Ï Futzal boýunça Türkmenistanyň 2024-nji ýyl Superliga ýaryşy başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasy 2024 ýaryşy başlandy

view-icon 2219
Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasy 2024 ýaryşy başlandy

Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasy 2024 Aşgabatda iki oýun bilen başlandy. Alty futzal topary Türkmenistanyň çempiony ugrunda göreşýär. Olaryň üçüsi – «Köpetdag», «Senagatbank» we «Migrasiýa» toparlary Aşgabada, ikisi – «Deňizçi» we Türkmenbaşynyň «TNGIZT» toparlary Balkan welaýatyna we «Turan» topary Daşoguz welaýatyna wekilçilik edýärler.

Çempionaty «Köpetdag» topary bilen «TNGIZT»-iň toparynyň futzalçylary açdylar. 2024-nji ýylyň Naýbaşy futzal ligasynyň ilkinji pökgüsini oýnuň 7-nji minudynda «Köpetdag» toparynyň oýunçysy Allaberdi Meredow tora saldy. 4 minutdan soň Maksat Amanow hasaby deňledi – 1:1. Birinji ýarymyň tamamlanmagyna 3 minut galanda Sähetmyrat Atdaýew ýene «Köpetdag» toparyny 2:1 hasap bilen öňe çykardy. Bu hasap bilen toparlar arakesmä gitdiler.

Duşuşygyň ikinji ýarymynda «TNGIZT» toparynyň oýunçylary 3:2 hasap bilen öňe saýlandylar. Ilki bilen Maksat Amanow 25-nji minutda bir pökgi geçirdi, 32-nji minutda Mekan Şamyradow tapawutlandy. «Köpetdag» topary oýun gutarmagyna 4 minut galanda Kerwen Annaorazowyň takyk urgusy bilen ýeňlişden gutuldy.

«TNGIZT» bilen 3:3 hasabynda deň oýnan 2023-nji ýylda geçirilen Türkmenistanyň futzal Naýbaşy ligasynyň kümüş medalynyň eýesi täze möwsümiň başyndan eýýäm ilkinji iki utugy gidirdi.

Başga bir duşuşykda «Senagatbank» topary «Migrasiýa» toparyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Ýeňijiler iki pökgini hem birinji ýarymda tora saldylar. Ilki bilen 18-nji minutda Resul Heşdekow tapawutlandy. Şondan dört minut soň Nepesgeldi Ataýew topary öňe saýlady. Oýnuň gutarmagyna 4 minut galanda «Migrasiýa» toparynyň futzalçylary Abdylla Gurbannepesowyň tagallasy bilen hasaby 1:2-kä ýetirselerem, ýeňlişden gutulyp bilmediler.

Birinji tapgyr 7-nji maýda «Deňizçi» we «Turan» toparlaryň duşuşygy bilen jemlener.

2024-nji ýyldaky Türkmenistanyň futzal Naýbaşy ligasynyň ilkinji dört tapgyry paýtagtymyzda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport zalynda geçirilýär.

Bäsleşigiň düzgünlerine laýyklykda, oňa gatnaşýan toparlar dört tapgyrda biri-birleri bilen duşuşyp oktýabr aýynda ýeňijini kesgitlärler. Duşuşyklar Aşgabatda, Türkmenbaşyda we Daşoguzda geçiriler.