Ï Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda «Gilgameş» atly spektaklyň ilkinji gezek görkezilişi boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda «Gilgameş» atly spektaklyň ilkinji gezek görkezilişi boldy

view-icon 2450
Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda «Gilgameş» atly spektaklyň ilkinji gezek görkezilişi boldy
camera-icon
Andreý Pakulow

Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň baş režissýory Öwezmämmet Galandarow diňe bir Günbatar sebitde däl, eýsem, ýurdumyzda hem giňden tanalýan teatr ussatlarynyň biridir. Öwezmämmediň 26 ýyla golaý režissýorlyk ýolunda ýurt Garaşsyzlygy ýyllarynda döreden sahna eserleriniň sany 70-den gowrakdyr.

Şolaryň 40-a golaýy-da hem dramaturg, hem režissýor hökmünde adygan teatr işgäriniň hut özüniň awtorlyk hem režissýorlyk eden sahna eserleridir. Olar zehinli režissýoryň, dramaturgyň ýokary ussatlygynyň şirin miwesi bolup, teatr muşdaklaryna uly ruhy lezzet paýlap gelýär. 

Ýaňy-ýakynda hem režissýor Öwezmämmet Galandarowyň dramaturg Oguljennet Bäşimowanyň pýesasy esasynda sahnalaşdyran «Gilgameş» atly spektaklynyň ilkinji gezek görkezilişi boldy. TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň şanyna bagyşlanan bu sahna oýny, teatr tomaşaçylary tarapyndan çäksiz hoşallyk bilen garşy alyndy. Özem beýleki taryhy spektakllardan tapawutlylykda, bu sahna oýny adamzat medeniýetiniň irki döwürleriniň wakalaryny özünde jemleýär. Şeýle-de halkymyzyň milli medeni mirasyny, onuň müňýyllyklara uzaýan şöhratly geçmişini şöhlelendiren spektakl, teatryň artistleriniň we baş režissýoryň zähmetiniň tüýs ýerine düşendigini görkezdi.

Ýeri gelende aýtsak, spektaklda baş gahryman Gilgameşiň keşbini Rejep Nazgurbanow ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Baş gahryman Gilgameş sahna eserindäki wakalaryň dowamynda bakylygy gözleýär. Onuň ahyrynda-da bakylygyň bütin adamzada, Watana, halka bagyşlanan ýagşy işleridigine aýdyň göz ýetirýär. Täze spektaklda Engidunyň keşbini Myratberdi Sätiýew, Ninsunyň keşbini Annasoltan Berdiýewa, Iştaryň keşbini Laçyn Nuryýewa hem-de Gülnur Hajymämmedowa, Udnapuştuň keşbini Gurbanmämmet Anjykow, Fehişeniň keşbini Amansoltan Nepesowa, Urşanabiň keşbini-de Hydyrberdi Hydyrow ýaly kämillige ýeten artistler ýerine ýetirdiler. Zehinli artistler Ýakup Öwezow, Arslan Mämmetgulyýew, Parahat Elýasow hem özlerine ynanylan taryhy keşplere abraý bilen üstünlikli hötde geldiler. Spektaklyň sahna we egin-eşik bezegini hem Kuwwat Mämmetnepesow özboluşly öwüşginler çaýyp, kämil derejede ýerine ýetirmegi başardy.

Täze spektaklyň ilkinji görkezilişinden soň, biz onuň režissýory Öwezmämmet Galandarow bilen gürrüňdeş bolduk. Tejribeli režissýory şowly çykan spektakly bilen gutladyk hem-de işleri hakynda gysgaça gürrüň bermegini haýyş etdik. Şonda ol:

– Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz özüniň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynda: «Şumerleriň Asman taňrysyny «Anau» diýip atlandyrandygyndan ugur alyp, «Änew» adynyň hem şu sözden gelip çykandygy baradaky pikirlerini beýan edýär. Şonuň ýaly-da hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gymmatly kitabynda: «Dünýä alymlarynyň, aýratyn-da şumerologlaryň ylmy barlaglarynyň netijeleri Änew bilen şumer medeniýetiniň umumylyklaryny açýar. 

Özi hem mysal getirilýän pikirler ylmy taýdan esaslandyrylyp aýdylýar. Bu ugurda taryh, etnografiýa, dil we edebiýat ylymlary bilen baglanşyklylykda edilen işler hem bar. Mesopotamiýany Türkmenistan bilen birleşdirýän delil meni örän gyzyklandyrdy. Ýazuwly taryhyň başlangyjy bolan şumer medeniýeti-de Änew medeniýetiniň özboluşly dowamy bolupdyr diýmäge ynandyryjy esaslaryň bardygyny bellemek gerek» diýip, ýerlikli belläp geçýär. Bellenilişi ýaly, ilkinji hat-ýazuw medeniýeti şumerlerde döräpdir. Onuň döremegine irki döwürlerde söwda-medeni gatnaşyklar sebäp bolupdyr. Änewlileriň Mesopotamiýadaky gadymy şumerleriň medeniýete ýetiren täsirem alymlaryň subut eden hakykaty bolup durýar.

Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda hem giňişleýin nygtaýar. Şumerleriň hat-ýazuwlaryndaky şekilleriň häli-häzire çenli biziň halylarymyzdaky, keşdelerimizdäki nagyşlarda saklanyp galmagam medeniýetleriň arasyndaky özara baglanyşygy tassyklaýar. Adamzadyň taryhyndaky ilkinji dessan hasaplanylýan «Gilgameş» eserinden gözbaş alýan biziň täze goýan taryhy spektaklymyz tomaşaçylarymyzyň göwünlerine ýarap, uly täsirleri galdyrar diýen ynamymyz bar – diýip, gürrüň berdi.