Aşgabatda 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda üç görnüşde geçirilen Türkmenistanyň küşt çempionaty tamamlandy.
Bäsleşik ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde geçirildi, onda «Iň güýçli küştçi» adyny almak ugrunda 100-den gowrak ýigitdir gyz bäsleşdi.
Rapidde, ýagny çakgan küştde her göçüm üçin 10 sekunt artdyrmak bilen, her oýunça tutuş oýun üçin 15 minut wagt berilýär, blisde, ýagny ýyldyrym çaltlygyndaky küştde her oýunçynyň ygtyýarynda 3 minut bolýar, her göçüm üçin artdyrylýan wagt bolsa bary-ýogy 2 sekuntdyr.
Oglanlaryň arasynda geçirilen çakgan ýaryşda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Wepaly Halnyýazow ýeňiş gazandy, ol mundan öň nusgawy küştde altyn medala mynasyp bolupdy. Blisde bolsa 8 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda 2016-njy ýylyň dünýä çempiony, rapid ýaryşynda bürünç medal almagy başaran FIDE ussatlygyna kandidat Şageldi Gurbandurdyýew 100% netije bilen ýeňiji boldy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Amanmuhammet Hommadow dürli ugurlar boýunça iki sany bürünç we bir kümüş medal gazandy.
A.Hommadow we W.Halnyýazow üçin geçen ýylyň diýseň üstünlikli bolandygyny ýatladýarys: olar Budapeştde (Wengriýa) geçen 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynda Türkmenistanyň erkekler toparynyň düzüminde «B» kategoriýada kiçi altyn medallary gazanyp, umumy sanawda 188 toparyň arasynda 24-nji orny eýelediler.
Gyzlar bäsleşiginde iň ýokary baýraklar ugrundaky göreş uýalar – 19 ýaşly Läle bilen 18 ýaşly Leýlanyň arasynda bolup geçdi, olar ýaňy ady agzalan Olimpiýa oýunlarynda «C» kategoriýada altyn medal gazanyp, umumy sanawda 169 toparyň arasynda 32-nji orny eýelediler. Nusgawy we çakgan küştde Lälä taý gelen bolmady, Leýla bolsa blisde ýeňiş gazandy. Lebap welaýatynyň beýleki ýaş küştçüleri, ýagny 15 ýaşly Jahan Rejebowa we Mähri Agamyradowa çakgan küştde hem blisde bir kümüş, bir bürünç medala eýe boldular.
Ýapylyş dabarasynda ýeňijilere we baýrak alanlara ýaryşyň hemaýatkärleriniň, şol sanda «Resmi kepil» ätiýaçlandyryş şereketiniň, «Küşt älemi» Küşt akademiýasynyň, «Globus» ýazuw esbaplary dükanynyň we «ALSAT.com.tm» B2B internet-bazaryň adyndan medallar we sowgatlar gowşuryldy.