem-de tokaý zolaklarynyň çägi müňlerçe gektar meýdany eýeleýär. Sanlyja ýyllaryň içinde ýurdumyzyň şäher we tebigy gurşawy tanalmaz derejede özgerdi. Awtomobil, demir ýollaryň ugurlarynda tokaý zolaklary emele getirilip, derýalaryň, akabalaryň kenarlary gür baglyga bürenýär. Hazar deňziniň ekologik taýdan arassa kenarynda täsin tebigy künjekleri bilen giňden meşhur bolan dünýä derejeli dynç alyş merkezi — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy hereket edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bu ugurda durmuşa geçirilýän syýasatyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça ileri tutýan maksatlary, wezipeleri, durnukly ösüşiň Gün tertibini durmuşa geçirmek bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny bellemek gerek. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde geçen ýylyň dekabrynda döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (СOP28) gatnaşandygyny görkezmek bolar. Hormatly Prezidentimiz maslahatda eden çykyşynda ählumumy azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda howanyň üýtgemeginiň täsiriniň örän uludygyny nazara almak bilen, Türkmenistanyň Durnukly oba hojalygy, durnukly azyk ulgamlary we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça Emirlikler Jarnamasyny doly goldaýandygyny aýtdy. Nygtalyşy ýaly, döwletimiz howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ulgamynda milli Hökümetleriň we ýerli häkimiýetleriň arasynda utgaşykly hereketiň möhümdigini ykrar etmek bilen, Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça belent maksatly, köp derejeli hyzmatdaşlyk üçin “СOP28” koalisiýasyny döretmek hakyndaky başlangyjy goldamaga taýýardyr.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň milli bähbitlerini nazara alyp, Emirlikler Jarnamasynyň maksatlaryna ýetmek üçin gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen oba hojalygy, ekologiýa, energetika, maliýe, saglygy goraýyş ulgamlarynda sebit we ählumumy derejede hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady.

Ýurdumyz BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip, üçünji müňýyllygyň ösüş maksatlarynyň biri hökmünde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda gazanan üstünlikleri üçin ýörite sylaga mynasyp boldy. Bu gurama oba hojalygyny daşky gurşawyň täsirlerine uýgunlaşan usullar esasynda ösdürmekden azyk önümleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamyny kämilleşdirmäge çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde Türkmenistanyň ähli tagallalaryny goldaýar. Ýurdumyzda azyk ulgamynda sebitleýin hem-de halkara hyzmatdaşlygy höweslendirmäge gönükdirilen dürli çäreleriň geçirilmegi BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Azyk we oba hojalyk guramasy bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň netijesidir.

Şunda geçen ýylyň martynda Aşgabatda geçirilen “Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň oba hojalyk ministrleriniň duşuşygynyň bolandygyny bellemek ýerlikli bolar. Türkmenistanyň Hökümeti hem-de BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) tarapyndan BMG-niň ýurdumyzdaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň goldaw bermeginde bilelikde guralan forum azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly möhüm ugurda sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk meýdança boldy. Utgaşykly görnüşde geçirilen duşuşyga FAO-nyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gusu, FAO-nyň Baş direktorynyň orunbasary, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Wladimir Rahmanin, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem Eýranyň wekilleri gatnaşdylar.

