Ï Amerikan edebiýatynyň wekilleri Türkmenistana gelip gördüler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Amerikan edebiýatynyň wekilleri Türkmenistana gelip gördüler

view-icon 3405
Amerikan edebiýatynyň wekilleri Türkmenistana gelip gördüler

Aýowa uniwersitetiniň Halkara ýazyjylyk maksatnamasynyň we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenmeginiň çäginde Aşgabat şäherine gelen amerikan edebiýatynyň tanymal şahslary Haleh Liza Gafori we Kristofer Merrill türkmenistanlylary ýazyjylyk ussatlygy we ABŞ-nyň medeniýetiniň inçe syrlary bilen tanyşdyran birnäçe döredijilik agşamyny geçirdiler.

Ýakynda olar iňlis dilini öwrenýän ýaşlar bilen söhbetdeş bolup, öz durmuşlary, dürli ýazyjylaryň eserlerini terjime etmek tejribeleri we döredijilik hem çeper beýan ediş endiklerini ösdürmäge kömek edýän edebi usullar barada gürrüň berdiler.

Kristofer Merrill amerikaly şahyr, ýazyjy, žurnalist we terjimeçi. Ol Aýowa şäheriniň ÝUNESKO-nyň «Edebiýat şäheri» diýlip atlandyrylmagyna sebäp bolan başlangyja ýolbaşçylyk edipdir. Aýowa uniwersitetiniň Halkara ýazyjylyk maksatnamasynyň ýolbaşçysy hökmünde bu okuw mekdebiniň işi barada çykyş etdi.

Agşamyň dowamynda çekişmä gatnaşýanlar Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň mirasynyň türkmen halky üçin ähmiýeti barada öz pikirlerini beýan etdiler we goşgularyny türkmen dilinde okadylar. Milli diliň owazy myhmanlara aýratyn şatlyk getirdi.

Daşary ýurtly ýazyjylar, öz gezeginde, Magtymgulynyň şygryýetini diňe bir asyl nusgada däl, eýsem, köp sanly okyja elýeterli etmek üçin başga dillere terjime etmegiň hem möhümdigini bellediler.

Mysal üçin, ýerine ýetiriji artist, şahyr, terjimeçi, sazanda we mugallym Haleh Liza Gaforiniň asly eýranly. Onuň döredijilik işiniň ajaýyp miwesi pars şahyry Jelaleddin Rumyniň eserleriniň iňlis diline terjimesi boldy. Gündogar şygryýetini çuňňur duýmak bilen Gafori Rumynyň paýhasly filosofik we şahyrana mirasyny köpçülige ýetirmegi başardy.

Has düşnüklilik üçin ol Rumynyň goşgularyndan parçalary asyl nusgada okamak bilen, çykyşyny gündogar şygryýetini ýerine ýetirmek boýunça ussatlyk synpyna öwürdi.

«Dünýä edebiýaty» we «Garagum» žurnallarynyň, şeýle hem «Nesil», «Edebiýat we sungat» gazetleriniň wekilleri bilen «tegelek stoluň» geçirilmegi medeni alyş-çalşyň möhüm bölegi boldy. Duşuşykda häzirki zamanda edebiýatyň wajyp mowzuklary, neşirýat işleriniň aýratynlyklary we türkmen hem amerikan ýazyjylarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saparyň çäginde amerikan edebiýatynyň wekilleri ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerine baryp görerler we Daşoguz hem Mary şäherlerinde döredijilik agşamlaryny geçirerler.