Ï Paýtagtymyzda DÝHG-niň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň mejlisi öz işine başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Demir ýol ulagynyň işini döwletara derejede utgaşdyrmak — Türkmenistanda geçirilýän forumyň esasy maksady

view-icon 2305
Demir ýol ulagynyň işini döwletara derejede utgaşdyrmak — Türkmenistanda geçirilýän forumyň esasy maksady
camera-icon
Meretdurdy Rozyýew

Şu gün paýtagtymyzda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi öz işine başlady. “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilýän wekilçilikli foruma DÝHG-ä agza döwletleriň 20-den gowragynyň, şol sanda Türkmenistanyň demir ýol we beýleki degişli edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşýarlar.

Forumyň maksady demir ýol ulagynyň işini döwletara derejede utgaşdyrmakdan, halkara demir ýollary torunyň tehnologik bitewüligini üpjün etmekden, bu düzümleri ösdürmekden ybaratdyr. Aşgabat forumy “Türkmendemirýollary” agentliginiň bu gurama agza bolmagynyň 30 ýyllyk senesi bilen hem utgaşýar.

“Ýyldyz” myhmanhanasynyň giň eýwanynda ýerine ýetirilen halk aýdym-sazlary baýramçylyk ruhuny emele getirdi. Demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň işi bu ýerde guralan sergi bilen utgaşdy. Sergi halkymyzyň baý medeni mirasyny, döredijilik däplerini beýan etdi. Bu ýerde gadymy taryhymyzyň, baý medeniýetimiziň nyşany bolan amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi.

Forumyň köp sanly wekiliýet agzalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Gutlagda Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň milli ulag düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak arkaly halkara üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrýandygyna üns çekilýär. Türkmenistan 1994-nji ýyldan bäri Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agzasy bolmak bilen, milli derejede demir ýol ulagy düzümleriniň sazlaşykly ösdürilmegi, sebit derejesinde utgaşykly ulag syýasatynyň amala aşyrylmagy esasynda halkara üstaşyr ýükleri daşamagyň ugurlaryny giňeltmek babatda tagalla edýär diýlip, Gutlagda nygtalýar.

Mejlisiň gün tertibine guramanyň ýöriteleşdirilen komissiýalarynyň we hemişelik iş toparlarynyň 2023-nji ýylda alyp baran işleriniň jemlerine garamak, ýakyn ýyllar üçin iş maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşmak, guramany ösdürmegiň Strategiýasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagyň maksadalaýyklygy, demir ýol we beýleki edaralaryň işgärlerini hünär taýdan taýýarlamak, okatmak ýaly meseleler girizildi. Demir ýollary ulanmak arkaly üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmegiň geljegi, sebitde ýük daşamalary artdyrmak boýunça hem pikir alyşmalar boldy. Çykyşlarda forumyň Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasyna esasy agza döwletleriň biri hem-de Ýewropadan Aziýa ýük daşamakda möhüm strategik hyzmatdaş bolan Türkmenistanda geçirilmeginiň ähmiýeti bellenildi. Mejlisiň gün tertibinde kesgitlenen meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ulag geçelgeleri boýunça ýük daşamalary artdyrmaga hem-de ýükleriň görnüşlerini giňeltmäge ýardam eder.

Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň komitetiniň başlygy M.Antonowiç DÝHG-ä agza döwletleriň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň gadymy döwürlerden bäri Beýik Ýüpek ýolunda möhüm geçelge bolup hyzmat eden türkmen topragynda — Aşgabatda geçirilmeginiň wajyp ähmiýetini belledi.

Çykyş edenler sebitde üstaşyr ýük daşamalaryň möçberini artdyrmakda Türkmenistanyň işjeň orny eýeleýändigini bellemek bilen, ulag düzümlerini düýpli döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek bilen baglanyşykly hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak arkaly ägirt uly mümkinçilikleriň açylýandygyny bellediler. Döwletleriň, sebitleriň, yklymlaryň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk köprülerini gurýan Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynda ulag diplomatiýasy aýratyn orny eýeleýär.

