Ï Türkmenistan özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar

view-icon 1757

Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy toplumlaýyn esasda ösdürmek, milli maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini giňden wagyz etmek, medeni we ruhy gymmatlyklary aýawly saklamak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça amala aşyrýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary aýdyň beýanyny tapdy.

1-nji aprelde döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny ösdürmek, möwsümleýin işleriň barşy we galla oragy möwsümine taýýarlyk görlüşi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, welaýatlaryň häkimlerine ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklar berildi.

3-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle-de mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Mejlisde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky resminamalara, Goranmak ministrligine degişli birnäçe desgalary gurmak we durkuny täzelemek hem-de Döwlet gümrük gullugynyň düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak hakynda Kararlara gol çekdi.

4-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda myhman ABŞ-nyň işewür toparlarynyň uly ykdysady kuwwaty bolan Türkmenistan bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassyklady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda amala aşyrylýan ösüş maksatnamalary hem-de özgertmeler, telekeçiler üçin döredilen amatly şertler nazara alnanda, netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikler bar. Şunda nebitgaz, elektroenergetika, gaýtadan dikeldilýän energetika, ulag-kommunikasiýa pudaklary, obasenagat toplumy, ýokary tehnologiýalar ulgamy geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ABŞ-nyň kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini goldaýandygyny we işewürler geňeşiniň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny belledi.

6-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim boldy. Bu görkeziji senagat pudagynda 4,7, ulag we aragatnaşykda 6,6, hyzmatlar ulgamynda 7,6, söwda ulgamynda 8,2 göterim, oba hojalyk pudagynda bolsa 4,1 göterim boldy. Zähmet haklary 10 göterim ýokarlandyryldy. Ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşygy üstünlikli dowam edýär. Ylym we bilim ulgamlarynda özgertmeler kabul eden meýilnamalarymyza laýyklykda alnyp barylýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady we ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça netijeli işleri dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýylyň aprel aýynda ýurdumyzda köp sanly desgalaryň açylyş dabaralaryna, milli senenamamyzdaky şanly seneler mynasybetli geçiriljek çärelere talabalaýyk taýýarlyk görmegiň wajypdygy hem bellenildi.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Mary welaýatynyň etraplarynda önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ylmy esasda ýola goýmak bilen, gant şugundyrynyň ýokary hasylyny öndürmek hakynda Karara, şeýle-de Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Arkadag şäherinde 2024-nji ýylyň 27-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek hakynda Buýruga gol çekdi.

7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary gatnaşdylar. Çärä gatnaşýanlaryň hatarynda halkara guramalaryň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri hem bar. Şeýle-de welosipedli ýörişe Türkmenistanyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleri, talyplar, ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan we umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylary, Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler, jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdylar.

Welosipedli ýöriş Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň kesişýän ýerinde ýerleşýän Welosiped binasynyň ýanynda başlanyp, paýtagtymyzyň merkezinde — Bitarap Türkmenistan we A.Nyýazow şaýollarynyň kesişýän ýerinde tamamlandy.

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda «tegelek stol» maslahatlary, duşuşyklar, ylmy-amaly maslahatlar, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar we görkezme çykyşlary, bedenterbiýe-sagaldyş, medeni çäreler geçirildi. Bu ajaýyp baýrama bagyşlanyp, teleradio gepleşikleri taýýarlanyldy, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde makalalar çap edildi. Halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, mynasyp netijeleri gazanan ýurdumyzyň türgenlerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisde Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Darýa Bawdaž Kuretden ynanç haty kabul edildi. Diplomat Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, milli parlamentiň düzümi hem-de kanun çykaryjylyk işi bilen tanyşdyryldy.

Ilçi Darýa Bawdaž Kuret Türkmenistanyň halkara giňişlikde abraýynyň barha ýokarlanýandygyny, durmuş-ykdysady, ynsanperwer ulgamda uly üstünlikleri gazanýandygyny belläp, deňhukuklylyk, özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda tagalla etjekdigine ynandyrdy.

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlap ýazan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Mejlisi we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralan dabara bilim, ylym, medeniýet ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, il sylagly ýaşulular, talyplar gatnaşdylar. Çykyşlarda dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine mynasyp goşant goşan halkymyzyň baý medeni mirasyny, taryhyny düýpli öwrenmekde, aýawly saklamakda hem-de giňden wagyz etmekde kitabyň möhüm ähmiýeti bellenildi.

