Ï Hokkeý toparlarynyň wekillerine Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaby gowşuryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hokkeý toparlarynyň wekillerine Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaby gowşuryldy

view-icon 2172
Hokkeý toparlarynyň wekillerine Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaby gowşuryldy

Aşgabatda gyzykly hokkeý oýunlary dowam edýär. Toparlaryň oýunçylary buz meýdançasynda ussatlyk we güýçli oýun görkezýärler. Şol bir wagtyň özünde halkara ýaryşyna gatnaşyjylar diňe bir hokkeý oýnamak bilen çäklenmän, eýsem, türkmen halkynyň taryhy we medeni mirasy bilen has ýakyndan tanyşmaga hem ýetişýärler.

Toparlara ýatdan çykmajak sowgat hökmünde berlen peşgeşleriň biri-de döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabydyr. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip, yglan edilmegine bagyşlanan edebi eseri ilkinji gezek Türkmenistana gelýänler we biziň ýurdumyz barada has köp zat bilmek isleýänler üçin has-da gyzyklydyr.

Medeni maksatnamanyň çäklerinde hokkeý ýaryşynyň myhmanlary Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna, Olimpiýa şäherçesine, Aşgabatdaky uly söwda merkezlerine baryp gördüler, şeýle hem Arkadag şäheriniň gözel ýerlerine aýlandylar.

– Men Şerifa Ali Al Aufi. Men Omandan «Oman Nationals» hokkeý toparynyň wekili. Biz Türkmenistana ilkinji gezek gelip, şeýle ýokary derejeli ýaryşa gatnaşanymyza begenýäris. Bu biziň toparymyz üçin gowy tejribe. Diňe buz meýdançasynda däl, eýsem, gezelençlerde bize kömek edýän ýaryş meýletinçilerine hoşallyk bildirýärin.

Daşary ýurtly myhman türkmen paýtagtynyň özünde galdyran täsirleri barada şeýle diýdi:

– Aşgabat – ýakymly owadan şäher. Onda tebigy landşaftlar we häzirki zaman binalary sazlaşykly utgaşýar. Myhmanhanamyzyň penjiresinden Köpetdaga syn etmekden doýmaýaryn. Owadan daga gezelenç etmek isleýärin.

Eýran Yslam Respublikasyndan «Ice Box Iran Mall» topary Aşgabada öz awtobusynda geldi. Ýaryşa gelmek üçin 24 sagada golaý ýol geçmeli boldy. Gelen badyna-da oýunçylar möhüm oýundan öňki türgenleşige girişdiler.

– Häzirlikçe diňe muzeýe we beýleki gözel ýerlere baryp görmegi meýilleşdirýäris. Aşgabatda bizi haýran galdyran ilkinji zat belent ak mermer binalar we arassaçylyk boldy – diýip, «Ice Box Iran Mall» hokkeý toparynyň tälimçisi Hassan Zaden aýtdy.

Hokkeý toparlarynyň ýolbaşçylary Aşgabatda halkara hokkeý ýaryşynyň ýokary derejede guralandygy we geçirilýändigi üçin Türkmenistanyň Baştutanyna aýratyn hoşallyk bildirdiler.