Ï «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 20-nji sany çapdan çykdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 20-nji sany çapdan çykdy

view-icon 2488
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 20-nji sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 20-nji sany çapdan çykdy. Elektron neşiriň ýubileý sany onuň şu ýyldaky sekizinji sanyna gabat geldi.

20 san – bir neşir üçin köp mukdar däl. Ýöne muňa garamazdan, ilkinji sany «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň ilkinji aýynda okyjylara ýetirilen žurnal gysga döwrüň içinde uly söýgini gazanyp, ägirt gyzyklanma eýe boldy. Onuň türkmen ýaşlarynyň sözüne, pikir alyşma meýdançasyna öwrülendigini bolsa aýratyn nygtamak gerek. Neşiriň ýubileý sany güýzüň bosagasyndaky aýyň ýatdan çykmajak wakalaryna beslenýär. Şol bir wagtyň özünde žurnal söýgüli okyjylaryna täze we täsirli makalalaryň, çeper eserleriň uly toplumyny hödürleýär.

Elektron žurnalyň baş redaktorynyň giriş çykyşy 12-nji awgustda bellenilen Hazar deňziniň gününe bagyşlanypdyr. «Uly jemagatlar, uly geňeşler» atly makalada bolsa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu aýda geçiriljek mejlisiniň ähmiýetine üns çekilýär.

Türkmen ýaşlaryndan ybarat wekiliýetiň geçen aýda Gyrgyzystan Respublikasynda Türki Döwletleriň Guramasyna agza we synçy ýurtlaryň meýletinçilik işi boýunça geçirilen halkara ýaş meýletinçiler üçin okuw maslahatyna gatnaşmasy «Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýaş meýletinçileriň orny» atly makalada öz beýanyny tapýar. Neşiriň ýubileý sanynda iňlis dilinde paýlaşylýan ilkinji makalada bolsa ylym we bilim boýunça türkmen-koreý gatnaşyklarynyň şu gününe syn berilýär.

«Täze okuw ýyly – täze başlangyçlaryň binýady» atly makala adyndan hem belli bolşy ýaly, güýzüň ilkinji gününde badalga berlen möhüm möwsümiň waspy bolup ýaňlanýar. Şol sahypalarda ýaş mugallymlaryň täze okuw ýylynyň täsirleri baradaky çykyşlary hem paýlaşylýar.

Neşiriň täze sanyndaky «Talyplyk ýyllary – uly mümkinçilikleriň döwri», «Medeni mirasyň hukuk goraglylygy» atly makalalar hem iňňän täsirli ýazylypdyr. Rus dilindäki ilkinji makalada bolsa türkmen medeniýetiniň esasy gymmatlyklary barada gürrüň edilýär. Şol sahypalarda iňlis dilinde paýlaşylan makalada Hazar deňziniň halklaryň arasyndaky dostlugy berkitmekdäki ähmiýetine üns çekilýär.

Elektron neşir «Sanly ykdysadyýet – ösüşiň aýdyň kepili» atly makala bilen dowam edýär. «Hytaý dili: sözüň şekil bilen sazlaşygy» atly makala hem dil öwrenmek isleýänleriň ünsüni özüne çeker. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çykyşlaryň tapgyry «Köňülleriň şahyry» atly makala bilen dowam etdirilýär. «Ýunus Emräniň eserlerinde ruhy-ahlak ýörelgeler» atly makalanyň awtory gozgalýan mesele barada takyk mysallary getiripdir.

«Bagtyň açary», «Iň baý adamyň iň gadymy syry: nädip baýamaly?» (Jorj Kleýsonyň «Wawilonyň iň baý adamy» atly kitabyndan), «Kitap – dünýä syrynyň açary» we «Göwündäki daşlar» atly makalalar hem okyjylary täze maksatlara ruhlandyrýar hem-de olary çuňňur oýlandyrýar.

Dünýäde syýahat etmek üçin iň amatly ýerler barada gürrüň berýän iňlis dilindäki makalanyň täsiri hem özünden öňki makalalardan asla pes däl. Makalada görkezilýän sanawyň ýurdumyzdaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndan başlanmagy bolsa has guwandyryjydyr.

Tomsuň özboluşly aýratynlyklary barada rus dilinde paýlaşylan makala okyjylary tomus ýatlamalaryna alyp gider. «Tomus» diýlende, ilkinji bolup ýadyňa düşýän ajaýyp mekan – merjen Awaza baradaky makala şol ýatlamalary has süýjedýär.

Däp bolşy ýaly, neşir «Ýaş waspçy» bäsleşiginiň ýeňijisi baradaky maglumat we ajaýyp fotokollaj bilen tamamlanýar. Şu gezekki fotokollajda ýakynda paýtagtymyzda geçirilen «Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin» atly sergi-ýarmarkasy şöhlelendirilýär.