Ï «Hasyl – berekediň gözbaşy»
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Hasyl – berekediň gözbaşy»

view-icon 1685
«Hasyl – berekediň gözbaşy»
camera-icon
Hasan Magadow

Şeýle at bilen Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň goldamagynda hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşmesiniň gatnaşmagynda Hasyl toýy mynasybetli dabara geçirildi.

Binanyň eýwanynda oba senagat toplumynyň döwlet kärhanalarynyň öňdebaryjylary we kärdeşler arkalaşyklaryň işjeňleri jemlendi, şu ýyl daýhanlar tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen gök-bakja, däneli ekinleriň hasyllarynyň, azyk we ýeňil senagaty kärhanalarynyň önümleriniň örän köpdürli görnüşleriniň sergisi guraldy. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk saz gurallary toparynyň artistleriniň, şeýle hem Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Miras folklor» talyplar toparynyň çykyşlary oba senagat pudagynyň bu ýere jemlenen weteranlarynyň baýramçylyk ruhuny belende göterdi. Olar «Hasyl toý» atly edebi kompozisiýa bilen çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň oba senagat toplumynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň işgärler Geňeşiniň ýolbaşçysy Berdimyrat Rozyýew çäräni açyp, döwletimiziň oba adamlarynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak baradaky aladasynyň nusgalyk we aýdyňdygyny nygtady. Häzirki wagtda alys künjeklerdäki ilatly ýerler durmuş düzümleriniň döwrebap desgalary bilen gurlup üpjün edilýär, oba çagalary paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň merkezleriniň bilim edaralaryndan binagärligi we enjamlaşdyrylyşy boýunça kem bolmadyk mekdeplerde okaýarlar. Çykyş edenler oba senagat toplumynyň dürli ugurlarynyň işgärleri pudagyň gazananlary barada aýtdylar. Soňra döwlet ulgamynyň oba senagat toplumynyň iň oňat işgärlerine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Hormat hatlary we guramaçylardan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Sylaglara mynasyp bolanlaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň «Parahat» daýhan birleşiginden Ilmyrat Abdylow on gektar meýdanda bugdaý ösdürip ýetişdirýär, şu ýyl ol bugdaý taýýarlamak boýunça meýilnamany 104 göterim ýerine ýetirdi, «Alekseiç» we «Bezostaýa-100» atly rus tohum sortlaryny ulandy. Häzirki wagta eýýäm, güýzlük bugdaýyň ekişini tamamlady. Mundan başga-da, onuň on gektar gowaça meýdany gektardan 36 sentner möçberde garaşylýan hasyllylygy (hasylyň ýygymy dowam edýär) görkezýär. Şeýle hem «Türkmenobahyzmat» önümçilik birleşiginiň Mary welaýat bölüminiň Murgap etrabyndan bolan mehanizatory Şirli Orazow bar. Ol özbek we belarus önümçiligi bolan tehnikalaryň kysymlarynda işläpdir, bu tehnikalar oňaýly dolandyrylyşy, işiniň ygtybarlylygy, hyzmat etmegiň ýönekeýligi bilen tapawutlanýar. Häzir Şirli Orazow telematika bilen üpjün edilen dört tekerli «John Deere» kysymly traktorda zähmet çekýär, bu tehnika modefisirlenen 6175 nusgasyna degişli bolup, rul we düwmeli arkaly dolandyrylmagyny özünde jemleýär. Her ýyl traktor meýdanlarda işledilip, müňlerçe kilometri geçýär.

Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň «Mürzebegalla» daýhan birleşiginden Bahargül Gurbanowa şertnamalaýyn borçnamasynda bellenilen 400 kilograma derek 653 kilogram ýüpek gurçugyny alyp, şertnamalaýyn borçnamasynyň 135 göterim berjaý etdi. Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň «Arkaç» daýhan birleşiginden Annaguly Annagulyýew 100 gektar meýdany kärendesine alyp, ony şeýle paýlady: 64 gektary bugdaý ösdürip ýetişdirmäge, 15 gektary pagta üçin we galan meýdany astrahan garpyzlaryny hem-de waharman we gülaby ugurlaryna degişli gawunlary (şu ýylyň bakja hasyly – ýüz tonna) ösdürip ýetişdirip, bakjaçylyk ekinlerine böldi. Onuň meýdanlary bugdaý babatda gektardan 40 sentner hasyllylyk we pagta çig maly boýunça gektardan 25 sentner hasyllylyk görkezdi. Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň «Magtymguly» daýhan birleşiginiň wekili Annamyrat Bekiýew 25 ýyl bäri däne ekinlerini ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýar, şu oba hojalyk möwsüminde ol on gektar meýdanda bugdaý dänesiniň 42 tonnasyny ösdürip ýetişdirdi, şertnamalaýyn borçnamasy boýunça bellenen wezipäni ol iki esse artyk berjaý etdi. Şeýle hem ol on gektarda pagtaly meýdanlaryna ideg edýär, bu ýerde eýýäm, 27 tonna hasyl ýygnalypdyr. Ýygym dowam edýär, ýöne daşoguzly kärendeçi, eýýäm, hasyllylyk boýunça meýilnamany (gektardan 20 sentner) ýerine ýetirdi. Sylaglananlaryň hatarynda «Aşgabatçörek» önümçilik birleşiginiň süýji-köke we çörek-bulka önümlerini öndürýän kärhanasynyň ýigrimi ýyllyk iş tejribesi bolan çörekçisi Oguljemal Jitdanowa Agrar partiýasynyň agzasydyr. Ýörite tehnikada ol çöregiň otuz görnüşi üçin hamyrlary taýýarlaýar.

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag ekerançylyk institutynyň direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Myratberdi Paşşykow institutda oba hojalyk tehnikalary, miwe-bakjaçylyk, miweçilik we üzümçilik, ösümlikleri we biotehnologiýalary goramak ýaly bölümleriň bäşisiniň işleýändigini, şolarda hünärmenleriň kyrkysynyň, şol sanda ylmy derejeleri bolan abraýly alymlaryň zähmet çekýändigini gürrüň berdi. Olar seçgiçilik, oba hojalyk ekinleriniň tohumlarynyň görnüşlerini öwrenmek bilen meşgullanýarlar. Alymlar has oňat we güýçli önümi almak üçin nusgalary yhlasly saýlaýarlar hem-de çaknyşdyrýarlar.

Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň bölüm müdiri Gurban Nowruzowyň işi hem bellenildi. Bu merkeziň alyp barýan işleri Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda jemlenendir. Bu ýerde öz döwründe ekinleriň iň oňat görnüşleri, ilkinji nobatda, inçe süýümli görnüşleri alyndy we önümçilige tabşyryldy. G.Nowruzow 2021-nji ýylda paýtagtymyzyň şanly senesi mynasybetli «Aşgabat-140» orta süýümli gowaçanyň görnüşini etraplaşdyrylandygyny gürrüň berdi. Ylmy-barlag institutynda 19 sany täze ugurlar iş ýagdaýyndadyr, Murgap etrabynda boşly ýaly, Änew şäherinde-de (Ahal welaýaty) ylmy barlaglary geçirmek üçin takmynan üç gektar ýer her seçgiçiniň ygtyýaryndadyr. Ylmy-barlag institutynyň pagtaçy alymlarynyň 9-sy «Ak altynyň» täze görnüşlerini döretmekde esasy hünärmenler bolup durýar.