Ï Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynda «Altyn asyr» topary ikinji ýeri eýeledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynda «Altyn asyr» topary ikinji ýeri eýeledi

view-icon 2012
Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynda «Altyn asyr» topary ikinji ýeri eýeledi

Aşgabadyň «Altyn asyry» topary ýokary liganyň toparlarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 16-njy tapgyrynyň netijelerinden soň ikinji ýeri eýeledi.

Soňky tapgyrda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň topary «Köpetdag» toparyny 1:0 hasabynda utup, üçünji orundaky «Ahal» toparyndan 3 utuk öňe saýlandy. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň toparyndan 78-nji minutda Serdar Annaorazow ýeňiş pökgüsini tora girizdi.

Bu ýeňişden soň «Altyn asyr» topary 31 utuk gazandy. Marynyň «Energetik» toparydan 6:0 hasabynda üstün çykyp, şu tapgyrda häzirki çempionatda 14-nji ýeňşini gazanan «Arkadag» toparynyň ondan 11 utugy köp.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşliginde geçirilen bu oýunda hasaby 30-njy minutda Resul Hojaýew açdy. 35-nji minutda Saparguly Arzuwgulyýew ony iki esse köpeltdi. Ikinji ýarymyň başynda, 47-nji we 49-njy minutlarda geçen ýylky milli çempionatyň iň köp pökgi geçiren oýunçysy Didar Durdyýew iki pökgi geçirdi. Ýene 2 minutdan Begmyrat Baýow «Arkadag» toparynyň pökgi tapawudyny 5-e ýetirdi. Mekan Saparow 77-nji minutda soňky topy saldy.

16-njy tapgyrda Balkanabatda ýerli «Nebitçi» topary Myratdurdy Baýramowyň (42-nji minut) we Serdar Gulyýewiň (44-nji minut) tagallasy bilen «Aşgabat» toparyndan 2:0 hasabynda üstün çykdy. Türkmenbaşy şäherinde bolsa «Şagadam» topary Marynyň «Merw» toparyny 3:0 hasabynda ynamly ýeňdi. 

Soňky oýunda esasy wakalar ikinji ýarymda boldy. «Merw» toparynyň oýunçysy Ambýar Mahmudow topy öz derwezesine geçireninden soň, meýdança eýeleri 60-njy minutda öňe saýlandy. 74-nji minutda Mekan Aşyrow artykmaçlygy iki pökgi artdyrdy. 86-njy minutda Arslan Ýollyýew duşuşygyň soňky topuny saldy.

Bu ýeňişden soň «Şagadam» topary 24 utuk bilen bir oýun az oýnan «Merw» toparyndan 3 utuk öňe geçip, dördünji orny eýeledi.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 17-nji tapgyrynda: «Aşgabat» – «Ahal», «Köpetdag» – «Nebitçi», «Merw» – «Arkadag» we «Energetik» – «Altyn asyr» duşuşarlar.