Ï Köpetdagyň gözel dag eteginde atlaryň çekeleşikli uzak aralyga ýörişi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Köpetdagyň gözel dag eteginde atlaryň çekeleşikli uzak aralyga ýörişi geçirildi

view-icon 1844
Köpetdagyň gözel dag eteginde atlaryň çekeleşikli uzak aralyga ýörişi geçirildi
camera-icon
Meretdurdy Rozyýew

Öňden gelýän asylly däbe görä, Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýurdumyzyň tanymal atçylyk toplumlaryna wekilçilik edýän 20 atyň gatnaşan ahalteke atlarynyň uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi.

Döredijilik toparlary, medeniýet we sungat işgärleri, çeper-halk senetçiliginiň ussatlary bedewleriň ýaryşyna gatnaşyjylary mübäreklemek we goldamak üçin Köpetdagyň gözel dag etegine geldiler.

«Behişdi» bedewleri wasp edýän halk aýdymlaryny we kompozisiýalaryny ýerine ýetiren aýdym-tans toparlarynyň artistleri ruhlandyryjy çykyşlary bilen çapyksuwarlaryň armasyny ýetirdiler.

Hersi 30 kilometrden, iki tapgyrdan ybarat uzak aralyga atly ýöriş beýikli-pesli ýerden geçdi. Bäsleşigiň başyndan bedewler ýüwrükligini görkezdiler.

Birinji tapgyry üstünlikli geçen bedewler weterinar lukmanlaryň barlagyndan soň, ýaryşyň indiki tapgyryna gatnaşmaga goýberildi.

Uzak aralyga atly ýörişde öňdeligi eýelän bedewleriň görkezijileri birnäçe sekuntdy. Bellenilen ýoly has tiz geçen we pellehanada weterinariýa gözegçiliginde gowy netijeli bedewler kesgitlenildi.

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçiriljek dabaralarda atlaryň uzak aralyga ýörişiniň ýeňijileri yglan ediler we sylaglanar.