Ï Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşy: 3-nji tapgyryň netijeleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşy: 3-nji tapgyryň netijeleri

view-icon 2455
Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşy: 3-nji tapgyryň netijeleri

Şu gün Aşgabatda dowam edýän halkara hokkeý ýaryşynda üçünji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Günüň ikinji ýarymynda Gyşky oýunlar sport toplumynyň uly meýdançasynda «A» toparçada «Feniks» (Özbegistan) bilen «Bahrain Ice Hockey Club» (Bahreýn) topary oýnady.

Özbegistanyň topary oýna aýgytly başlap, eýýäm oýnuň birinji ýarymynda garşydaşynyň derwezesine bäş sany jogapsyz şaýba geçirdi. Şonda Abdusamad Nasirowyň üçünji şaýbany tora girizmegi gaty gyzykly boldy. Özbegistan toparynyň hüjümçisi Bahreýn toparynyň derwezebanyny misli türgenleşikdäki ýaly, öz zolagyndan gowşajyk urgusyny urmak kararyna geldi. Ýöne derwezeban ähli zolaklardan uçup geçen diýseň ýeňil şaýbany gaýtarmaga taýyn däl eken.

Ikinji döwürde Bahreýn topary, üç şaýbany salyp, birini bolsa öz derwezelerine goýberip, hasapdaky aratapawudy birneme azaltdylar. Toparlar ikinji arakesmä «Feniks» toparynyň peýdasyna 6:3 hasabynda çykdylar.

Soňky 20 minut garşydaşyň derwezesine ýene ýedi jogapsyz şaýba geçirip, gutarnykly hasaby öz peýdalaryna 13:3 eden Özbegistanyň hokkeýçileriniň ep-esli artykmaçlygynda geçdi.

Şol bir wagtda Gyşky oýunlar sport toplumynyň kiçi meýdançasynda geçirilen «B» toparçanyň oýnunda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndan «ADIHIC-Kazan» topary Türkiýäniň «Team-Turkiye» toparyndan üstün çykmak bilen, şu ýaryşda – 5:1 (3:0, 1:1, 1:0) hasabynda ikinji ýeňşini gazandy. Ýeňijilerden Aýsa Akmýarow (7-nji minut), Raşat Ismagilow (13-nji), Ilnur Ganiýew (19-njy minut), Artur Zaripow (21-nji minut) we Adel Awzalow (42-nji minut) dagy tapawutlandy. Utulanlardan kör abraý bolan bir şaýbany Altun Kerem (34-nji minut) geçirdi.

Şu gün irden Türkmenistanyň sekiz gezek çempiony «Galkanyň» bu gezek Eýranyň «Ice Box Iran Mall» toparyndan üstün çykmak bilen, ýaryşda – 13:1 (6:0, 6:1, 1:0) hasabynda üçünji uly ýeňşini gazanandygyny ýatladýarys. Beýleki ugurdaş oýunda Belarus Respublikasynyň «Wolat» topary Gazagystanyň «Akmola» toparyny ilkinji ýeňlişe sezewar etmek bilen, 6:4 (2:0, 2:1, 2:3) hasabynda yzly-yzyna ikinji ýeňşini gazandy. Ýeňijilerden Swýatoslaw Zasadskiý (12-nji minut), Wladislaw Kawalýow (19-njy minut), Eduard Gryn (25-nji minut), Nikita Trubitsin (39-njy minut), Witali Marçenko (42-nji minut), Alekseý Zasim (59-njy minut); ýeňilenlerden bolsa Sergeý Sokol (30-njy minut), Wladislaw Kurmelýowskiý (45-nji we 48-nji minut) we Mihail Tarasow (56-njy minut) dagy tapawutlandy.

Şeýlelikde, üç tapgyrdan soň «A» toparçada 9 utuk toplan Türkmenistanyň «Galkan» topary öňde barýar. Olardan bir oýny az oýnan, ýöne häzirlikçe utulman, 6 utuk toplan «Feniks» ikinji orny eýeleýär. «Ice Box Iran Mall» toparynyň 3 utugy bar. «Oman Nationals» we «Bahrain Ice Hockey Club» toparlarynda bolsa entek utuk ýok.

«B» toparçada öňdelige 6 utuk toplan «ADIHIC-Kazan», «Wolat» we «Akmola» deň şärik. Ýöne gazagystanly hokkeýçiler bir oýny artyk oýnapdyrlar. «Dordoi» we «Team-Turkiye» toparlarynda entek utuk ýok.

Duşuşyklary 18-nji aprelde geçiriljek dördünji tapgyrda «A» toparçada «Galkan» (Türkmenistan) – «Feniks» (Özbegistan), «Oman Nationals» (Oman) – «Ice Box Iran Mall» (Eýran); «B» toparçada bolsa «Wolat» (Belarus Respublikasy) – «ADIHIC-Kazan» (Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy), «Team-Turkiye» (Türkiýe) – «Dordoi» (Gyrgyzystan) çykar.