Söwda-senagat edarasynda geçirilen ýurdumyzyň söwda toplumynyň sergisinde kabul edilen ösüş maksatnamalarynyň çäklerinde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň işini kämilleşdirmek boýunça üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler, ýokary hilli önümler, hyzmatlaryň dürli görnüşleri hem-de milli önüm öndürijileriň eksport mümkinçilikleri giňden şöhlelendirildi. Gözden geçirilişe harytlaryň köp görnüşlerini — azyk, elektron, himiýa, kosmetika, parfýumeriýa, mebel, haly, dokma, çaphana önümlerini, amaly-haşam sungatynyň önümlerini öndürýän hem-de söwda, gurluşyk, jemgyýetçilik iýmiti, gündelik hyzmatlar, kompýuter tehnologiýalary ulgamynda hyzmatlaryny hödürleýän Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarydyr düzümleriniň 210-dan gowragy gatnaşdy. Sergä Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň we Döwlet haryt-çig mal biržasynyň düzümleridir kärhanalary, şeýle hem ilkinji gezek Arkadag şäheriniň Söwda müdirligi gatnaşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky ýaýbaňlandyrylan sergä baryp gördi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň söwda toplumyna degişli düzümler we hususyýetçiler tarapyndan guralan sergi bilen tanyşlygyň dowamynda milli harytlaryň degişli derejede mahabatlandyrylmagy, önümçilikde döwrebap usullary ornaşdyrmakda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we özara tejribe alyşmak, söwdanyň, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň ähmiýetine ünsi çekdi.

4-5-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynda resmi saparda boldy. Gahryman Arkadagymyz bilen Prezident Emomali Rahmonyň arasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, milli ykdysadyýetler üçin strategik ähmiýetli ulgamlarda bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garamaga taýýarlyk beýan edildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýyl ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda beýik türkmen şahyry, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden baýram edilýändigini belläp, täjik Liderini bu şanly sene mynasybetli Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän dabaralara gatnaşmaga çagyrdy. Gepleşikleriň jemleri boýunça däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen möhüm ylalaşyklar gazanyldy hem-de ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

4-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Oli Majlisiň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali bilen geçiren duşuşygynyň barşynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň döwletara dialogyň möhüm bölegi bolup durýan parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagy maksat edinýändikleri tassyklanyldy.

Ägirt uly kuwwaty nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary Türkmen-täjik işewürlik maslahatynyň gün tertibine girizilen esasy meseleler boldy. Oňa iki ýurduň hususy pudagynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Täjigistan Respublikasyna resmi saparynyň ikinji gününde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de beýleki degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, hususan-da, oba hojalyk pudagyndaky, ýangyç-energetika, ulag, şähergurluşyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Täjigistanyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Mahmadtoir Zokirzoda bilen bolan duşuşygyň dowamynda parlament diplomatiýasy, umuman, döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň geljekki ugurlaryna garaldy. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, suw hojalygy pudagynda, medeniýet, ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy.

Şol gün “Kasri Millat” köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Onda saparyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň, gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirildi.

Resmi saparyň çäklerinde Duşenbe şäheriniň “Istiklol” lukmançylyk toplumynda dostlukly täjik halkynyň çagalaryna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu dabara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däplerinden ugur alnyp geçirildi.

Täjigistanyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidiumynyň ýanyndaky Ýazuw mirasy merkezinde iki ýurduň ylym we döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik guraldy.

Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde Täjigistanyň Milli ylymlar akademiýasynyň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» hem-de «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa iki ýurduň ylym we döredijilik işgärleri gatnaşdylar.

Mübärek Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda Balkanabat şäheriniň Hazar, Ruhubelent etrabynyň Ruhubelent, Hojambaz etrabynyň Döwletli, Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherçelerinde täze metjitleriň jemagata gapylaryny giňden açmagy geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda boldy. Munuň özi halkymyzyň ruhy gymmatlyklara goýýan bimöçber sarpasynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisinde 2024-nji ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Şunuň bilen birlikde, BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetiniň raýatlaryň kanuny bähbitlerini goramak babatda jemleýji maslahatlaryny durmuşa geçirmegiň meseleleri, ilatyň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmak we hukuk maglumatynyň elýeterliligini giňeltmek boýunça öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda Adalatçynyň diwanynyň gurluşynda işiň täze ugurlaryny açmak bilen baglanyşykly meselelere hem garaldy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasatyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň nyşany boldy. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagy, ruhy gymmatlyklara ygrarlylyk, halkymyzyň rowaçlygynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, ata Watanymyzyň halkara abraýynyň pugtalandyrylmagy şol syýasatyň ileri tutulýan ugurlarydyr.