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda 26-njy noýabry “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi.

2016-njy ýylda şol senede Aşgabatda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirilipdi.

15-nji aprelden BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Durnukly ösüş hepdeliginiň başlanýandygy hem bellärliklidir. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz halkara giňişlikde durnukly ulag ulgamyny ösdürmekde öňdebaryjy orny eýeleýär. Hepdeligiň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagynda bu mesele boýunça ýokary derejeli mejlis geçiriler. Ulag aragatnaşygyny ösdürmekde ýurdumyzyň tagallalaryny, bu ugurda gazanylan üstünlikleri we başlangyçlary ýaýmak, şeýle hem 2026 — 2035-nji ýyllarda Durnukly ulagyň onýyllygy boýunça BMG-niň maksatnamasynyň düzümine goşant goşmak maksady bilen, 16-njy aprelde BMG-niň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda döredilen Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ministrler derejesindäki duşuşygy guralar. Bellenilişi ýaly, bularyň ählisi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän halkara başlangyçlaryň möhüm ähmiýetiniň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä giňişliginde abraýynyň barha ýokarlanýandygynyň güwäsidir.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň demir ýol ulgamy ösüşiň täze tapgyryna gadam basdy hem-de iri ulag-aragatnaşyk taslamalarynyň birnäçesini durmuşa geçirmäge taýýarlyk görülýär. Şeýlelikde, geçen ýylyň 15 — 17-nji noýabrynda paýtagtymyzda “Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary — Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa” (CASCA+) halkara multimodal üstaşyr ulag ugry boýunça agza döwletleriň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi. Häzirki wagtda “CASCA+” geçelgesi 3 sebiti — Merkezi Aziýany (Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkmenistan), Günorta Kawkazy (Azerbaýjan, Gruziýa), şeýle hem Anadoly sebitini (Türkiýe) öz içine alýar.

2023-nji ýylda Türkmenistan TRACECA ulag geçelgesini ösdürmek barada Ylalaşyga resmi taýdan goşuldy. Bu resminamanyň maksady Ýewropa we Aziýa sebitlerinde ykdysady, söwda, ulag gatnaşyklaryny ösdürmekden, halkara ýük daşamalara ýardam etmekden, hereket howpsuzlygyny, ulag syýasatyny sazlaşykly üpjün etmekden, ulagyň aýry-aýry görnüşleriniň arasynda deňeçer bäsdeşlik ýagdaýlaryny döretmekden ybaratdyr. Türkmen hünärmenleriniň çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynda möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülýändigi bellenildi. Bu babatda dürli hünär ukyplaryna eýe bolan demir ýol düzüminiň işgärlerine hem ýokary talaplar bildirilýär.

Foruma gatnaşyjylar demir ýol pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmekde yzygiderli iş alyp barmaga hem-de DÝHG-ä agza döwletleriň demir ýol edaralarynyň arasynda özara düşünişmegi çuňlaşdyrmak arkaly ynanyşmagy pugtalandyrmaga meýillidiklerini bellediler.

Ýygnananlar türkmen topragyndaky myhmansöýerlik hem-de forumyň netijeli geçirilmegi babatda amatly şertleriň döredilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirip, bu duşuşygyň özara düşünişmegi we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge ýardam etjekdigi baradaky bir pikiri tassykladylar.

DÝHG-ä agza döwletleriň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi 19-njy aprele çenli dowam eder. Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň ýük daşamak, ýolagçy gatnatmak, infrastruktura we demir ýoluň hereket düzümi boýunça toparlarynyň, guramanyň maliýe we hasaplaşyk hem-de kodlaşdyrmak we informatika barada hemişelik iş toparlarynyň 2023-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijelerini, düzümiň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny we beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Ýurdumyzyň we DÝHG-ä agza döwletleriň demir ýol edaralarynyň arasynda birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara hem-de taraplaryň ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagy maksat edinýän Teswirnama gol çekilmegine garaşylýar.

Foruma gatnaşyjylar üçin medeni maksatnama taýýarlanylyp, onuň çäklerinde dürli gezelençler guralar.