Ï Paýtagtymyzda «HI-TECH Turkmenistan 2024» atly halkara maslahat we sergi geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtymyzda «HI-TECH Turkmenistan 2024» atly halkara maslahat we sergi geçirilýär

view-icon 3332
Paýtagtymyzda «HI-TECH Turkmenistan 2024» atly halkara maslahat we sergi geçirilýär
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Şu gün Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň we ugurdaş sergisiniň çäklerinde Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat we sergi öz işine başlady.

Iki günläp dowam edýän wekilçilikli forum Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredijilik, depginli ykdysady öňegidişlik we gülläp ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Diýarymyzyň üstünliklerini beýan etmäge gönükdirilendir.

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, häzirki wagtda Türkmenistanda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli ornaşan häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar.

Bu öz gezeginde, dünýä bileleşiginde, ilkinji nobatda bolsa, türkmen tarapy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga isleg bildirýän goňşy we alysdaky ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekillerinde uly gyzyklanma döredýär.

Şu gezekki foruma gatnaşýanlaryň uly toparynyň bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Onuň düzüminde ýurdumyzyň döwlet we hususy düzümleri hem-de dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary, hususan-da, ýokary tehnologik enjamlary öndürijiler we getirijiler, Koreýa Respublikasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistandan, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarus Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Beýik Britaniýadan, Şwesiýadan, Malaýziýadan we beýleki ýurtlardan öňdebaryjy tehnologiýalary we programma üpjünçiligini işläp taýýarlaýjylar bar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we “Oguzabat” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guralan sergi öndürilýän önümler we hödürlenilýän hyzmatlar bilen tanyşdyrmak, uzak möhletli özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşmak üçin amatly meýdança boldy.

Giň gerimli sergi birnäçe bölümlerden ybaratdyr. Bölümleriň atlary olaryň tematiki ugruny kesgitleýär: Suw tygşytlaýjy tehnologiýalar; Maliýe tehnologiýalar; Bilim tehnologiýalary; Senagat tehnologiýalary; Elektron söwda (Marketpleýs); Ekologiýa we durnukly ösüş; Lukmançylyk we biotehnologiýa; “Akylly” şäher we gurluşyk; Ulag-logistika; Oba hojalyk we onuň tehnologiýalary; Energetika we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri; Maglumat tehnologiýalary we sanly özgeriş.

Programma üpjünçiliginiň işläp taýýarlamalaryna we IT hyzmatlaryna, işewürlik hem-de döwlet edaralary üçin programma çözgütlerine bagyşlanan diwarlyklar ýygnananlarda aýratyn gyzyklanma döretdi.

Döwlet düzümleri – ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň 50-den gowrak hususy kompaniýalary öz pawilýonlaryny sergide ýaýbaňlandyrdylar.

Innowasiýalary mundan beýläk hem ornaşdyrmak babatda bilelikdäki işleriň mümkinçilikleriniň maslahatlaşmalary günüň ikinji ýarymynda açylan Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatyň çäklerinde dowam etdi.

Özara gyzyklanma eýe bolan dialoga gatnaşmaga ýurdumyzyň bilim we ylmy edaralarynyň ýolbaşçylary we jogapkär işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we professor-mugallymlar düzümi, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, birnäçe daşary ýurt kompaniýalaryň hem-de ugurdaş düzümleriň wekilleri çagyryldy.

Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň meselelerine we maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlanan umumy mejlisiň barşynda bellenilişi ýaly, bilim we ylym, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak döwlet Garaşsyzlygymyzyň binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň hereketlendirijisi bolup çykyş edýär.

Häzirki zaman ylmy-tehniki gazanylanlar, bilimler we innowasiýalar ýurdumyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmeginiň, milli ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrylmagynyň we ähli ulgamlarda öňegidişligiň, dünýäniň syýasy, ykdysady, ylmy-medeni giňişliginde Bitarap Watanymyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň binýady bolup hyzmat edýär.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, ýurdumyz gysga döwrüň içinde iri tehnologiýa ösüşini başdan geçirdi. Munuň özi ýokary tehnologiýalary, kompýuterleri ornaşdyrmagy we iň gowy dünýä tejribesini özleşdirmegi möhüm wezipe hökmünde kesgitlän uzakmöhletleýin durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň netijesinde mümkin boldy.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan ylym, tehnika we inowasion tehnologiýalar ulgamynda daşary ýurtlaryň halkara düzümleri we ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmäge hem-de bu ugurda bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga hemişe taýýardyr.