Ï Türkmenistanyň 2024-nji ýylda Naýbaşy futzal ligasynyň Balkan tapgyry başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň 2024-nji ýylda Naýbaşy futzal ligasynyň Balkan tapgyry başlandy

view-icon 2185
Türkmenistanyň 2024-nji ýylda Naýbaşy futzal ligasynyň Balkan tapgyry başlandy

Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň Balkan tapgyry «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Awaza» sport toplumynyň meýdançasynda 5-nji tapgyryň duşuşyklary bilen başlandy.

Ozal habar berlişi ýaly, Aşgabatdan, Balkandan we Daşoguzdan alty futzal topary Türkmenistanyň çempionlygy ugrunda göreşýär.

5-nji tapgyryň birinjiligi ugrunda milli çempionatyň lideri «Senagatbank» topary bilen Türkmenistanyň häzirki wise-çempiony «Köpetdag» topary duşuşdy.

Mundan öň dört duşuşykda dört ýeňiş gazanan Mergen Ataýewiň topary oýna yhlasly başlady. 11-nji we 17-nji minutlarda Rahatmyrat Nepesow iki pökgi geçirdi we toparlar 2:0 hasabynda «Senagatbank» toparynyň peýdasynda arakesmä çykdylar. 26-njy minutda Nepesgeldi Ataýew lideriň artykmaçlygyny üç pökgä çenli artdyrdy. 31-nji minutda Mülkaman Annagulyýew bir pökgi geçirse-de, «Köpetdag» topary ýeňlişden gutulyp bilmedi. 3:1 hasabynda bassyr bäşinji ýeňşini gazanan «Senagatbank» topary Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynynyň birinji tapgyrynda 15 utuk bilen birinji orny eýeledi. Türkmenistanyň häzirki dört gezek çempiony «Deňizçi» topary liderden 3 utuk yzda, ol 5-nji tapgyrda TNGIZT-ny 2:1 hasabynda ýeňdi.

Oýnuň birinji ýarymynda iki tarapam üstünlik gazanyp bilmedi. Ikinji ýarymynda bolsa TNGIZT-nyň futzalçylary Abdylla Nursähedowyň (22-nji minutda) we Kadyr Berenowyň (29-njy minutda) iki pökgüsine Çaryýar Gurbanniýazowyň oýnuň soňky minutynda ýeke takyk urgusy bilen jogap berdiler.

5-nji tapgyryň başga bir oýnunda «Migrasiýa» topary Daşoguzyň «Turan» toparyny 6:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ýeňijilerden Täçmämmet Dynnyýew (6-njy we 18-nji minutlarda) we Ysmaýylmuhammet Öwekow (14-nji we 25-nji minutlarda) iki, Balkan Durdyýew (12-nji minutda) we Ezizmämmet Begmämmedow (37-nji minutda) bir gezek pökgi geçirdiler. Ýeňilenlerden Nurmyrat Baýramdurdyýew (28-nji minutda) abraý pökgüsini saldy.

Bu ýeňişden soň «Migrasiýa» topary 6 utuk toplap, 7 utuk bilen üçünji orunda barýan «Köpetdag» toparyna golaýlaşdy.

Türkmenistanyň 2024-nji ýylda Naýbaşy futzal ligasynyň indiki, 6-njy tapgyrynda «Turan» – «Deňizçi», TNGIZT – «Köpetdag» we «Senagatbank» – «Migrasiýa» duşuşarlar.