Ï Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

view-icon 2852

Çuňňur hormatlanylýan 

Türkmenistanyň Prezidenti!

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şöhratly wakalara beslenýän taryhy günlerinde «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyňyzyň halkymyza gowuşmagy mynasybetli Sizi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy gülledip ösdürmek barada alyp barýan döwletli tagallalaryňyz mundan beýläk-de rowaç bolsun!

Hormatly Prezidentimiz!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä medeniýetiniň kemala gelmegine we baýlaşmagyna uly goşant goşan halkymyzyň özboluşly, gaýtalanmajak maddy hem-de ruhy gymmatlyklary jemgyýetimiziň häzirki zaman sazlaşykly ösüşine oňaýly täsir edýär. Täze taryhy döwürde milli mertebäniň, buýsanjyň gymmatly çeşmelerine öwrülen şöhratly türkmen taryhy, maddy we ruhy mirasy ylmy esasda düýpli öwrenilýär. Halkymyzyň şöhratly taryhy, döreden nusgalyk maddy hem ruhy gymmatlyklary, ýol-ýörelgeleri şu günki nesiller üçin ruhlandyryjy güýç, milli buýsanjy, Watan mertebesini has-da beýgeltmek, ony ösdürmek, gurmak, döretmek üçin ylham çeşmesi bolup durýar.

TÜRKSOÝ bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz, Siziň alyp barýan syýasatyňyzyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar. Gadymy Änewiň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýen derejä eýe bolmagy Türkmenistanyň halkara ynsanperwer başlangyçlary öňe sürýän döwlet hökmünde tagallalarynyň, ýurdumyzyň ägirt uly medeni mümkinçilikleriniň ykrar edilmesidir. Ýakynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň Aşgabatda geçirilmegi bu gurama bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde Türkmenistanyň işjeň orny eýeleýändigini nobatdaky gezek açyp görkezdi.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Asyrlaryň jümmüşinde bolup geçen ajaýyp taryhy wakalaryň beýany ýazuw çeşmelerinde, medeni gymmatlyklarda hem-de halk hakydasynda jemlenip, nesilleriň ruhy dünýäsinde ömür dowamatyny tapýar. Pähim-paýhasyňyzdan dörän eseriňizde Siz: «Bu kitaby ýazmakdan maksadym, türkmen we daşary ýurtly okyjylarymy ýurdumyzda alnyp barylýan il-halk bähbitli işleriň geriminiň giňligi, tagallalarynyň beýikligi bilen tanyşdyrmakdan, şeýle hem olary beýik döwletimiziň bagtyýar hem-de ajaýyp geljegi üçin belent işlere ruhlandyrmakdan ybaratdyr» diýip, türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda emele gelen taryhy kökleri, medeni we ruhy däpleri barada giňişleýin söhbet açýarsyňyz. Siziň “Gadymy Änewiň täsinligi”, “Taryhy birleşdirýän uly wakalar”, “Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar” atly baplardan hem-de “Rowaýata öwrülen geçmiş”, “Gatar — Bagabat — Änew”, “Gadymy Änew medeniýeti”, “Änewiň arheologik däpleriniň öwrenilişiniň taryhyndan”, “Änew medeniýeti we türki dünýä”, “Geçmişiň syry galan toprak”, “Watan hakyndaky müdimi owaz” atly bölümlerden ybarat bolan bu kitabyňyzda çuňňur mazmunly taryhy maglumatlaryň üsti bilen türkmen halkynyň şanly geçmişi dabaralandyrylýar. Döwürleriň, nesilleriň arabaglanyşygy, ýurdumyzyň her bir raýatyna dahylly bolan gymmatlyklary goramak, geljek nesillere ýetirmek uzak möhletleýin geljekde döwlet berkararlygyny üpjün etmegiň we ynamly öňe gitmegiň esasy şerti bolup çykyş edýär. Siziň bu kitabyňyzyň eziz Watanymyzyň, halkymyzyň bähbidini öňe ilerletmekde türkmen halkyna goldaw berjekdigine, diňe bir ýurdumyzyň ylmy-edebi hazynasyndan däl-de, dünýä jemgyýetçiliginiň ylmy hazynasyndan hem orun aljakdygyna pugta ynanýaryn.

Hormatly Arkadagly 

Gahryman Serdarymyz!

Gadymy türkmen halky ähli eýýamlarda ýeňişli ýollaryň sakasynda, medeni we aňyýet ösüşleriniň merkezinde, yklymlary birleşdiriji güýçleriň — umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryň başynda durýar. Her bir şahasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmaga mynasyp hasaplanýan Beýik Ýüpek ýolunyň döremeginde hem-de işjeň hereket etmeginde-de esasy orunlaryň biri türkmenlere degişlidir.

Siz täze eseriňizde: «Änew medeniýetini ilkinjileriň biri bolup dünýäde ykrar etdiren Rafael Pampelli, şeýle hem Wadim Masson, Wiktor Sarianidi ýaly ägirtleriň ýurdumyzda arheologiýa işlerine goşan goşantlary uludyr» diýip belleýärsiňiz. Bu gün bu gadymy toprakda halkymyz dostlugyň, medeni hyzmatdaşlygyň hem-de parahatçylygyň toýuny toýlaýar. Gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi türkmen medeniýetini, däp-dessurlaryny we gymmatlyklaryny has-da dabaralandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyňyzyň çapdan çykmagy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Goý, täze eseriňiz halkymyzyň ruhuna ruh goşup, täze, döredijilikli başlangyçlara şamçyrag bolsun! Ata Watanymyzyň abraýyny beýgeltmekde ruhy çeşme bolup şöhratlansyn! Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tagallalaryňyz mundan beýläk hem rowaç bolsun!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri, 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, 

Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.