Umuman, Aşgabat forumy azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly möhüm ugurda sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk meýdança öwrüldi. Duşuşyga abraýly halkara guramalaryň we maliýe düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagy bu meseläniň aýratyn wajypdygyna şaýatlyk edýär. Häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, bu ulgamdaky wezipeleri çözmek üçin tagallalaryň birleşdirilmegi ählumumy durnuklylygyň we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmeginiň aýrylmaz şerti bolup çykyş edýär. Duşuşygyň gün tertibine azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly möhüm ugurda sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň meseleleri girizildi, hususan-da, dünýäniň oba hojalyk önümçiliginiň bökdençsiz işledilmegi üçin howanyň üýtgemeginiň, azyk ulgamynyň we durmuş-ykdysady şertleriň berk özara baglanyşygy bellenildi, howanyň üýtgemeginiň daşky gurşawa ýetirýän ýaramaz täsirini peseltmek, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak üçin oba hojalyk önümçiligine ekologik taýdan arassa “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, azyk önümlerini ibermegiň durnukly ulag akymlaryny döretmegiň zerurdygy nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda FAO bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Azyk ulgamyndaky sebit we halkara hyzmatdaşlygyň höweslendirilmegine gönükdirilen çäreleriň Aşgabatda geçirilmegi hem bu hyzmatdaşlygyň netijesidir. Şunuň bilen baglylykda, howanyň üýtgemeginiň oba hojalygyny alyp barmakdaky däp bolan tejribä üýtgeşmeleri girizýändigi, munuň bolsa dessin çäreleriň görülmegini talap edýändigi bellenildi. Şeýlelikde, häzirki günde sebitiň we dünýäniň ýurtlarynyň öňünde obasenagat toplumyny has netijeli, daşarky täsirlere, ýüze çykýan täze şertlere uýgunlaşmaga ukyply görnüşe getirmek ýaly möhüm wezipe goýuldy.

Döwrümiziň derwaýys meselelerini çözmekde işjeň orny eýeleýän ýurdumyz Araly halas etmegiň halkara gaznasy, beýleki abraýly guramalar hem-de düzümler bilen, hususan-da, BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we giňeltmek ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, 15-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.

Gaznanyň ähli agzalary ýaly, Türkmenistanyň hem diňe bir giň gerimli milli taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen çäklenmän, Aral sebitinde durmuş-ykdysady, ekologik ýagdaýy gowulandyrmak, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly möhüm meseleleri çözmek boýunça sebit hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine işjeň ýardam berýändigini bellemek gerek. Munuň özi diňe sebit däl, ählumumy derejede-de uly ähmiýete eýedir.

Türkmenistan öz toplan baý tejribesini hem-de döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirmegi ugur edinip, hemişe Merkezi Aziýada ýüze çykýan suw we ekologik meselelere halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda, sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini hasaba almak bilen, halkara guramalaryň işjeň gatnaşmagynda garalmagy ugrunda çykyş edýär. Diňe sebitiň ýurtlarynyň tagallalarynyň birleşdirilmegi bu meseläni çözmekde netijeli döwletara hyzmatdaşlyk üçin ýeke-täk kabul ederlikli şert bolup durýar.

Türkmen tarapynyň öňe sürýän anyk başlangyçlary, şol sanda suw meseleleri boýunça köptaraplaýyn diplomatik geňeşmeleriň täze görnüşi hökmünde suw diplomatiýasyny ilerletmek babatda beýan eden teklipleri Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm maksatlary we wezipeleri, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça wezipeler bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Türkmenistan Merkezi Aziýada suw serişdeleriniň goralmagyna hem-de rejeli peýdalanylmagyna gönükdirilen halkara resminamalary işläp taýýarlamak we kabul etmek çärelerini çaltlandyrmak meselesini möhüm hasaplaýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynda Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisi bilen bilelikde sebitde suw diplomatiýasynyň ilerledilmegine aýratyn üns berýändigini belledi. Mälim bolşy ýaly, şu maksat bilen, biziň ýurdumyz Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň dowamynda Merkezi Aziýa Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjyny öňe sürdi. Bu resminamada suw meseleleri boýunça biziň döwletlerimiziň özara hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk, sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitleriniň hasaba alynmagyna esaslanýan syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň esasy ýörelgeleriniň we düzgünleriniň berkidilmegi maksadalaýyk bolardy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýa Suw strategiýasy geljekde BMG-niň Ählumumy suw strategiýasyny işläp taýýarlamak üçin esas bolup biler.

Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistan tarapyndan azyk howpsuzlygy, daşky gurşawyň abadançylygy, şol sanda ekologiýa we suw diplomatiýasynyň möhüm meseleleri boýunça öňe sürlen teklipler halkara jemgyýetçiligiň giň seslenmesine mynasyp boldy.

