Ï Döretmek we gurmak — döwletiň hem jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şerti
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döretmek we gurmak — döwletiň hem jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şerti

view-icon 2892

Eziz Diýarymyzyň gülläp ösüşini, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan durmuş-ykdysady strategiýasynyň baş maksadydyr. Bu syýasatyň ileri tutulýan ugurlary milli ykdysadyýetimizi depginli ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli maksatnamalarda aýdyň beýanyny tapýar.

30-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň sebitlerinde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde işletmek, ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek üçin zerur çäreler görülýär. Bugdaý ekişi guramaçylykly geçirilýär, meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak işleri öz wagtynda ýerine ýetirilýär. Güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarda ideg etmek, ýetişdirilen ekinleriň hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly oragyna başlamak boýunça taýýarlyk işleri, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda bolsa ideg işleri alnyp barylýar. Şeýle hem medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny gyş möwsümine taýýarlamak boýunça işler, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabatlar berildi.

Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi we bu ugurdaky işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça görkezmeler berildi.

3-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary hanym Ýutta Urpilaýneni kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda ylym-bilim, ekologiýa, energetika, üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek meseleleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Ýutta Urpilaýnen Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ygtybarly ulag köprüsi hökmünde Türkmenistanyň ornuny aýratyn nygtap, Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag ulgamynda köptaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde ýurdumyzyň işjeň hereketlerine ýokary baha berdi. Sebitiň ýurtlary hem-de abraýly halkara guramalar bilen bilelikde, Türkmenistan Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ýaly geljegi uly ulag geçelgelerini işjeň ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu geçelgeleriň Ýewraziýa yklymynyň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde ygtybarly köpri boljakdygyna ynam bildirdi.

4-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dokuz aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 10-njy oktýabrda Arkadag şäherinde guraljak VI Wena balyny ýokary derejede geçirmek bilen baglanyşykly teklip hödürlenildi. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi.

Şu ýylyň 26-njy sentýabry — 1-nji oktýabry aralygynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasyna gatnaşmagynyň netijeleri mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy. Türkmenistanyň wekiliýeti sessiýada çykyş edip, häzirki döwrüň ählumumy meseleleri, hususan-da, howpsuzlyk, durnukly ösüş, howanyň üýtgemegi, ynsanperwerlik meseleleri boýunça ýurdumyzyň garaýyşlaryny beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň bu ulgamlardaky halkara başlangyçlary barada aýdyldy. Şeýle-de ýurdumyzyň wekiliýeti Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň “C5+1” görnüşindäki duşuşygyna, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygyna gatnaşdy. Olarda garalan meseleler boýunça Türkmenistanyň resmi garaýyşlary beýan edildi.

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen geçirilen duşuşygyň barşynda iri halkara guramanyň ýolbaşçysynyň şu ýylyň iýulynda Aşgabada bolan iş saparynyň hem-de onuň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen gepleşikleriň ähmiýeti bellenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň nusgalyk derejesi, häzirki zaman dünýäsiniň gün tertibinde duran dürli meseleler babatda ýurdumyzyň işjeň we oňyn orny nygtaldy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň çäklerinde köp sanly duşuşyklar geçirildi hem-de birnäçe resminamalara, hususan-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Kamboja Patyşalygynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň arasynda ikitaraplaýyn geňeşmeleri ýola goýmak babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Serbiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolmagy, iri senagat, durmuş maksatly desgalaryň we binalaryň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Döwlet Baştutanymyz 2024-nji ýyly gowy netijeler bilen tamamlamak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Mejlisde hormatly Prezidentimiz saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerini 10-njy oktýabrda giňden bellenilip geçiljek hünär baýramçylygy bilen gutlady hem-de 2024 — 2028-nji ýyllarda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen birnäçe Karara gol çekdi. Resminamalara laýyklykda, “Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň Milli maksatnamasy”; “Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň Milli strategiýasy”; “Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça Milli maksatnamasy” tassyklanyldy. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Ilatyň derman serişdeleri we lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler bilen üpjün edilmegini kämilleşdirmek; Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezini, Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezini döretmek; Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda onkologiýa hassahanalarynyň gurluşygynyň taslamalaryny maliýeleşdirmek hakynda Kararlar hem bar.

