Ï «Senagatbank» futzal topary Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynda öňdeligi eýeleýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Senagatbank» futzal topary ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynda öňdeligi eýeleýär

view-icon 1871
«Senagatbank» futzal topary ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynda öňdeligi eýeleýär
camera-icon
tff.com.tm

«Senagatbank» futzal topary Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynda yzly-yzyna ikinji ýeňşini gazandy we öňdäki orny eýeledi.

Birinji tapgyrda «Migrasiýa» bilen geçirilen duşuşykda 2:1 hasabynda üstünlik gazanan Mergen Ataýewiň şägirtleri Daşoguzyň «Turan» toparyny 6:3 hasabynda ýeňip, 6 utuk bilen birinji oruny eýelediler. Bu topardan «Deňizçi» we «Migrasiýa» toparlary 3 utuk yzda barýarlar. Şeýle-de bolsa, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň topary bir oýun az oýnady.

2-nji tapgyryň esasy duşuşygynda ýurdymyzyň häzirki wagtda dört gezek çempiony «Deňizçi» topary geçen ýylky milli çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi «Köpetdag» topary bilen duşuşdy.

Oýnyň birinji ýarymynda iki toparyň oýunçylary üçin birnäçe gezek tapawutlanmaga mümkinçilik boldy. Şeýle-de bolsa, garşydaşlar Kirill Çaryýewiň geçiren bir pökgüsi bilen «Deňizçi» toparynyň peýdasyna 1:0 hasabynda arakesmä girdiler.

Ikinji ýarymyň başynda Gurbangeldi Sähedowyň uran pökgüsi Maksat Soltanowa degip «Deňizçi» toparynyň derwezesine girdi we hasap deň boldy – 1:1. Oýnuň tamamlanmagyna 8 minut galanda Kirill Çaryýew ikinji pökgüsini hem geçirip, ýene «Deňizçi» toparyny öňe saýlady – 2:1. Galan wagtda Ýakup Öwezowyň şägirtleri «Köpetdag» toparynyň derwezesine ýene iki pökgi geçirdiler. Pökgüleri Akmyrat Durdyýew we Danil Pançenko geçirip, netijäni 4:1 hasabynda «Deňizçi» toparynyň peýdasyna gutarnykly etdiler.

Şeýle hem bu möwsümde geçen ýyl bürünç medal gazanan «Gümrükçi» toparynyň oýunçylary bilen toparyny güýçlendiren «Migrasiýa» futzal topary Naýbaşy futzal ligasynda ilkinji ýeňşini gazanyp, «TNGIZT» toparyny 3:2 hasabynda utdy. Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň 3-nji tapgyrynyň oýunlary 8-nji maýda geçiriler.

2024-nji ýyldaky Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň ilkinji dört tapgyrynyň Aşgabatda – Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport zalynda geçirilýändigini ýatladýarys.

Bäsleşigiň düzgünlerine laýyklykda, gatnaşyjylar oktýabr aýynda ýeňijini kesgitlän dört tapgyrda biri-biri bilen duşuşarlar.