Oba hojalygyny ykdysadyýetiň ýokary girdejili pudagyna öwürmek üçin bar bolan mümkinçilikler netijeli peýdalanylýar we bu ugurda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde, pudagyň işgärlerine hemmetaraplaýyn goldaw berilýär, şol sanda täze tehnikalary satyn almaga, obasenagat toplumynyň ähli önümçilik infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen maýa goýumlar çekilýär. Daýhan birleşikleri, kärendeçiler we beýleki önüm öndürijiler zerur tehnikalar, dökünler, ýokary hilli tohumlar bilen bökdençsiz üpjün edilýär. Döwlet tarapyndan traktorlary, kombaýnlary, ekskawatorlary, buldozerleri, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlaryny satyn almak üçin ýeňillikli karzlar berilýär. Bu bolsa topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, bol hasyl almaga, netijede, hususy azyk kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda suwarymly oba hojalygyny ösdürmekde baý tejribe toplandy we suw hojalygy boýunça iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Topragyň hasyllylygyny dikeltmek, täze ekin meýdanlaryny özleşdirmek üçin giň gerimli maksatnamalar amala aşyrylýar. Melioratiw işler hem täze derejä çykaryldy.

Ylym ulgamy oba hojalygyndaky meseleleriň iş ýüzünde çözülmegine gönükdirilendir. Ugurdaş ylmy-barlag institutlarynyň, tejribe hojalyklarynyň, ylmy-önümçilik merkezleriniň tutuş ulgamy türkmen alymlarynyň ygtyýaryna berildi. Olar öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek, ylmy barlaglary geçirmek, iň esasysy bolsa, geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek üçin hakyky synag meýdançasyna öwrüldi. Şunda öňdebaryjy oba hojalyk tehnologiýalary, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerini göz öňünde tutup, ýokary hasylly ekinleri ösdürip ýetişdirmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryny ornaşdyrmak ileri tutulýan ugurlardyr.

Diýarymyzda ekerançylygyň iň möhüm ekini gowaça bolup, ony türkmen topragynda ösdürip ýetişdirmegiň gadymy we baý usullary bardyr. “Ak altyny” ösdürip ýetişdirmek we gaýtadan işlemek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň obasenagat syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunda bu geljegi uly pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, ekerançylyk medeniýetiniň ýokarlandyrylmagyna, pagta ösdürip ýetişdirmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan usullarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen bir hatarda, gowaçanyň ir ösüp ýetişmegi, hasyllylygy we süýüminiň ýokary hili bilen tapawutlanýan täze ýerli görnüşlerini döretmek ugrundaky işleriň depgini güýçlendirildi. Pagta arassalaýjy kärhanalarda ýokary hilli tohumy saýlap almaga uly üns berilýär. Munuň özi türkmen eksportynyň gymmatly önümi we dokma senagatynyň kärhanalary üçin esasy çig mal bolan “ak altynyň” önümçiliginiň möçberini artdyrmagyň möhüm şertidir. Bu kärhanalaryň önümleri Türkmenistanyň meşhur haryt nyşanlaryna öwrüldi we olar dünýäniň dürli ýurtlarynda uly islegden peýdalanýar.

Döwlet Baştutanymyzyň halkymyza Täze ýyl gutlagynda belleýşi ýaly, oba hojalyk pudagynda-da düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Edermen daýhanlarymyz bugdaýyň hem pagtanyň, şeýle-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýygnap, Watan harmanyny beýgeldýärler. Geljekde-de daýhanlarymyzy ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen, bereketli topragymyzda öndürilýän pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak meselesine serediler. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady has-da berkidiler.

Umuman, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň obasenagat toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň oba ýerlerinde täze iş usullarynyň giňden ornaşdyrylmagy arkaly üstünlikli çözülýändigini aýtmak mümkin. Daýhanlaryň yhlasly zähmetiniň netijesi hemişe-de jebis we agzybir halkymyzyň bereketli saçagynyň bezegi, Watanymyzyň abadançylygynyň hem-de gülläp ösüşiniň kepili, gadymy, baky juwan türkmen topragynyň sahawatynyň tükeniksiz çeşmesi boldy we şeýle bolmagynda-da galar.