Ï Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ikinji tapgyry başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ikinji aýlawy başlandy

view-icon 2522
Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ikinji aýlawy başlandy
camera-icon
tff.com.tm

Mary welaýatynda «Merw» futbol topary bilen Balkanabadyň «Nebitçisiniň» arasynda 10-njy tapgyryň oýny bilen Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ikinji aýlawy başlandy. Bu duşuşyk garşydaşlaryň şu möwsümdäki ikinji oýnudy. Birinji oýnunda «Merw» topary myhmançylykda 1:0 hasabynda utuş gazandy. Ikinji duşuşyk hem şeýle hasap bilen tamamlandy.

Duşuşygyň 84-nji minudynda Guwanç Berdimyradow takyk urgy bilen «Merw» toparyna ýeňiş getirdi. Serdar Gulyýewiň oýnuň goşmaça 96-njy minudynda meýdançadan çykarylmagy sebäpli «Nebitçi» topary oýny azlykda tamamlady.

Iki oýunda ýeňiş gazanan «Merw» topary 15 utuk bilen üçünji orunda barýan, ýöne bir oýun az oýnan «Ahal» topary bilen deňleşdi. 18 utuk toplan paýtagtymyzyň «Altyn asyr» topary ikinji orny eýeleýär. Ýokary netije görkezip, 8 oýunda 24 utuk toplan döwlet ähmiýetli adybir şähere wekilçilik edýän Türkmenistanyň häzirki çempiony «Arkadag» topary çempionatda öňde barýar.

«Nebitçi» topary 12 utuk bilen bäşinji orunda barýar, ol birinji tapgyrda özara duşuşykda gazanan ýeňşiniň hasabyna altynjy orundaky Türkmenbaşynyň «Şagadam» toparyndan öňe geçdi.

10-njy tapgyrda: «Köpetdag» – «Aşgabat», «Şagadam» – «Altyn asyr», «Energetik» – «Ahal» toparlary duşuşarlar.