Ï Türkmenistanly küştçi gyz Daşkentde Agzamowyň hatyrasyna geçirilen ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy oýunçy boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly küştçi gyz Daşkentde Agzamowyň hatyrasyna geçirilen ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy oýunçy boldy

view-icon 2048
Türkmenistanly küştçi gyz Daşkentde Agzamowyň hatyrasyna geçirilen ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy oýunçy boldy

Daşkentde Özbegistanyň ilkinji grossmeýsteriniň hatyrasyna bagyşlanan «Georgiý Agzamowyň hatyrasy» atly 17-nji açyk halkara küşt ýaryşy geçirildi.

Ýaryşa 18 ýurtdan 247 adam gatnaşdy, olar Şweýsariýa ulgamyna laýyklykda, «A» we «B» toparlarda 10 tapgyr bäsleşdiler.

Baýrak ugrunda 92 küştçiniň (81 erkek we 11 zenan), şol sanda 15 erkek halkara grossmeýster, 13 erkek halkara ussady, 2 zenan grossmeýster, 4 zenan halkara ussady bäsleşen iň güýçli «A» toparda Türkmenistanyňam iki wekili – halkara ussat Saparmyrat Atabaýew we FIDE ussady Jemal Öwezdurdyýewa çykyş edýärdi.

Saparmyrat Atabaýew 6,5 utuk toplap, ýaryşyň ýeňijisi, grossmeýster Susanto Megarantodan (Indoneziýa) 1,5 utuk kem toplamak bilen, halkara grossmeýsterligiň utuk sanyna bolsa 0,5 utuk ýetmän, 10-njy ýeri eýeledi.

Jemal Öwezdurdyýewa umumy sanawda 5,5 utuk toplap, 27-nji, zenanlaryň arasynda bolsa birinji ýeri eýeledi. Munuň üçin ol Özbegistanyň milli ýygyndy toparynyň oýunçylaryndan üstün çykmaly boldy. Ýaryşyň barşynda ildeşimiz adygan erkek grossmeýsterler belarusly Alekseý Aleksandrowy, russiýaly Igor Ýagupowy, özbegistanly halkara ussat Akmal Faýzullaýewi, soňky tapgyrda bolsa Özbegistanyň ýaş «ýyldyzy», öz ýurdunda zenanlaryň arasynda iň ýokary reýtinge eýe (2327), 14 ýaşa çenli çagalar arasynda dünýä çempiony Afruza Hamdanowany ýeňdi. Zenanlaryň arasynda ikinji orny Hançžou (Hytaý) şäherinde geçirilen 19-njy tomusky Aziýa oýunlarynyň kümüş medalçysy, özbegistanly halkara ussat Umida Omonowa eýeledi. Baýrakçy üçlügiň ahyrky hatarynda zenanlaryň arasynda Özbegistanyň birnäçe gezek çempiony, grossmeýster Nilufar Ýakubbaýewa aldy.

Daşkentde geçen ýaryşda J.Öwezdurdyýewa zenanlar üçin halkara ussatlygyň ikinji derejesiniň utuk sanyny-da gazandy. Birinji derejäni ol 2018-nji ýylda Batumide geçirilen Bütindünýä küşt olimpiadasynda öz tagtasynda örän ýokary netije – mümkin bolan 10 utukdan 8 utuk görkezmek bilen alypdy.

Jemal Öwezdurdyýewa 6 ýaşynda küşt oýnap başlapdyr. Onuň ilkinji tälimçisi Türkmenistanyň hormatly tälimçisi Şöhrat Myratgulyýew bolupdyr. 12 ýaşyndaka, ol 13 ýaşa çenli okuwçylar arasynda geçirilen dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy, 2016-njy ýylda bolsa milli sport ussady we zenan FIDE ussady boldy.

Jemal 2015-nji, 2016-njy, 2019-njy ýyllarda zenanlar arasynda Türkmenistanyň çempiony boldy.

2018-nji ýylda ol BAE-de geçen «Abu Dabi Open» halkara ýaryşynda «B» toparda altyn medal, şeýle hem 20 ýaşa ýetmedik ýaşlaryň arasynda Daşkentde geçirilen Günbatar Aziýa «Blits» çempionatynda bürünç medal gazandy.

2022-nji ýylda J.Öwezdurdyýewa BAE-de zenanlaryň arasynda geçirilen «Şarja» kubogynda birinji ýeri eýeledi, 2023-nji ýylda bolsa Gyrgyzystanda geçirilen «Issyk Kul Open» halkara ýaryşynda zenanlar toparynda kümüş medal gazandy.

Jemal Öwezdurdyýewa 2021-nji ýylda sport ykdysadyýetçisi hünäri boýunça Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyny tamamlady. 2021-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli Türkmenistanyň Küşt federasiýasynda hasapçy bolup işledi, soň bolsa hünäri sporta gaýdyp geldi.