Geçen hepdede döwlet Baştutanymyz 2028-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Los-Anjeles şäherinde geçiriljek XXXIV tomusky Olimpiýa hem-de XVIII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakynda Karara gol çekdi hem-de onuň düzümini tassyklady.

5-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle-de mejlisiň gün tertibine Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň howpsuzlygyny we parahatçylygyny üpjün etmek, Ýaragly Güýçleriň düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.

6-njy oktýabrda — Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalarynyň, ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlaryň hasrat bilen ýatlanýan Hatyra gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda «Ruhy tagzym», «Milletiň ogullary» we «Baky şöhrat» ýadygärliklerine gül goýmak hatyra çäresine gatnaşdy. Milli däp-dessurlarymyza laýyklykda, paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hatyra çäreleri geçirildi. Şu ýyl Hatyra gününiň dynç gününe düşýändigi sebäpli, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 6-njy oktýabrdaky dynç gününi 7-nji oktýabra — duşenbe gününe geçirmek hakynda Permana gol çekdi.

Geçen hepdäniň möhüm wakalaryna syn bermegi dowam etmek bilen, 3-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň Prezidiumynyň mejlisiniň geçirilendigini bellemek gerek. Onuň işine Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, beýleki döwlet, häkimiýet we jemgyýetçilik edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Gün tertibine beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütlerden gelip çykýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleler girizildi. 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geljek ýylda dabaralarydyr çäreleri guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk görmegiň wajypdygyna aýratyn üns çekildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Halk Maslahatynyň mejlisinde gol çeken Permanyny ýerine ýetirmek maksady bilen, geçiriljek çäreleriň we dabaralaryň meýilnamasyny taýýarlamak teklip edildi.

Mejlise gatnaşyjylar ýurdumyzyň ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň, ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny», «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça wezipeler kesgitlenildi.

Gahryman Arkadagymyz çykyşynda hemişelik Bitarap döwletimizde halk bilen geňeşmegiň — Halk Maslahatynyň mejlisini yzygiderli geçirmegiň asylly däbe öwrülendigini aýtdy. Häzirki döwürde halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasynyň işi täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar we halkyň agzybirligini, jebisligini berkitmegiň, jemgyýeti dolandyrmagyň hem-de ösdürmegiň möhüm guraly hasaplanýar.

Geçen hepdede paýtagtymyzda Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyny işe girizmek boýunça ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýutta Urpilaýnen, Ýewropa Komissiýasynyň Baş direktorynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça geňeşçisi Henrik Hololeý, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Ermenistanyň, Gruziýanyň ugurdaş ministrlikleriniň, Aziýa ösüş bankynyň, Aziýanyň infrastruktura maýa goýum bankynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň, Ýewropanyň maýa goýum bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, Bütindünýä bankynyň wekilleri gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, bu täze utgaşdyryjy platforma Hazarüsti ulag geçelgesiniň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga we ony Ýewropa bilen Aziýany baglanyşdyrýan multimodal ulag ugruna öwürmäge gönükdirilendir. Munuň özi demir ýol, awtomobil, port infrastrukturasyna maýa goýumlary höweslendirer, Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, ulag geçelgeleriniň howpsuzlygyny, durnuklylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder. Bu platformanyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk ulag ulgamyna öňdebaryjy tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyny çaltlandyrar, özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek boýunça tagallalary utgaşdyrmaga goşant goşar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň çapa taýýarlamagynda “Hatyra” kitabynyň jemleýji, bäşinji jildi neşir edildi. Täze neşirde Beýik Watançylyk urşunda mertlerçe söweşen, Mary welaýatyndan bolan esgerler hatyralanýar. Onuň sahypalarynda dereksiz ýiten, söweş meýdanlarynda gahrymanlarça wepat bolan, agyr ýaralanyp aradan çykan hem-de mähriban ojagyna gaýdyp gelmedik merdana esgerleriň sanawy elipbiý tertibinde ýerleşdirilipdir.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary eziz Diýarymyzyň ägirt uly döredijilik mümkinçilikleriniň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny artdyrmaga, rowaçlygyny üpjün etmäge, täze sepgitlere tarap ynamly öňe barýan Watanymyzyň halkara abraýyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen strategiýasynyň üstünliklere beslenýändigini aýdyň görkezdi.