Ï Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasy – 2024-iň ikinji aýlawy başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasy – 2024-iň ikinji aýlawy başlandy

view-icon 2516
Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasy – 2024-iň ikinji aýlawy başlandy

Balkan welaýatynda Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasy – 2024-iň ikinji aýlawy 6-njy tapgyryň duşuşyklary bilen başlandy.

Alty futzal topary Türkmenistanyň çempionlygy ugrunda göreşýärler. Olaryň üçüsi – «Köpetdag», «Senagatbank» we «Migrasiýa» toparlary Aşgabada, ikisi – «Deňizçi» we Türkmenbaşynyň TNGIZT toparlary – Balkan welaýatyna we «Turan» topary Daşoguz welaýatyna wekilçilik edýärler.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Awaza» sport toplumynyň meýdançasynda ilkinji bolup «Turan» we «Deňizçi» toparlarynyň futzalçylary duşuşdylar. Duşuşyk 4:0 hasabynda ýeňiş gazanan Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň toparynyň artykmaçlygynda geçdi. Duşuşygyň birinji ýarymynda (18-nji minutda) Maksat Soltanow hasaby açdy, ikinji ýarymynda Abdylla Nursähedow 22-nji, Gylyçmyrat Gylyçmyradow 34-nji we Jöwhermuhammet Gylyjow 36-njy minutlarda tapawutlandylar. Beýleki iki duşuşyk çekeleşikli geçdi. TNGIZT bilen «Köpetdag» toparynyň duşuşygy meýdança eýeleri üçin netijeli we dartgynly boldy.

12-nji minutda Watan Ataýewiň duýdansyzlykda öz derwezesine pökgi geçireninden soň TNGIZT topary 1:0 hasabynda öňe saýlandy. Birinji ýarymyň tamamlanmagyna 2 minut galanda Mülkaman Annagulyýew hasaby deňledi – 1:1.

Duşuşygyň ikinji ýarymynda Kerwen Annaorazowyň (27-nji minutda) we Gurbangeldi Sähedowyň (32-nji minutda) tagallalary netijesinde «Köpetdag» topary – 3:1 hasabynda öňe saýlandy. Şundan soň hasap üýtgemejek ýalydy. Emma duşuşygyň tamamlanmagyna az wagt galanda TNGIZT toparynyň Çaryýar Gurbannyýazowyň (38-nji) we Nurgylyç Gylyçjanowyň (39-njy) minutlarda takyk urgularyndan soň hasaby deňledi – 3:3. Ýöne duşuşyk munuň bilenem gutarmady. Iň soňky minutda Gurbangeldi Sähedow pökgini geçirip, «Köpetdag» topary 4:3 hasabynda öňe çykardy.

«Senagatbank» topary hem bu tapgyrda «Migrasiýa» toparyny 2:1 hasabynda ýeňip, kyn ýeňiş gazandy. Duşuşygyň birinji ýarymynda garşydaşlar netijeli oýnadylar: «Migrasiýa» topary Resul Heşdekowyň pökgüsine (10-njy minutda) Serdar Çaryýewiň (20-nji minutda) takyk urgusy bilen jogap berdi. Mergen Ataýewiň toparyna ýeňiş getiren pökgini 27-nji minutda Şamuhammet Babaýew tora saldy.

Alty tapgyrdan soň «Senagatbank» topary 18 utuk gazanyp öňbaşçylygy saklaýar. Häzirki dört gezek milli çempion «Deňizçi» topary öňbaşçydan üç utuk yzda. Türkmenistanyň wise-çempiony «Köpetdag» topary ýakyn bäsdeşi «Migrasiýa» toparyndan 4 utuk artyk toplap, 10 utuk bilen üçünji orunda barýar.

Indiki, 7-nji tapgyrda «Köpetdag» bilen «Deňizçi» toparlary duşuşarlar. Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynda bu toparlaryň arasyndaky duşuşyk ikinji gezek bolar. Ilkinji tapgyryň oýny 4:1 hasabynda «Deňizçi» toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy.

7-nji tapgyryň beýleki duşuşyklarynda: «Migrasiýa» – TNGIZT we «Senagatbank» – «Turan» toparlary duşuşarlar.