Ï Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

view-icon 1806

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Biziň halklarymyz Nowruz baýramyny berekediň we agzybirligiň, ýagşy niýetleriň gözbaşy hasaplap, ony iň gowy arzuw-umytlar bilen garşylaýarlar. Goý, bu nurana baýram halklarymyza rysgal, şatlyk we bagtyýarlyk getirsin!

Dostluga, ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan strategik hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine okgunly ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, şu baýram günlerinde Size jogapkärli döwlet işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa bagtyýarlyk, abadançylyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Kasym-Žomart TOKAÝEW,

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.


* * *


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Gyrgyz Respublikasynyň halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Sizi we Türkmenistanyň doganlyk halkyny biziň halklarymyzyň baý milli-ruhy mirasyny alamatlandyrýan Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu bahar baýramy parahatçylygyň, dost-doganlygyň dabaralanmasynyň, ösüşiň, abadançylygyň nyşanyna öwrüldi.

Gyrgyz Respublikasy Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Bilelikdäki tagallalar esasynda ikitaraplaýyn dialogy hem-de dürli ulgamlardaky gatnaşyklary ösdürmegi işjeň dowam etdirjekdigimize ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk we döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, ösüş arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Sadyr ŽAPAROW,

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.


* * *


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňizi hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkyny tebigatyň täzelenmegini, topragyň janlanmagyny alamatlandyrýan Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Nowruz mähre we söýgä ýugrulan baýramdyr. Onuň döreýiş taryhy müňýyllyklary öz içine alýan baý medeniýetli ösüş eýýamyndan gözbaş alýar. Bu baýram biziň gadymy sebitimizde ýaşap geçen ata-babalarymyzyň pähim-paýhasynyň beýanydyr, bahasyna ýetip bolmajak medeni mirasynyň bir bölegidir.

Nowruz parahat we asuda durmuşa çagyryşdyr, biziň ählimiziň özara baglanyşyklydygymyzyň nyşanydyr. Tebigatyň gaýtadan janlanmagy hem-de täzelenmegi bilen, adamlaryň kalplarynda ýagşy niýetleriň, iň gowy häsiýetleriň dörejekdigine umyt edýärin. Munuň özi jemgyýetimiziň ösmegi we kämilleşmegi üçin zerurdyr, adamlaryň ýürekleri bolsa haýyr-sahawat işleri üçin açylar.

Şu ýylda biziň goňşy ýurtlarymyzyň gatnaşyklarynyň täze derejä çykjakdygyna hem-de yzygiderli giňeldiljekdigine ynanýaryn. Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, giň gerimli işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk we bagtyýarlyk dileýärin.

Seýed Ebrahim RAISI,

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti.


* * *


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi we doganlyk türkmen halkyny ajaýyp Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Nowruz köp asyrlaryň dowamynda biziň doganlyk halklarymyzyň däp bolan dostlugyny pugtalandyrmaga, umumy taryhymyzy hem-de medeniýetimizi dabaralandyrmaga ýardam berýär.

Iki ýurduň arasyndaky dürli ulgamlardaky gatnaşyklaryň geljekde-de özara hormat goýmagyň berkidilmegine, netijeli dialogyň we işjeň hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk we uly üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Olžas BEKTENOW,

Gazagystan Respublikasynyň 

Premýer-ministri.


* * *


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Nurana, şatlykly Nowruz baýramy mynasybetli Size iň gowy gutlaglarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Nowruz türki dünýäniň örän baý medeni mirasynyň jümmüşinden gözbaş alýan baýramdyr. Ol täzelenişi, ýagşy umyt-arzuwlary hem-de baharyň gelmegini alamatlandyrýar. Bu baýram biziň jebisligimiziň we durnuklylygymyzyň nyşanydyr, sebäbi biz sazlaşyk, raýdaşlyk, abadançylyk ruhunda kämilleşmek üçin birleşýäris.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyna abadançylyk, mundan beýläk-de ösüş baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlarymy kabul ediň!

Hormatlamak bilen,

Kubanyçbek OMURALIÝEW,

Türki Döwletleriň Guramasynyň 

Baş sekretary.


* * * 


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Nowruz baýramy mynasybetli Size we Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Gadymy döwürlerden bäri uly sarpa goýulýan bu bahar baýramyny täzelenişiň, özara düşünişmegiň hem-de döredijiligiň nyşany hökmünde aýratyn mähir bilen garşylaýarys. Türkmenistanda Nowruz baýramyny bellemegiň iň gowy däp-dessurlarynyň saklanyp galandygy we baýlaşdyrylýandygy buýsançly ýagdaýdyr. Şol däp-dessurlar Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň giňişliginde dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Goý, nurana Nowruz günleri hemmelere mähir we bagtyýarlyk, rysgal, parahatçylyk, abadançylyk eçilsin!

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, bu baýram günlerinde ähli arzuwlaryňyzyň hasyl bolmagyny, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Çžan MIN,

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 

Baş sekretary.


* * *


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sankt-Peterburgyň Hökümetiniň adyndan Nowruz baýramy mynasybetli gutlaglarymy kabul ediň!

Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan bu ajaýyp baýram köp halklaryň taryhy we ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ol ýaz paslynda tebigatyň janlanmagyny, täze ýaşaýşyň başlanmagyny alamatlandyrýar. Nowruz bize agzybirlik, parahatçylyk, döredijilik ýaly mizemez gymmatlyklaryň möhümdigini ýatladýar. Bu umumy taglymlar milletine garamazdan, biziň ählimizi birleşdirýär.

