Ï Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

view-icon 2578
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda 2024-nji ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekişi dowam edýär. Ony bellenen agrotehniki möhletlerde tamamlamak üçin ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş almak, hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri geçirilýär. Welaýatyň çägindäki biokärhanalarda öndürilýän önümleri bugdaý meýdanlaryna goýbermek, gowaça hasyly üçin gerek boljak bioönümleri öndürmek boýunça işler dowam edýär. Ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Pile öndürmek boýunça bellenilen meýilnamany ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçuklaryna ideg edilýär.

Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi hem-de gowaça ekişiniň ýokary hilli geçirilmegi, bellenen möhletlerde tamamlanmagy, bugdaýa ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagy üçin ähli zerur çäreleri görmegi häkime tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli bolmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde gowaça ekişi guramaçylykly dowam edýär. Ekişde oba hojalyk tehnikalary we gurallar doly güýjünde işledilýär. Gögeriş alnan meýdanlarda degişli ideg işleri geçirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwy tutulýar. Ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Welaýatdaky biokärhanalarda ekin meýdanlary üçin zerur bioönümleri öndürmek boýunça degişli işler ýola goýuldy. Sebitde pile möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, pile öndürijilere zerur şertler döredilýär. Häzirki wagtda ýüpekçi kärendeçileri ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada-da hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we gowaça ekişiniň, bugdaýa ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şunuň bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde gowaça ekişi dowam edip, ekişi ýokary hilli, agrotehniki möhletlerde geçirmek, bu ugurda ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek üçin zerur çäreler görülýär. Gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatyň bugdaý, ýeralma we beýleki gök-bakja ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri geçirilýär. Bar bolan biokärhanalarda işler talabalaýyk guralyp, häzirki wagtda bugdaý meýdanlaryna bioönümleri goýbermek, gowaça meýdanlary üçin ýeterlik mukdarda bioönümleri öndürmek babatda zerur işler alnyp barylýar. Pile möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin pileçi kärendeçiler bilen şertnamalar baglaşylyp, ýüpek gurçugynyň tohumlaryny paýlamak boýunça işler dowam edýär.

Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we gowaça ekişiniň, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda gowaça ekişi alnyp barylýar. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde gowaçanyň hatarara bejergisini talabalaýyk geçirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallardan netijeli peýdalanylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak, gerek bolan ýerlerinde goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Welaýatdaky biokärhanalarda bioönümleri öndürmek, bu önümleri kada laýyklykda ulanmak boýunça toplumlaýyn işler ýerine ýetirilýär.

Ilaty ýurdumyzda öndürilýän ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleri bilen bolelin üpjün etmek barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, sebitiň ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, pile möwsümini talabalaýyk geçirmek, bu ugurda bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatyň pileçi kärendeçileri tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, ak ekin meýdanlaryndaky degişli ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda gowaça ekişi guramaçylykly alnyp barylýar. Gögeriş alnan meýdanlarda ideg etmek, hatarara bejergilerini talabalaýyk geçirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Ekişde we bejergi işlerinde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly dowam etdirilýär. Welaýatyň çäginde bar bolan biokärhanalarda bioönümleri öndürmek hem-de ekin meýdanlaryna goýbermek işleri alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek maksady bilen, olara ideg işleri geçirilýär. Welaýatyň pile öndürijileri tarapyndan ýüpek gurçuklaryna ideg işleri dowam etdirilýär. Mundan başga-da, häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda gurlup ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda jogapkärli möwsümiň dowam edýändigini we ony guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. Şeýle-de gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda gowaça ekişi dowam edýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda bolsa hatarara bejergi işleri alnyp barylýar. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek arkaly azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda gallaçy daýhanlar tarapyndan mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär.

Diýarymyzda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, sebitleriň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinleri ekmek, olara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek üçin döredýän mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylyp, häzirki wagtda welaýatlaryň ýerli howa şertlerine laýyklykda, pile öndürijiler tarapyndan ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň ýokary hilli, bellenen möhletlerde geçirilmeginiň, bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu ugurdaky işleri berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýangyn döredip biläýjek ýagdaýlaryň öňüni almak üçin zerur çäreleriň görülmelidigini nygtady we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.