Ï Tennis boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tennis boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

view-icon 1568
Tennis boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi
camera-icon
Türkmenistanyň tennis federasiýasy

Ahal, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryndan we Aşgabat şäherlerinden 118 türgen (68 erkek we 50 zenan) paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň kortlarynda geçirilen tennis boýunça Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşdy.

Ýeňijiler ýekelikde we jübüt bolup erkekleriň hem-de zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşlarda kesgitlenildi.

Erkekleriň arasynda geçirilen ýaryşda ikinji belgili, 24 ýaşly Meýlis Orazmuhammedow ýokary netije gazandy. Ol bu üstünlige barýan ýolda 6:0, 6:0 hasap bilen ilkinji iki duşuşykda Mälik Sapargeldiýewi we Aýhan Durdyýewi aňsatlyk bilen ýeňdi, soň bolsa Şamuhammet Batyrowy hiç hili kynçylyksyz ýeňdi – 6:0, 6:1.

Çärýek finalda Meýlis ýedinji orundaky Merdan Hanowdan has güýçli boldy – 6:2, 6:0. Ýarym finalda dördünji orundaky Atlymyrat Gurbanowy 6:3, 6:3 hasabynda ýeňdi we finalda ilkinji orundaky Ýuri Rogusskini aňsatlyk bilen ýeňdi – 6:1, 6:1.

Meýis Orazmuhamedow ikinji gezek Türkmenistanyň çempiony bolýar. Ol bu çempionatda ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň iň gowy tennisçisi diýen ada eýe boldy, ozal bu at 28 ýaşly, 6 gezek milli çempion bolan Ýuri Rogusska degişlidi. 

Meýlisiň bu üstünligini halypasy – Türkmenistan milli ýygyndysynyň we «Aşgabat» tennis akademiýasynyň baş tälimçisi Mirali Gasanow paýlaşýar. Meýlis Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby. Ol okuwdan boş wagtlary «Aşgabat» tennis akademiýasynda ýaş türgenleri taýýarlaýar.

Içeri işler ministrliginiň 24 ýaşly gullukçysy Hajymyrad Çaryýew ýeňil bolmadyk ýaryşda Atlymyrat Gurbanowy 6:7, 7:5, 6:2 hasaby bilen ýeňip, ýaryşynda 3-nji orny eýeledi.

Erkekleriň arasynda geçirilen jübütleýin ýaryşynyň final oýnunda Ýuri Rogusskini we Isgender Ýagmyrowy ýeňip, Hajymyrat Çaryýew we Meýlis Orazmuhammedow çempion boldular – 6:0, 6:0.

Birinji raketkaçy Ilima Guseýnowanyň 14 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda geçirilýän Wimbldon turniriniň abraýly ýaryşyna gatnaşmak üçin Malaýziýa gitmegi bilen baglanyşykly, gyzlaryň arasynda ilkinji gezek Aşgabat şäherindäki 50-nji orta mekdebiň 11-synp okuwçysy Aýşa Bikbulatowa Türkmenistanyň çempiony boldy. Bu üstünlige barýan ýolda ol ikinji orundaky 16 ýaşly Jennet Hallyýewany, soňra bolsa Aýnur Möwlamowany – 6:2, 6:3 hem-de Aýnur Annamyradowany – 6:2, 6:0 hasabynda ýeňmegi başardy.

Ýarym finalda Aýşa ýeňil bolmadyk üç setlik ýaryşda Merýem Muhammedowadan üstün çykdy – 4:6, 7:6, 6:2, finalda bolsa Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň 1-nji ýyl talyby Rojan Garajaýewany utdy – 6:3, 6:2.

Çempionatda üçünji orny A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Merýem Muhammedowa eýeledi.

Zenanlar jübütinde Aýşa Bikbulatowa we Merýem Muhammedowa finalda Aýnur Annamuradowany hem-de Jennet Çaryýewany ýeňmegi başardylar – 6:1, 7:6.

Tennis boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň esasy hemaýatkäri «Gatnaşyk TRAVEL» kompaniýasy boldy.