Ï Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Premýer-ministr bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Premýer-ministr bilen duşuşdy

view-icon 4134
Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Premýer-ministr bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D. Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri I. Kobahidzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň işjeň ösüşini, şeýle hem abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäginde köptaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn tejribesini kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşler ýokary derejedäki özara saparlary guramaga gyzyklanma bildirdiler.

Duşuşygyň barşynda söwda–ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi uly bolan mümkinçilikleri, senagat, ulag, ýangyç, energetika pudagaklary we medeni–ynsanperwer ugurlary boýunça özara gatnaşyklaryň ösüşini ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda–ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň orny aýratyn nygtaldy.

Ilçi Premýer-ministri Magtymguly Pyrgynyň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçiriljek dabaraly çäreler bilen tanyşdyrdy we Premýer-ministri 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda döwlet we hökümet baştutanlary derejesinde bu waka bagyşlanyp geçiriljek sammite çagyrdy. Şunuň bilen birlikde, şu ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň we daşary ýurt şahyrlarynyň we akyldarlarynyň heýkelleriniň açylandygyny aýtdy. Olaryň arasynda beýik gruzin şahyry Şota Rustaweliniň heýkeli hem bar. 

I. Kobahidze türkmen tarapynyň çakylygy üçin, şeýle hem bu başlangyjy üçin öz minnetdarlygyny bildirdi we bu heýkeliň açylmagy iki ýurduň we halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň berkidilmegine goşant goşjakdygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary, birek-birege ynanmak, hormat goýmak we özara bähbitlerine gyzyklanma bildirýän ýörelgesine esaslanýan hyzmatdaşlyga daýanýan türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem pugtalandyrmagyň girewi bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyk dostlukly we ynamly ýagdaýda geçdi.