Russiýanyň medeni paýtagty bolan Sankt-Peterburg üçin Nowruz baýramy aýratyn ähmiýete eýedir. Onuň özünde hoşniýetli goňşuçylygy, asyllylygy we birek-birege hormat goýmagy jemleýän çuň many-mazmuny biziň köpmilletli şäherimiziň gadymy däplerini hem açyp görkezýär.

Sankt-Peterburg Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýär. Nowruz baýramynyň birleşdiriji güýjüniň bizi täze üstünliklere ruhlandyrjakdygyna, dostlugymyzy, jebisligimizi has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn. Goý, bu baýram her bir öýe nur-bereket, şatlyk paýlasyn!

Size we ähli türkmenistanlylara berk jan saglyk, abadançylyk, üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Aleksandr BEGLOW,

Sankt-Peterburgyň gubernatory.


* * *


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Oraza aýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

MOHAMMED VI,

Marokkonyň Patyşasy.


* * *


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Uly hormat bilen Siziň Alyhezretiňizi hem-de Siziň üstüňiz bilen doganlyk türkmen halkyny mukaddes Oraza aýy mynasybetli gutlaýaryn. Size iň hoşniýetli arzuwlarymy beýan edýärin. Gudraty Güýçli Allatagaladan Size öz rehim-şepagatyny, medet bermegini dileýärin, Siziň türkmen döwletiniň we halkynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Şeýle hem ýagşylygyň we abadançylygyň nyşany bolan Oraza aýynda Gudraty Güýçli Allatagaladan biziň hemmämize sahawat eçilmegini, doga-dileglerimizi, ýagşy işlerimizi kabul etmegini dileýärin. Şu mübärek günlerde Siziň Alyhezretiňizi gutlamak hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan etmek mümkinçiligine buýsanýaryn.

Doganlyk Türkmenistan ähli döwürlerde-de öz örän baý ruhy mirasyny aýawly gorap saklaýar hem-de oňa daýanýar, azerbaýjan-türkmen dostluk gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagyna hemişe üns berýär. Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde biziň doganlyk halklarymyzyň we döwletlerimiziň öňünde ähli ulgamlarda özara gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýan häzirki döwründe Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize biziň umumy gymmatlyklarymyzy, mirasymyzy, taryhy we milli ýörelgelerimizi gorap saklamak işinde üstünlikleri dileýärin.

Siziň Alyhezretiňiz! Siziň parasatly döwlet işgäri, Türkmenistany ösdürmek we onuň abadançylygyny üpjün etmek boýunça ägirt uly işleri bitiren, meniň belent sarpa bilen doganlyk gatnaşyklaryny saklaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasy ugruny üstünlikli dowam etdirip, halklarymyzyň we dostlukly döwletlerimiziň arasynda ýola goýlan ýakyn gatnaşyklaryň umumy bähbitleriň hatyrasyna mundan beýläk-de ösdürilmegine uly goşant goşjakdygyňyza ynanýaryn.

Hormatly jenap Prezident! Sizi hem-de Siziň üstüňiz bilen tutuş türkmen halkyny nurana Nowruz baýramy we mukaddes Oraza aýy bilen ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, döwlet işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, Gudraty Güýçli Allatagala biziň halklarymyza we döwletlerimize rehim-şepagat, rysgal-bereket eçilsin! Goý, Beýik Biribar Sizi öz penasynda aman saklasyn!

Size belent hormat goýmak bilen,

Şeýh-ul-Yslam Allahşukur PAŞAZADE,

Kawkaz musulmanlar müdiriýetiniň 

başlygy, 

GDA-nyň Dinara geňeşiniň 

gezekleşikli başlygy.


* * *


Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

2024-nji ýylyň 11-12-nji martynda Aşgabatda geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisine gatnaşan wekiliýet agzalaryna bildirilen myhmansöýerlik, şeýle hem mejlisiň ýokary guramaçylyk derejesinde guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin.

Aksakgallar geňeşiniň duşuşygynyň ilkinji gezek TDG-ä synçy döwletde geçirilmegi Türkmenistanyň bu guramada netijeli başlangyçlar bilen doganlyk türki halklaryň ýakynlaşmagyndaky tagallalara goşýan goşandyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi. Siziň başlyklyk etmegiňizde geçirilen Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň gurama agza ýurtlaryň hormatly aksakgallarynyň arasynda netijeli pikir alyşmalaryň özboluşly meýdançasy bolandygyny bellemäge şatdyryn. Munuň özi gymmatly pikirleriň hem-de maslahatlaryň öňe sürülmegine getirdi we olar Aksakgallar geňeşiniň jemleri boýunça kabul edilen Beýanatda öz beýanyny tapdy.

Biziň öňden gelýän ýörelgämize laýyklykda, aksakgallaryň ähli maslahatlarynyň TDG-niň daşary işler ministrleriniň Geňeşine we döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň garamagyna beriljekdigini Siziň Alyhezretiňize ýetirmek isleýärin. Meniň geçirilen duşuşykdaky çykyşymda belleýşim ýaly, biziň hormatly aksakgallarymyz tarapyndan öňe sürlen pikirler we maslahatlar döwlet Baştutanlarymyz tarapyndan oňyn esasda kabul edilýär hem-de doganlyk türki halklaryňdyr döwletleriň jebisleşmegine netijeli itergi berýär.

Bildiren myhmansöýerligiňiz, doganlyk Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine berýän goldawyňyz üçin ýene-de bir gezek hoşallygymy beýan edýärin.

Siziň Alyhezretiňize çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Kubanyçbek OMURALIÝEW,

Türki Döwletleriň Guramasynyň 

Baş sekretary.