Ï «Suwulgan» – hemişelik sahna tymsaly
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Suwulgan» – hemişelik sahna tymsaly

view-icon 2591
«Suwulgan» – hemişelik sahna tymsaly
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda Aleksandr Wolodiniň eseri esasynda «Suwulgan» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi boldy. Sahna oýnuna tomaşa etmäge gelenlerden teatryň zaly hyryn-dykyn doldy.

«Suwulgan» spektaklynyň esasy temalary watanperwerlik, diplomatiýanyň başlangyjy, aňtawçylyk, söýgi we gaýry medeniýeti öwrenmek bolup durýar. Suwulgan atly ýaş gyz hile bilen şol döwürdäki iň güýçli ýaraglary – ýaýdyr oklary bolan taýpanyň içine aralaşýar. Onuň wezipesi ýaý we ok ýasamagyň syryny bilmekden ybarat. Gaýry taýpadan bolan gyz şol döwürde oýlanyp tapylan ençeme täze zatlary görýär, ol geň galmakdan ýaňa tomaşaçylary ýylgyrdýan gülkünç ýagdaýlara-da düşýär.

Oýun goýujy režisýor Türkmenistanyň halk artisti Kakajan Aşyrow baş gahrymanyň keşbini döretmäge şa gyzynyň keşbine ökde hasaplanylýan aktrisa Aýlar Baýramowany çagyrypdyr. Suwulgany alyp gaçýanyň keşbini bolsa Begenç Işangulyýewiň ýerine ýetirmegi hiç kimi geň galdyrmady.

Aleksandr Wolodiniň «Suwulgan» atly sahna oýny teatrlarda köp sahnalaşdyrylýan eserdir, her gezek hem lybaslar boýunça suratkeşler:

– Daş asyrynyň lybaslary nähili bolmalyka? Nädip aktýorlara deri we sal-sal eşik geýdirip, ony hem gelşikli bolar ýaly edip bolarka? – diýip, kelle döwýärler. Keýik Baýramowa bu wezipäniň hötdesinden gelipdir.

Tomaşaçylar teatryň döredijilik toparynyň işini agzybir el çarpyşmalar bilen kabul etdiler.