Ï Yslam ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Yslam ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 2104

2024-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Yslam ösüş bankynyň (YÖB) prezidenti Muhammad Suleýman Al-Jasser bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň bu bankyň agzasy bolan 30 ýylynyň dowamynda YÖB-niň ýurdumyzda saglygy goraýyş, aragatnaşyk, energetika ýaly ugurlary öz içine alýan 20-den gowrak taslamany maliýeleşdirmäge gatnaşandygy nygtaldy.

Maliýe düzüminiň ýolbaşçysy bilen bolan pikir alyşmalaryň dowamynda Türkmenistan üçin Hyzmatdaşlygyň strategiýasyny işläp düzmegiň ähmiýetine üns çekildi. Şeýle-de YÖB bilen Türkmenistanyň banklarynyň, hususy pudagynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmakda, ilkinji nobatda, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde maliýe-karz, maslahat beriş hyzmatlaryny işjeňleşdirmek babatynda giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.